Kop ugurly yol ustunde enteler,
Gowunlere mekir-hile gelipdir.
Terezi gujaklan satar bendeler,
Ynamdyr,ynsapdan nola gelipdir.

Dostluk-doganlygyñ caksiz gymmaty,
Kalbyna nur cayyp,bezar ymmaty,
Yowuz yamanlygyñ syr-u-symmaty
Garalykda gara pale gelipdir.

Kim nur alyp goguñ gun-u-ayyndan,
Muñ-de bir razy yeten payyndan.
Dasha gitman kanagatyñ jayyndan,
Gark bolmadan dynyp,sala gelipdir.

Bir doñsa eremez koñul doñlary,
Añsatlykda gitmez tohmet cañlary,
Badak salnan omur ahyrsoñlary
Arman yukli agyr hala gelipdir.

Wepadarlyk galan wagty ayakdan,
Tapawudy bolmaz gury syyakdan.
Zyrrajym dalini ayan tayakdan,
Bimaza gelinler yola gelipdir.

El uran azaldy halal ashyna,
Bukguldili kishi garar dashyna,
Teselli gozleyip gamly bashyna,
Gara Yolly atyz-cile gelipdir.

Gara Yolly

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir