*.O nämedir gyzyl ýùzùñ soldurar?
*.O nämedir du$manyñy gùldùrer?
*.O nämedir tyg çekmezden öldùrer?
$ägirt $uny bilseñ habar ber.

*.Biweç gyzlar gyzyl ýùzùñ soldurar,
*.Nadan ogul du$manyñy gùldùrer,
*.Namys seni tyg çekmezden öldùrer,
Halypa sowala jogap $eýledir.

*.O nämedir ýykylmajak galadyr?
*.O nämedir öz ba$yña beladyr?
*.O nämedir sogap dälde gùnädir?
$ägirt $uny bilseñ habar ber.

*.Dogry söz bir ýykylmajak galadyr,
*.Egri sözùñ öz ba$yña beladyr,
*.Gybat sogap dälde gùnädir,
Halypa sowala jogap $eýledir.

*.O nämedir ýakyny bar ýady ýok?
*.O nämedir tùssesi bar ody ýok?
*.O nämedir jany barda ödi ýok?
$ägirt $uny bilseñ habar ber.

*.Orramsylañ ýakyna bar ýady ýok,
*.Ol tirýekdir,tùssesi bar ody ýok,
*.Sakyrtkanyñ jany barda ödi ýok,
Halypa sowala jogap $eýledir.

*.O nämedir telpegi bar dony ýok?
*.o nämedir ady barda sany ýok?
*.O nämedir sözlerinde many ýok?
$ägirt $uny bilseñ habar ber.

*.Kä ki$iniñ telpegi bar dony ýok,
*.kä ki$iniñ ady barda sany ýok,
*.biakylyñ sözlerinde many ýok,
Halypa sowala jogap $eýledir.

Sorag-jogap, Nowcha90 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir