Düýn SSSR-iň Halk artisti Iosif Kobzonyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasyndaky konserti paýtagtymyzyň medeni durmuşynda ajaýyp waka boldy. Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň ýardam bermeginde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu konsert meşhur artistiň zehinine köp sanly sarpa goýýanlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Adamlardan doly ajaýyp zaldaky tomaşaçylaryň hatarynda Arkalaşygyň sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlary hem bar. Döredijilik agşamynyň dowamynda rus estradasynyň ussadynyň ýerine ýetirmeginde aýdym muşdaklarynyň ählisiniň öňden bäri göwnüni awlaýan, rus saz medeniýetiniň altyn hazynasyna giren, öçmejek ynsan gymmatlyklaryny wasp edýän romanslar, halk aýdymlary we häzirki zaman aýdymlary ýaňlandy. DOWAMY

Köneler, agajanh tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir