Ynha Magtymguly Pyragynyň şeýle wasp eden mukaddes aýy hem ýetip geldi. Bu mübärek aýyň yslam dünýäsinde aýratyn orny bar bolup bu aýda dünýä musulmanlary yslam diniimiziň парзларыныǹ бири bolan oraza tutmak parzyny ýerine ýetirýärler. Remezan aýynyň beýleki aýlardan artykmaçlygy köp bolup olardan käbirini ýatlap geçeliň.
Abu Hureýre (razyallahu anhu) -dan ymam Buharynyň rowaýat eden mübärek hadysynda şeýle diýilýär:
“اذا دخل شهر رمضان فتحت ابواب السماء وغلقت ابواب جهنم و سلسلت الشياطين”
Pygamberimiz Muhammet mustafa sallallohu aleýhi we sellem şeýle diýdiler: “Haçanda remezan aýy girip gelende asmanlaryň gapylary açylýandyr we dowzahyň gapylary gulplanýandyr we şeýtanlar zynjyrbent edip baglanýandyrlar”. Ýagny bu aý Allatagala bendeleriniň günälerini geçip hatalaryny bagyşlap jennete ugrukdyrýan we dowzahdan halas edýän hem-de şeýtanyň waswasasyndan goraýan aýydyr.
Remezanyň aýratynlyklarynyň ýene-de biri bu aýda ýylyň iň mukaddes gijesi bolan “gadyr gijesi” bar bolup bu gije ukudan galyp ybadat eden bendeleriň ybadatlary we dilegleri kabul bolup, Allatagalanyň rahmeti inýän gijedir. Şeýle hem, bu aýda beýleki aýlara has bolmadyk tarawа namazy okalýar we bu namazyň artykmaçlygy barada hem Pygamber aleýhissalamdan köp hadyslar rowaýat edilen.
Bu aýyň hormata sezewar taraplarynyň ýene-de biri bolsa bu aýda mukaddes Kurany Kerimiň inmegidir. Şonuň üçin bu aýda köp kuran tilawet etmeklik, ýagny kuran okamaklyk iň bir sogaply işleriň biri hasaplanýar.
"كان رسول الله صلي الله عليه و سلم اجود الناس و كان اجود ما يكون في رمضان حين يلقاه جبريل و كان يلقاه في كل ليلة من رمضان فيدارسه القرءان فلرسول الله صلي الله عليه و سلم اجود بالخير من الريح المرسلة"
Ibn Abbаsdan ymam Buharynyň rowaýat eden bu hadysynda şeýle diýilýär: “Pygamberimiz sallallohu aleýhi we sellem adamlaryň iň sahawatlysydy, remezan aýynda Jebraýyl perişde bilen duşuşanda bolsa has hem sahawatly (mähriban) bolardy, Jebraýyl perişde remezan aýynyň her bir gijesinde gelip Pygamberimize kuran öwrederdi, Pygamberimiz sallallohu aleýhi we sellem mylaýym şemaldan hem ýakymly sahawat eýesidi”.
Şoňa görä bu aýda köp kuran okamak, tarawa namazynda kuran hatym etmek (ýagny kurany başdan ahyryna çenli okamak) sünnet hasaplanýar.
Ýaşulydyr, ýaşykiçiler bu aýa aýratyn sarpa goýup göwünlerinde niýet eden sadakalarny, agyzaçarlaryny berýärler, metjitlerde tarawa namazlaryna, kuran hatymlaryna gatnaşýarlar. Remezan aýynyň girip gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli şäherdir-etraplaryndaky metjileri baýramçylyk ruhy gurşap alýar. Aýratyn hem bir-biri bilen gujak açyp görüşýän, bir-birini “Oraza aýyň mübärek bolsun” diýip gutlaýan, “namaz orazalaryň kabul bolsun” diýip, dileg edýän ýaşlary görüp guwanmakdan başga çäräň galmaýar. Çünki bu gatnaşyk türkmeniň ata babalaryndan galan mirasy bolan yslam dinimize bolan belent sarpasynyň bu günki türkmen ýaşlarynda hem dowam edýändigini aňladýar. Allajan parahatçylyksöýer halkymyzda bu din diýanatymyzy dowamly etsin. Diniň adyndan wagyz edip ýaşlarymyzyň aňyna her hili bozgunçylykly düşünjeleri alyp girmekçi bolýan ýowuz niýetlilerden Allatagalanyň özi gorap saklasyn. Çünki ýaşlar bu biziň gelejegimiz. Wagt gelip biz nobaty olara tabşyrmagymyz bu durmuşyň kanuny. Şoňa görä ýaşlaryň düşünjesi näçe aýdyň we dury bolsa şonçada halkymyzyň geljegi ýagty bolar we dinimiz sap we arassa saklanar. Pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen halkymyzy we bütin dünýä musulmanlaryny bu mukaddes baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Täzelikler, Ashykaydynpir tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir