Maşgala bagty üçin altyn kanunlar. Doç.Dr. Abdulaziz Hatip Är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler. Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar. Tejribeleri netijesinde alymlaryň we psihologlaryň maşgalalaryň batgly durmuşa eýe bolmagy üçin belläp geçen käbir çärelerine göz gezdireliň: 1- Gysga aýralyklar maşgala bagyny güýçlendirip biler. Uzyn aýralyklar bolsa, maşgala üçin ýykylyşa sebäp bolup biler, şol sebäpli, uzyn wagtlygyna aýralyklardan uzak durmak has amatly; 2- Şadyýan durmuş üçin her iki tarap bir-birlerini ruhy we pikir taýdan örän oňat bilmeli, duýgy, ynanç, ahlak we häsiýetleri taýdan çuňňur tanamalydyr. Diňe şeýle ýagdaýda maşgalany bozup biljek säwliklerden goranyp bileris; 3- Hiçbir özara düşünişmezligiň uzyn dowam etmegine rugsat bermeli däl . Iň gysga wagtda hoşamaýlyk bilen meseläni çözmeli we taraplar ylalaşmalydyr; 4- Öňki sözlüsi ýa-da ýanýoldaşy-bulardan haýsydyr biri bolsun, tapawudy ýok, olar bilen bolan tejribedir wakalardan hiç-hili söz etmeli däl; 5- Aşa idealist (özdiýenli, hakykatçyl, gözi beýiklerde we ş.m.) bolmaly däl, adaty ýaşamaly we ýoldaşyňdan mugjyzalara (adatdan daşary başarnyk we ýagdaýlar) garaşmaly däl; 6- Är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler; 7- Gynanja boýun egmezlige gaýrat etmeli, durmuşa hemişe umyt bilen seredip, güler yüzli boluň; 8- Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar; 9- Özara başlan gohdur galmagaly ilki bada çykanja ýerinde we sebäbinde saklamaga çalyşmaly, şol mowzuga öňden galan başga-da meseleleri goşup, ýagdaýy has hem giňişletmäň! Düşünişmezligi öz elinizde(kontrol) tutuň, çyzykdan çykmagyna rugsat bermäň; 10- Ýersiz we çeşme taýdan takyk bolmadyk gysgançlyk, gaýgy we şübheleriň ýykyjy täsirleri bardyr, zannyňa(çak) we aýdylanlara(gyýbat) görä hereket etmäň; 11- Ýanýoldaşyňa hem özüňe, hem-de özüne guwanmagyny ünde. Oňa guwanýanlygyny görkez; 12- Bagtly bolmak üçin, oňat biri bilen durmuş gurmagyň ýeterlik däldir, özüňiziň hem mynasyp ýanýoldaş bolmagyňyz gereklidir; 13- Tämizlik imanyň ýarysy we mydamalyk söýginiň iň gerekli şetlerinden biridir; 14- Durmuşdaky ýoldaşyň bilen bagtly bir durmuş yaşamak üçin, özüňden bir parça halyna gelen käbir endikleriňizden yüz öwürmeli bolup bilersiňiz; 15- Öz göwnüň üçin isleýan oňat zatlaryňy ýoldaşyň üçin hem isle, özüň üçin edýän aladalaryňy onuň üçin hem et; 16- Almagy bilşiň ýaly, bermegi hem bil. Hemişe öz bereniňden köp mukdarda ýa-da hiç-hili bermän almaga synanyşmaň, özdiýenli(egoist) bolmaň; 17- Her erkek öz aýalynyň hemme ýagdaýlarda öz elinden geleniniň iň oňadyny eden, gyzgyn söýgüsi we hoşamaýlygy bilen özüni razy eden ideal(iň oňat) ýanýoldaş bolmagyny islär; her bir zenan maşgala-da öz äriniň doly ýýagdaýda ynamdar we güýçli häsiýetlere eýe, her-hili mätäçliklerine razy etjek ýagdaýda çäreler tapan biri bolmagyny islär. Her iki tarap hem bu iň oňat ýagdaýa görä hereket etmek üçin gaýrat görkezmelidirler; 18- Durmuşda hemişe bolýan säwlikdir kynçylyklarda derrew ýanýoldaşyňy günäkärleme, ýagdaýa ynsaply serediň; 19- Diňe bugüniňizi ýaşaň, geçen günlerde bolan gynançly wakalary we entäk gelmedik geljekki gaýgylary bugüne getirmäň! Mümkinçilikleriň serhedini geçmän ýaşajak boluň; 20- Nika kanunynyň örän mukaddes bir bag we Allaha berlen bir sözdügini bil! Bu babatda geljekde puşman etjek bir ädimi ätmäkaňiz müň gezek pikir ediň! 21- Maşgala ýagdaýy üçin yşk we söýgi möhüm bomak bilen birlikde, maşgalanyň diňe bu ýagdaý bilen aýakda galjagyny pikir etmäň! Ryzyk, terbiýe, ynanç, ynam, her-hili goldaw we ş.m. başga-da birnäçe ýagdaýlaryň hem wajyplygyny ýatdan çykarmaň; 22- Ýanýoldaşyňyza hemişe görelde boljak häsiýetleri görkeziň, oňat adamkärçiligiňizi diňe bir diliň bilen däl, eýsem-de bolsa, özüňizi alyp barşyňyz bilen hem görkeziň; 23- Biderek ýere goňşydyr garyndaşlaryňyzyň araňyza girmeklerine pursat we rugsat bermäň, mümkin boldugysaýyn, maşgala içindäki hoş bolmadyk ýagdaýlary öz araňyzda çözüň; 24- Ýanýoldaşynyzda säwlik hökmünde görýän käbir zatlaryňyzy derrew düzetmäge synanyşmaň, üýtgemegi üçin belli bir wagta mätäç bolunýan häsiýetler bolup biler. Kiçijek säwlikleri bolsa ulaltmaň; 25- Maşgala jogapkärçiliklerini we yüküni göwün hoşlugy bilen kabul ediň we doly ynanç bilen öz üstüňize alyň; 26- Özara düşünişmezlik we goh-galmagaldan mümkin boldugyça uzak duruň; 27- Geljekde örän şat ýatlamalara we öz araňyzdaky bagyň has güýçlenmegine sebäp boljagy üçin, ýanýoldaşynyz bilen bile işler etmäge wagt aýryň; 28- Ýanýoldaşynyza özüni iň oňat ýagdaýýda beýan etme we dürli oňat ukyplaryny ösdürme pursadyny beriň! Hiç bir wagt oňa ýaňsylaýjy sözler aýtmaň; Zenan maşgalalara degişli ýagdaýlar: Gurhanda:”Ýatladyň! Ýatlatmak mömine peýda berer!” (Zariýat, 51/55) diýilýär. 29- Maddy ýagdaý boýunça hormat goýulmaly we bu asla unudylmaly däl, sebäbi düşünişmezlikleriň esasy sebäplerinden biri hem şu ýagdaý; 30- Mümkin bolsa daşky kynçylyklardyr gaýgyňyza ýanýoldaşynyzy goşmaň, özüňiz çäre tapmaga çalyşyň, yöne begençleriňizi onuň bilen paýlaşmagy hijem ýatdan çykarmaň; 31- Maslahatlaşmak maşgala durmuşynda möhüm esasdyr. Her iki tarap hem maşgala durmuşynda özüni jogapkär hasaplap, bu babatda özüniň bir kenara taşlananlygy ýaly pikirdir ýagdaýlardan uzak durmaly; 32- Maşgala durmuşynda bagtly bolmak diýmek, öýde hiç-hili kyn ýýagdaýlar bilen yüzbe-yüz bolmazlyk däl, eýsem-de bolsa, duş gelen kynçylyklaryň hötdesinden gelmek, düşünişmezlikleri çykan ýerinde çäkli tutup bilmek we ýanýoldaşyňyz bilen bagyňyza erbet täsir etmegine pursat bermezligie baglydyr; 33- Kynçylyklardan gaçmak, aýratynam, öýi terketmek hiç-hili çäre däl! Iň amatlysy dury bir huş bilen pikirlenip, kynçylygyň çözgüdine derrew başlaň; 34- Düşünişmezlik çykanda, ýanýoldaşyňyzyň oňat taraplaryny we gözel ahlagyny hem ýatlamaga synanyşyň, halamaýan taraplaryň onuň ähli oňat häsiýetlerini örtmegine pursat bermäň; 35- “Gylyç ýarasy geçer, ýöne dil ýarasy geçmez!” Maşgala taýdan düşünişmezlik çykannda, ynjydýan sözlerden gaça duruň, ýogsam kiçijek bir mesele sebäpli, ýanýoldaşyňyzyň söýgi we höwesini dolulygyna ýitirip bilersiňiz; 36- “Namysym”, “güýjim” ýaly sözler şeýtanyň köplenç duzak hökmünde ulanýan sözleridir. Düşünişmezlik çykan ýagdaýynda, şeýtan bulary ulanyp, öz ýalňyşyňyzy gowy görkezer we ýaraşma ýoluny ýapmaga synanyşar, şol sebapli-de şol ýagday we sözlerden uzak duruň; 37- Çagalaryňyzyň ýanynda ýanýoldaşyňyzyň bilen özara düşünişmezliklerden we sesiňizi beýgeltmekden uzak duruň, sebäbi çagalar terbiýe taýdan öz ene-atalaryny görelde alyp ulalarlar. Şeýle erbet ýagdaýlar geljekde çagalaryňyzyň hem ulanyp biljegi çäre halyna geler we erbet täsirini görkezer; 38- Zenan maşgala ýanýoldaşynyň goş birikdirmage örän amatly biridigin, onuň üçin guwanç duýýanlygyny bildirmeli; 39- Özara sowgat alyň, çünki söýginiziň artmagyna sebäp bolar. Şatlyga we bagta sebäp boljak bu ýagdaýy adat halyna getiriň; 40- Akylly zenan maşgala, gerek özi üçin, gerek bolsa-da çagalary üçin gerekli ätiýaçdyr isleglerini bildirmek hem-de ýanýoldaşynda bar bolan erbet häsiýetdir ýagdaýlary düzetmek üçin iň oňat pursat we iň oňaýly wagta garaşar. Kämahal oňaýlydyr öýden wagtyňyz, aslynda, bolman biler. Oňat pikirlenilmelidir; 41- Özüňize degişli bolmadyk meselelerde ýanýoldaşyňyza sorag sorap bizar etmäň! Size açmak islemeýän syrlaryny erjellik bilen öwrenjek bolmaň; 42- Öýde bir gyra çekilip, ýeke özüňiz oturmagy endik halyna getirmäň! Mümkin boldugyça ýoldaşyňyz bilen hemdem boluň, gepleşiň; 43- Işleýän bir zenan esasy jogapkärçilikli wezipesiniň öz öýüligini ýatdan çykarmaly däldir. Öýüniň we iş ýeriniň işlerini bir-birinden aýry tutmalydygy bilinmelidir; 44- Ýanýoldaşynyň garyndaşlary gezmäge gelende, hoşnut dälligini görkezmeli däl, tersine olary örän oňat garşy alyp, oňat myhmandarlyk etmekde säwlik görkezilmeli däldir; 45- Aýratyn ýagdaýda gaýyn eneňe hormat ediň, oňa maşgala däp-dessurlaryna görä iň oňat ýagdaýda ýüzleniň! Onuň bilen düşünişmezlige girmäň! Geljekde öz gelniňiziň size özüni nähili alyp barmagyny isleýän bolsaňyz, onda oňa-da özüňizi şeýle alyp baryň; 46- Pygamberimiz goňşy hakyna:”Özi dok bolup, goňşusy aç bolan bizden däldir!” diýmek bilen örän ähmiýet beripdi. Goňşularyňyza kömek etmek, begenç we gynançlaryna goşulmak, olara özüňizi gowy alyp barmak dinimiziň buýrugydyr; 47- Hemişe pikir aýralygy wagtyň geçmegi bilen köňül aýraalygyna sebäp bolup biler, şol sebäpli, kämahal razylaşmasaňyz hem ýanýoldaşyňyzyň pikirlerine goşulyň, elbetde, edilen iş Allaha garşy gelýän hilden bolmazlyk şerti bilen; 48- Öýde ýanýoldaşyňyzyň mätäç bolan ümsümlik ýagdaýyny çagalaryňyzy zehinlerini ösdüriji oýunjaklar bilen güýmäp, kömek edip bilersiňiz; 49- Çagalar bu dünyäde Allanyň ynsanlara beren iň uly nygmatlaryndan biridir. Olara üns bermän, oňat terbiýe etmän ya-da haysydyr bir başga zada has köp ähmiýet berip, olar üçin az alada etmek bilen bu nygmaty özüňiz üçin azap halyna getirmäň; 50- Çagalar seretmek we olary terbiýe etmek babatda gerekli we ýeterlik sagdyn hem-de takyk bilimdir maglumatlara eýe bolmaly, şeýlelik bilen olara nirede we haçan näme etmelidigiňizi oňat bilersiňiz. Munyň netijesinde bolsa, hem ruhy hem-de beden taýdan örän sagdyn çagalar ýetişerler; 51- Ahyret işlerinde her iki tarap bir-birine kömek etmelidir. Dünýäni isleýşiňiz we oňa ähmiýet berişiňiz ýaly, ahyreti-de isläp, oňa gerekli bolan ähmiýeti görkeziň; 52- Pul sowmaklykda isrip maşgala bagtynyň bozulmagyna sebäp bolar. Allanyň nygmatyny ýok eder. Allah isrip edenleri söýmez. Bu babatda seresap we tygşytly boluň, şeýlelik bilen garyplyk ýüzi hem görmersiňiz; 53- Oňat niýet we duýgydaşlyk bahanasy bilen hem bolsa, tanyşlaryňyzyň siziň hususy durmuşyňyza goşulmagyna rugsat bermäň; 54- Öýňüziň syrlaryny ne dostuňlaryza, ne-de garyndaşlaryňyza aýtmaň! Çeşme: www.ailem.com.tr (san:12 Gorkut aýy, 2004)
Maşgala bagty üçin altyn kanunlar.
-
cendrillon
16 years ago
- chyndanam, altyn kanunlar...
ata,yazgyn uchin sag bol,gaty gyzykly ekeni;
okap oz yalnyshlyklarymy gordum,duzetmage chalshayin;
-
Achilles
16 years ago
- ay hemmesini okayanchanam esli wagt gerek lay munun...
PS:cendrillon,,, baryp bagyshla bilmandirin diyip bildinmi yoldashyna???
-
shahyr
16 years ago
- ata aga ýazan elleriňiz dert görmesin, uly hyzmat etdigiňizdir. Gaty peýdaly maslahatlar.
-
cendrillon
16 years ago
- achilles,bagyshla diymedim,yone chenden asha talap etyan bolmagym mumkin,sholary azaltjak...
-
ata
16 years ago
- shahyr we cendrillon, men hem minnetdar, sag bolun!
Bir wagtlar peydasy bolar diyip terjime edipdim, hatda, onem goyupdym, yene-de goyayin, belki, geljekde okanlara az hem bolsas peydasy deger diyen umyt bn goydum!
Ensallah, bolar hem!
-
ata
16 years ago
- batyrgyz, 6 yil asha kop bolyar, yene-de yarashyp bileje yashayanlaryna shukur etmek gerek welin, oylenmezden onki soygi bashga, mashgala bolup yashamak has bashga, shol sebapli, oylenenlerin ayry galmagy ucin umumy yagdayda in kop 3-4 aya rugsat berilyar. Ynsan tebigaty shol wagt aralygy ucin onayly bolmaly diymek.
elbetde, barde we tc-de has kop aralyklar bn ayry galyanlary hem gordum cydap yoren, yone yene gowy dal-da!
-
ata
16 years ago
- goňşy mowzukda ýaňzydypdym bir ýagdaý barada, ýagny, "öýlenmek üçin şu şertlere esewan boluň!" diýip, öňki sahypada aýratyn mowzuk açypdym, onam täze mowzuk açmanjyk bärik goýaýyn gaýtadan, ynha:
Oylenjek yashlaryn dykgatyna!
Her yash yetginjek birnace hiyala batyp oylenmek islar. Kabirleri oz gozleyan bagtyna gowushar, kabirleri welin dal. Oylenenim gowy bolupdyr! diyenlerem bar, Nireden oylenayipdirin!?(=Oylenip bala batan yok) diyyanem. Eger durmush gurjak bolsanyz, onda shu yagdaylara uns berin:
1- Ozunizi onat tanan!
2- Ruhy taydan tayyarlykly bolun!
3- Maddy taydan tayyarlykly bolun!
4- Bilim we okuwynyzy gutaryn!
5- Hakykatcyl bolun!
6- Uytgederin diyip pikir etman!
7- Ynanjynyza gora secin!
8- Hasiyet we ahlaga uns berin!
9- Soygi zerur!
10- Mashgalanyzyn pikiri hem zerur!
Ynha, shu zatlara oran uns berin, munyn dashyndan gulluk we sh.m. zatlar hem tasir edyar.
-
ata
16 years ago
- herrntas, sen bu ýazgylaryňy bärik goýmaly däl ekeniň!
Bärde maşgala bagty we maşgala gurmak barada käbir şertler ýazylan, senem maşgala degişli ýazgy ýazaýmaly ekeniň!
Kompýuter, goragçy programma we ş.m. ýazjak bolsaň, onda şu linke bas!
Ýokardaky ýazgylaryňy hem şol ýere kopiýalap geçirip bilersiň!
Seret, ýokarda sag tarapda "tap" diýip boşluk bar, google-dan şu sahypadaky mowzuklary gözledýän. Şony ulanyp, degişli mowzuklarda ýazyber!
-
ata
16 years ago
- neyse, Hernntas abi, cok onemli degil. ben sadece sitenin kurallar geregi bazi hatirlatmalarda bulundum.
Bu da gecer :)
Insallah, kisa zamanda alisip, Turkmence de yazmaya baslarsiniz diye umit ve dua ediyorum!
selam ve hurmet ile!
-
ata
16 years ago
- baý, tüweleme, bärdäki gereksiz we degişli bolmadyk ýazgylary aýraýypdyrlar jogapkärler, "burnup ýaşaryp gitdi" :p
Minnetdar, jogapkärler!
Men başga bir zat ýazmak üçin gelipdim-le, aşakda ýazaýaýyn ony:)
-
ata
16 years ago
- "çagaly öý bazar, çagasyz öý mazar" diýip mowzuk açypdym. Bärde hem şol ýagdaý görünýär diýseň boljak. Iňlisleň çagasy bolman, mähirlerini satyn alan güjügine, pişigine, syçanyna we ş.m. berip ýörenleri haýsy, içi gysyp, pub, disko, bar we ş.m. ýerlere gidip, iýip, içip we masgara bolşup ýörenleri haýsy...
Başga bir ýagdaý bolsa, çagalary bolanlaram ezýet çekýän eken-laý. Çagalary bir ýere myhmançylyga gitse, ýa awtobusda ýola çyksa we ş.m. şonda çaga aglaýsa ene-atasynyň dat gününe eken-laý, eýýäm gorkup başladym :)
Ýöne ýene çaga çaga bolýar. Şeýle näzenin. Gyzlaram/zenanlaram näzik bolýarlar, onsoň şol ikisi düşünişip, köşeş(dir)äýmeseler, erkeklere-ä doňňara daş ýaly boluşup ýör;er bu babatda :)
Degişme bir ýana weln, maşgala bagty üçin çaga wajyp!" diýýän men-ä!
-
ata
15 years ago
- öňem ýazan bolmagym mümkin, ýöne "gowuny gaýtalamak gowudyr" şygary boýunça, ýene bir gezek hem blsa ýazmakçy:
Ilki bilen-ä, halkyň iň kiçi guramasy maşgaladyr, olam öz agzalaryndan ybarat bolýar. Şu gurama örän oňat ýagdaýda dini, ahlaky we döwletiň resmi kanunlara tabyn bolup, şoňa laýyklykda-da amal etse hem-de beýleki maşgalalara görelde bolaýjak bir durmuş ýaşasa, maşgala içi agzalalyk emele gelmez diýip pikir edýärin.
Onuň daşyndan, maşgalanyň bagtly bolmagy üçin iň wajyp ýagdaýlardan biri hem şol maşgalanyň esasy agzalary bolan erkek we onuň ýanýoldaşy bolan zenana baglymyka diýýän hemme(dini, ahlak-terbiýe, kanunlar, ryzyk we ş.m.) taraplaýyn. Ynha, şul ikisiniň düşünişip, maslahatlaşyp we durmuşdaky wajyp meseleleri bileleşip amala aşyrmalary netijesinde hem maşgala atly gurama başarnykly bolar pikirimçe. Bu ýagdaý üçin hem wajyp bir ýagdaý:
Eger olardan haýsydyr biri gaharly bolsa ýa-da biri has gaharly bolsa, onda az gaharly bolan kän gaýtawul bermän, ýanýoldaşyny diňlemeli. "Gahar-gazap şeýtandandyr" hadysy boýunça, gaharlanan biriniň akylly zat etmegi örän kyn bolýar, sebäbi, "gahar bilen ýerinden turan, zyýan bilen ýerine oturar" diýleni bolup bilýär köplenç şeýle halatlarda. Iň azyndan gahary geçýänçä, ýanýoldaşyna bu babatd goldaw bermeli, gaňryşyna gitmeli däl, ýagny, "ýanyp duran oduň üstüne suw ýerine salýarka sepmeli däl"mikä diýýän. Onuň gahary ýatyşansoň, oňat bir dil bn ýagdaýy bildiräýen ýagdaýyňda, öz säwliine düşünip, ýerlikli ötünç soramak hem beýikligiň alamaty, ynha, şu ýagdaý bolarmyka diýýän netijeseinde.
Şu zatlar hem hakydama gelýär kämahal bu babatda tejribelileriň beren maslhatlary arkaly.
a.b: Ýaş ýetdi-dä - düşünäýiň :)))
-
ata
15 years ago
- beh, ýene goýy gara gitdi
test1
test2
däliň 1000 gepi telek, 1 gepi gerek bold-aýt bu :)
-
ata
15 years ago
- ýene türkmen zenany, maşgalanyň we däp-dessurymyzyň, aýratynam, olar tarapyndan goralyp, saklanyp gelýäni barada bir ýazgy"
"TM medeniyetini we dap-dessuryny dowam etdirmek jogapkarligi dine oglanlara dushenok, asyl gyzlara we ejelere dushyar, kaka-da. Sebabi, shu wagta denic cagalara asyl we kop mukdarda terbiyani kim beryar, elbetde, ejeler, shol sebapli, ejeleri gul yaly saklamak we olary doly her taraplayin upjun edip durmagam kakalara degishli, ikisi yerinde bolsa,, onda caga sagdyn ulalar we terbiye alar, Turkmen dap-dessurlarymyz hem shol yagdayda dowam edip bekar, beydip yash gyzlaryn arak icmegi we gyshyk gezmegi hem bolmaz!
Shol sebapden, esasy zat mashgalada cozulyar, ejelere hormat goymaly, geljekki eje boljak gyzlara-da! Birem, biz bir musulman halk, nace ynanjymyzy osdurip, Yslamda beygelsek, shonca-da dap-dessurymyzy hem beygelderis, muna taryh shayat. Bayramalyda bir yerde mazarlary bolan we shol ikisinin shol yerlere cenli gelmeklerine sebap bolan Pygambere yuzmunlerce salam bolsun we dileg edilsin! Galyberse-de, bu babatda Pygamberimiz in yokary medeniyet we her iki alemde bagt ucin 2 zady bize miras goyupdyr, biri Gurhan we beylekisi Onun hadysdyr sunnetleri. Her iki älem üçin bagt sholarda, öňem sheyle bolushy yaly! (Goşmaça: Zyýanly milliýetçilikde däl!)
Alla shony bize nesip etsin!
-
merdanmr
15 years ago
- Bäh, gowja maglumatlar bar ekeni!
Ýaňy Gaplaň-yň açan Ynsan sypaty bilen däl-de, imany bilen owadandyr mowzugynda Ruhnamadan käbir zatlar geçirip otyrkam, maşgala degişli hem maglumatlara gabat geldim, gözletsem bäri çykdy, men hem şu ýere goýaýyn diýdim Ruhnamanyň 1-nji kitabyndan degişli maglumatlary:
"Ol edep-kadalar şulardan ybarat:
1. Ulyny sylamak,
2. Kiçini söýmek,
”Ulyny sylamasaň, kiçini söýmeseň adamçylyk ýiter. Birehimlik başlanar” diýip, Nuh pygamber sargaýardy.
3. Ata-enäni arzylamak.
O1 şunda çagalara: ”Ata-eneňiziň ýüzüne garap sözlemäň, gyňralmaň. Buýran işini hökman ýerine ýetiriň! ” diýip, hoşamaýlyk etdi, Çaga bolsa bu zatlara derrew werdiş bolup gidýär.
4. Arassa hem ykjam geýinmek (Daşky biçim).”Geýim adamy bezeýär, göze mährem görkezýär, Özüňize gelişýän eşikleri geýniň” diýip, Nuh pygamber tabşyrýardy.
5. Öýde öz gazanan, der saçan zadyňy saklamak. ”Kişi zadyny göterme hem öýuňe getirme, öz hasabyňa geçirme”! diýip, Nuh pygamber sargaýardy. ”Öý, ojak - zyýarathana” diýýärdi.
6. Öýüň bezegi, ýerli-ýerindeligi, göze gelimliligi, arassalylygy.
”Öýüň her bir zady göwnüňi götermelidir, keýpiňi çag etmelidir, ýaşaýşa söýgi döretmelidir” diýip, Nuh pygamber tekrarlaýardy. ”Öýüň hapa bolsa, özüň üflis, hapa-hasy bolarsyň” diýýärdi.
7. Öýüňi, öýüň içindäkileri, öýüň daşyny-goňşularyňy, golaýlaryňy, syrgynyňy goramak.
”Goňşy - syrgynlaryňyzy ilki bilen jan-dilden goraň. Sebäbi ýagy goňşyňy çapsa, seniň öýüňi-de çapar” diýip, Nuh pygamber sargaýardy.
8. Ruhubelentlik.
‘Ruhuňyz belent bolsun. Şadyỳan boluň. Ruhubelentlik ömrüňize nur-many çaỳar, kyn işiňiz aňsat eder’ diỳip, Nuh alaỳhyssalam öwredỳärdi.
9. Gyz-gelin bezegi.
”Gyz-gelinleriňize zümerret daşlary gysganmaň. Nirede bar bolsa tapyp getirip beriň. Gyz-gelniň göwnüni ýykan türk iman (türkmen) däldir. Ejiz, naçar göwni näzikdir. Olary näzik saklajak bolsaňyz göwnüne ýetiň. Bezeg daşyny boýnuna, arkasyna, döşüne dakyň, ýöne ýuzüne degmäň, ýüzüň özi müň zümerretden zyýatdyr. Beýik Taňrynyň ýürekdäki mähir-nury ýüzde jemlenendir, dünýäni çyraglan-dyrýandyr. Şonda olar has owadan görner, näzik bolar, göwnüňizi açar, ruh berer” diýip, Nuh pygamber wesýet edýärdi. ”Öýüň bezegi, ýakym-ýaraşygy gyz-gelindir. Bägül bagda gowy, gelin-gyz – öýde” diýip,
pygamber gaýtalaýardy.
Mundan hem gaýry Nuh pygamber:
”Ojaklaryňyzyň alawuny öçürmäň. Ojak öçse, ömür öçer Ot – ýaşaýyşdyr. Ot bilen dertler dep edilýär, elhençlikler gorkuzylýar” diýýärdi.
Müňýyllyklaryň dowamynda türkmenler dinini, dilini, milletiniň arassalygyny saklap, özboluşly däbini, päkize, halal milli gylyk-häsiýetlerini döretdiler. O1 köp taraply oňaýly özgerişler halkyň ruhunyň belentliginiň netijesidir. Her bir türkmen ruhy belent bolup, XVÜ asyra çenli öz ykbalyny – milletiň, döwletiň, jemgyýetiň, maşgalanyň agzybirligi, zähmeti, halallygy, ar-namysy, utanjy, mertligi, çydamlylygy bilen kesgitläpdir.
Taryha göz aýlasaň, soňky 300 ýylyň içinde türkmenleriň sypaty biraz üýtgedi, gudraty, abraýy pese düşdi, agzy alardy, türkmen milletim – goňşy milletler bilen, tire-tire bilen, taýpa-taýpa bilen oňuşman, özara gandöküşikli söweşler etdiler, milletimiziň her bir raýaty biri-birine ynanmady, dogan-dogana, ata-ogla, kowum-garyndaşlar agzy ala bolup, bir-birine müňkürlik edip, öz-özlerine ynamsyz ýaşadylar. Men söwet döwründe ýaşap, ýaşlykdan türkmen halkymyzyň göwnüçökgünligini, ruhy pesligini, adalata ynamynyň ýokdugyny gördüm-duýdum, ol durmuşa-ýaşaýşyna akyl ýetirmekden mahrumdy, il arasynda pikir bardy: ”Gün güýçlüniňki, gowurga dişliniňki”, näme etseňem baýamarsyň diýlerdi.
Näme üçin türkmeniň ykbaly soňky üç asyr agyr boldy? Bütewi döwleti dargady, tireler biri-biri bilen söweşdi, millet hökmünde aslyny ýitirdi, dinini galapyn terk etdi, dilini ýoýdy, müňýyllyklarda kämilleşdirilen atyny, halysyny, lybasyny, şaýyny, däbini ýitirere geldi... Älemde hiç zat tötänleýin bolanok, emeli ýa-da tebigy heläkçilik bir döwlete ýa-da millete gelende onuň sebäbi bolmaly.
Goý, her bir türkmen, şol soraga oýlanyp, pikir edip, elini ýüreginiň üstünde goýup, özüne, şu gün beýik Allanyň öňünde jogap bersin!
Beýik Allanyň emri bilen, üçünji müňýyllygyň öňü syrasynda 1991-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyz döwlet boldy. Emma ol ilki-ilkiler kagyz ýüzündedi. Ösen jemgyýet, iş dolandyrýan edaralar, milli garaşsyzlyk barada aňyýet, özüni öz önümleri, harytlary bilen ekleýän ykdysadyýet, dünýä döwletleri bilen arkalaşykly gatnaşar ýaly milli syýasat ýaňy döräp başlady. Iň kyn ýeri, adamlaryň aňy, oý-pikiri garaşsyzlyga, onuň milli bähbitlerine düşünip ýetişmeýärdi, her kim öz ykbalyny garaşsyzlyk bilen baglanyşdyryp bilmeýärdi.
Garaşsyz milli döwlet gurluşyň, milli syýasatyň, halkyň göwnünden turýan milli aňyýetiň, milli ykdysadyýetiň, milli medeniýetiň, milli goşunyň bolmasa, doly garaşsyz döwlet bolup bolanok. Olary amala aşyrmak üçin wagt gerek, pesinden 10-20 ýyl. Ilki bilen, adamlaryň aňy, ruhy üýtgemeli. Her bir türkmen milletiniň taryhy ykbalyna, milli döwletine, jemgyýetine, onuň bütewiligine, agzybirligine jogapkärdir, Her bir türkmen milletiniň taryhy geçen ýoluny, şu günki döwrüni, deňeşdirmäni başarmalydyr, türkmeniň geljegini bilmelidir. Türkmen milletiniň bähbidi, her bir türkmeniň bähbidine baglydyr.
Beýik Taňry bize ümmülmez ýer-suw beripdir, ýerasty, ýerüsti baýlyk beripdir, akyl-paýhasly özüni ölçäp, özüne baha berip bilýän halkymyzy döredipdir, ynha indi hem Garaşsyz Türkmenistan döwletini berdi.
Türkmen, ruhuňy belent tut, eden işiňi halal et baýa, baýat ýurduňy! Türkmeni türkmen etjek türkmendir!"
Kän aslynda welin, gerek bolsa, soň goýaryn-da!
Sizem basyberiň :D
-
cicek2
15 years ago
- ata aga shu yokarda oylenmek barada yazypsynyza shonda
ynanjynyza gora secin diyipsiniza ana shol kurallan bashynda 1.duryan bolaymasyn demi?
:P
-
cicek2
15 years ago
- men bir kitapdan notlar alypdym hazir gayayin ok!:
*'insan ihtiyacini en fazla tatmin eden,kalbine karshilik bir kalbin bulunmasy'
(bediu...)
*'bir insan gercek mutluluga,eshi ve cocugu ile aile hayatinda ulashir'
(turkan shoray)
*'hayatimda en mutlu gunlerim,kocamla oldugum zaman gecdi.cunku hakiki bir shefkate ve yakinliga kavushtum.hayatta her sheyi elde etdim.ama anne olamadim.annelik dunyanin erishilmez bir zenginligidir'
(safiye ayla)
*'shohrat bana mutluluk getirmedi.ancak evlenince,evimin hanimi olunca mutlu olabildim'(muhterem nur)
*'bir evin guzelligi-uyumdur
bir evin tadi-bagliliktir
bir evin sevinci-sevgidir
bir evin zenginligi-cocuklardir
bir evin huzuru-huzur bulan konullerdir'
(henry taylor)
neyse devamyny sonra yazaryn ok!
hazir nahar bishirmeli ok!
hepinizi saygylarymla bye!ok!:P
-
gulci
15 years ago
- ata aga gaty gowy manyly yazylypdyr!!!ejemede okap berdim temany...
-
menbet
12 years ago
- shu wagt telin zaryady az 1,2 min galdy, bosh wagt tapyp okaryn.
Batyrgyz 16 years ago
chyn soygi bolsa onda men tanyshlarym yaly 6 yylam ayralykda gechirerler :)
Men dostum, meselem, 6 yyl ayaly bilen ayralykda yashap yorendi, yone yakynda yarashdylar :-)))))))))) indi bileje...