Gaýgysyz Atabaýew 1887-nji ýylda Zakaspiý oblastynyñ Tejen uezdiniñ Mäne obasynda (häzirki Kaka raýonynyñ G.Atabaýew adyndaky kolhozy) daýhan maşgalasynda dodulýar. İr ýetim galýar. İlki mollada sowadyny çykýar. 1903-nji ýylda Tejendäki rus-ýerli mekdebi gutaryp, Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasyna okuwa girýär we 20 ýaşynda ony tamamlaýar. Şol döwürde Gaýgysyz rewolýusion kružoga gatnaşýar. Netijede, ol polisiýa tarapyndan yzarlanýar. 1907-12-nji ýyllarda Gaýgysyz ilki Maryda, soñ Bäherdende rus-ýerli mekdeplerde okadýar. Ýerli ilatyñ wekili bolandygy üçin, ol mugallymçylyk kärinden el çekmeli bolýar. Soñ Maryda bank işgäri bolýar. Oktýabr rewolýusiýasyny G. Atabaýew şatlykly garşy alýar. Sowet häkimiýetini berkitmek ugrunda köp iş bitirýär.
1919-njy ýylyñ ýazynda G. Atabaýew bolşewikler partiýasynyñ hataryna kabul edilýär. Mary uezd Sowetiniñ türkmen seksiýasyna başlyk bellenýär. Uezd azyk komitetine-de ýolbaşçylyk edýär. Mary rewkomynyñ hem-de Zakaspiý frontunyñ musulman seksiýasynyñ çleni, Mary ispolkomynyñ başlygynyñ orunbasary, soñra başlygy, şol ýylyñ noýabryndan indiki ýylyñ iýuly aralygynda Zakaspiý rewkomynyñ başlygynyñ orunbasary, Türküstan ASSR-iniñ ýer işleri halk komissary bolýar. Şu döwürde G. Atabaýew Türküstan frontunyñ komaduýuşisi M. W. Frunze bilen tanyşýar. M. W. Frunze G. Atabaýewiñ başarjañ guramaçydygyna, sowet häkimiýetine berlen bolşewikdigine, barypýatan internasionalistdigine göz ýetirýär. Şonuñ maslahaty bilen G. Atabaýew özüniñ köp taraplaýyn işini Daşkentde dowam etdirýär. G. Atabaýew 1920-nji ýylyñ iýulynda döredilen Türküstan Kompartiýasynyñ wagtlaýyn MK- synyñ sostawyna girizilýär, sentýabrynda Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniñ başlyklygyna we Türküstan Kompariýasynyñ MK-synyñ İspolnitel býurosynyñ çlenligine saýlanýar. Şol bir wagtyñ özünde Fergana frontunyñ Harby rewolýusion Sowetiniñ başlygy bolýar. 1922-nji ýylyñ oktýabrynda G. Atabaýew RSFSR-iñ Milletler işi boýunça Halk komissalygynyñ kollegiýa çlenligine saýlanýar. 1923-nji ýylyñ iýunynda ol Buhara Halk Sowet Respublikasynyñ Nazirler Sowetiniñ, soñra Türkmenistan SSR Rewkomunyñ başlygynyñ orunbasary edilip bellenýär. Türkmenistan SSR Halk Komissarlar Sowetiniñ başlygy wezipesinde
G. Atabaýew galan ömrüni sosializm gurluşygyna bagyşlayar. Respublikanyñ, unuman, Orta Aziýanyñ sosial-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin ol 1935-nji ýylda Lenin ordeni bilen sylaglanýar. 1937-nji ýylyñ tuth-tutlygynyñ pidasy bolan Atabaýaw 1938-nji ýylda atylýar. Bigünädigi anyklanyp, 1956-njy ýylda ol reabiltirilýär.
GAÝGYSYZ ATABAÝEW
-
turkmen-talyp
6 years ago
- Sozializm yasama taglymat we sony ozunem pida etdi.
Gurban93 6 years ago- Unudylmajak gahryman türkmeniň söwer oglydyr Gaýgysyz Atabaýew.