опубликованно 28.02.2018 // 719 - просмотров
Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini möhüm meseleleriň biri hökmünde jar edýän milli Liderimiz sportuň atçylyk, welosiped we awtomobil sporty, ylgaw, tennis hem-de beýleki dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen hem ýaşlara nusga bolýar. Öz döwlet işleriniň köpdügine garamazdan, hormatly Prezidentimiz her gün ýokary ussatlygy görkezip, beden maşklary we sport bilen meşgullanmaga wagt tapýar. Milli Liderimiz yzygiderli türgenleşigiň adamy diňe beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, eýsem, onda güýçli erkliligi, düzgün-nyzamlylygy, zähmete söýgini we maksadaokgunlylygy terbiýeleýändigini belleýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmekde görkezýän ýadawsyz nusgalyk işi netijesinde ýurdumyzda uzak möhletleýin geljege niýetlenen döwlet maksatnamasyna guramaçylykly häsiýet berlendir. Bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlary birleşdirýän we Watanymyzyň yzygiderli rowaçlanmagyna ýardam edýän milli taglyma hem-de kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamda öňe sürýän başlangyçlary türkmenistanlylarda biragyzdan gyzgyn goldaw tapýar, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär.
Ynha, ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrylan bu ýyl hem ylgaw ýaryşyny, welosipedli ýörişi we “Amul — Hazar 2018” atly halkara awtorallisini özünde jemleýän iri çärä beslendi. Ozal habar berlişi ýaly, milli Liderimiz 26-njy fewralda Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäherinden başlangyç alan köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Bu ýaryşlaryň ugrunyň häzirki wagtda täze hil derejesinde dikeldilýän, ýüregi Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän meşhur gadymy ýol boýunça geçýändiginiň özboluşly alamaty bardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgeleri, adamlarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak endiklerini kemala getirmek, şeýlelikde, saglygy we ruhubelentligi berkitmek ählihalk wezipesidir. Milletiň, häzirki we geljekki nesilleriň beden we ruhy sagdynlygy baradaky alada Watanymyzyň geljegine gönükdirilen möhüm maýa goýumydyr. Şundan görnüşi ýaly, şahsyýetiň sazlaşykly ösüşiniň, onuň beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň toplumlaýyn ulgamyny kemala getirmek Türkmenistanda ileri tutulýan döwlet syýasatydyr.
Adamyň sagdynlygyna we özüni duýşuna zyýanly täsir edýän ýaramaz endikleri, hususan-da, temmäki çekmekligiň zelelini düşündirmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli aň-bilim işi hem bu öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda her ýylyň 31-nji maýynda temmäkä garşy Bütindünýä güni bellenilýär, oňa gabatlanyp, birnäçe çäreleriň geçirilmegi däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň temmäkä garşy göreş boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Çarçuwaly konwensiýasyna goşulandygyny, şeýle hem milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreleri geçirendigini ýatladýarys.
Biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändigine bu ugurda gazanylan anyk netijeler hem şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport türkmenistanlylaryň arasynda barha köp meşhurlyga eýe bolýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, raýatlaryň köp sanlysy, şol sanda çagalar we ýaşlar dürli sport ugurlary bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Meselem, ýaş nesil şowlulyk we uly ruhubelentlik bilen sportuň hokkeý, buzda typmak ýaly tomusky we gyşky görnüşlerini özleşdirýär.
Ýurdumyzda ilata halkara ölçegleriň derejesindäki döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleriniň elýeterliligini üpjün eden saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen bir hatarda bedenterbiýe we sport adamlaryň ýaşaýşynyň hiline we ömürleriniň uzaklygyna oňyn täsir edýär. Bu maksatlar bilen “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” we “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, “2011 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň milli maksatnamasy”, şeýle hem birnäçe beýleki resminamalar we maksatnamalar kabul edildi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda sport-sagaldyş ulgamyny höweslendirmek we kämilleşdirmek, onuň mümkinçiliklerini artdyrmak, köpugurly düzümi kemala getirmek boýunça ozal görlüp-eşidilmedik işler durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we beýlekiler guruldy. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda boş wagty işjeň we peýdaly geçirmek, sportuň suw görnüşlerini ösdürmek üçin ajaýyp şertler döredildi. Bilim we terbiýeçilik edaralarynda — mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda degişli derejede enjamlaşdyrylan hem-de zerur bolan ähli zatlar bilen üpjün edilen sport zallary we meýdançalary bar. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş jaý toplumlarynda olar bilen ýanaşyk çäklerde göz öňünde tutulýar.
Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, Türkmenistanda dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde her ýyl 7-nji aprelde geçirilýän dabaralar ozal görlüp-eşidilmedik giň gerim aldy. Ýurdumyzda özüne ähli ýaşly we hünärli adamlary — ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, döwlet edaralarynyň, durmuş-medeni ulgamynyň işgärlerini, halk hojalygynyň dürli ulgamlarynyň zähmetkeşlerini, talyplary we mekdep okuwçylaryny birleşdirýän umumymilli sport çärelerini geçirmek däbe öwrüldi. Möhüm wakalar we milli senenamamyzdaky şanly seneler mynasybetli Saglyk ýoluna çykylýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän milli çempionatlaryň, ýaryşlaryň abraýy ýokarlandy.
Meselem, milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary, goldawlary netijesinde ýurdumyzda welosiped sporty täze kuwwatly gerime eýe boldy. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan 2013-nji ýylda degişli Karara gol çekilmegi möhüm ädim boldy. Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzda bu ugurda ilkinji giň göwrümli çäre bolan köpçülikleýin welosiped ýaryşy geçirldi.
Şu ýerde welosiped sportunyň bütin dünýäde giň meşhurlyga eýedigini bellemek gerek. Çünki welosiped sürmek adamyň saglygyna we ruhuna oňyn täsir edýär. Ol beden agzalaryny pugtalandyrmakda, ýüregiň we dem alyş ulgamynyň işini gowulandyrmakda peýdalydyr. Türkmenistanda sportuň bu gornüşiniň janköýerleriniň sany ýaşlaryň arasynda bolşy ýaly, ýaşuly nesliň wekilleriniň arasynda hem barha artýar. Ýurdumyzyň ýaşaýjylary welosipediň sport bilen meşgullanmakdaky we sagdyn gezelençleri kämilleşdirmekdäki artykmaçlyklaryna, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa, amatly ulagdygyna mynasyp baha berip, ony höwes bilen özleşdirýärler.
Ýeri gelende aýtsak, welosiped sporty boýunça ýaryşlar “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna hem girdi. Bu bäsleşikler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki 6 müň tomaşaça niýetlenen ajaýyp üsti ýapyk welotrekde geçirildi. Bu ýerde halkara ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny, şeýle hem netijeli türgenleşikleri geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda sportuň tehniki görnüşleri, şol sanda awtomoto sporty okgunly ösdürilýär. Sportuň bu ugrunda tejribeli ussat hasaplanylýan döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gujurly goldawlary netijesinde Aşgabatda awtomobil sportunyň merkezi we onuň düzümine girýän motodrom açyldy. Milli Liderimiz özüni ýokary derejeli awtosürüji hökmünde görkezip, ýaryş awtomobillerini ýolsuz şertlerde hem dolandyryp, ajaýyp sport endiklerini köp gezek görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan — Aşgabat ugry boýunça “Ýüpek ýoly — 2009” halkara awtorallisini geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabrynda ýurdumyzda awtosport ussatlarynyň iri ýaryşy — “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ady bilen geçýän sport maksatnamasyna girýän “Amul — Hazar 2018” rallisi guralar.
Elbetde, biziň halkymyzda däp bolan atçylyk sporty uly meşhurlyga eýedir. Çünki Türkmenistan öz gözelligi, ajaýyplygy we ýyndamlygy bilen meşhur bolan, şeýle hem sport başarnyklary arkaly tapawutlanýan ahalteke bedewleriniň watanydyr. Gadymy döwürlerden bäri türkmen toýlarynyň hiç biri-de at çapyşygy ýaly aklyňy haýran edýän tomaşasyz geçmändir. Häzirki wagtda ýurdumyzda “asman atlarynyň” hakyky atşynasy we at çapmagyň ajaýyp ussady hasaplanylýan hormatly Prezidentimiziň işjeň goldawy netijesinde atçylyk sportunyň milli we beýleki görnüşleri, hususan-da, geçen ýylyň sentýabrynda geçen Aşgabat Aziadasynyň maksatnamasyna girizilen konkur sporty üstünlikli ösdürilýär.
Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup, netijeli işleýärler. Diýarymyzda her ýyl apreliň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy hakyky ählihalk dabarasy hökmünde ýokary döwlet derejesinde geçirilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy abadançylygy, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup çykyş edýär. Ynsanperwer taglymlara we olimpiýa gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarly bolan Bitarap Türkmenistan sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak işine saldamly goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamda durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasaty öz anyk miwelerini berýär: ýurdumyzyň sporty hil taýdan täze sepgitlere çykýar, Diýarymyz iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär.
Paýtagtymyzdaky ajaýyp Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly ýeňişlere beslenip geçmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň milli ýygyndy topary bu abraýly ýaryşlarda çykyş edip, umumy toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeläp, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorady. Şu ýyl bolsa Aşgabatda ýene bir ähmiýetli halkara ýaryşy — agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler.
Şeýlelikde, bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamyndaky oňyn özgertmeler syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň, biziň jemgyýetimiziň “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň mysallary, şeýle hem türkmenistanlylaryň öz milli Lideriniň esasy maksady mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginden we halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmeginden ybarat bolan döredijilik taglymlarynyň we sahawatly başlangyçlarynyň daşynda jebisleşýändiginiň ajaýyp subutnamalary bolup durýar.
Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün
Türkmen dili birazajyk üýtgäpdirmi ýa men üýtgäpdirinmi ýa şu habarlary ýazýan adamlar körzehin, tupoý adamlarmy ýa "bilgeşlän edýäler-maý ?" Bilgeşleýin edýälärmikä diýýän, hameleon ýaly üýtgäp durlar-a, ar namys, ýüz diýilen zat ýok bu biziň edebiýatçylarymyzň köpüsinde.
Bir halypaň sözi bilen, "Bu habarlary okamak zülüm, zulüm. Munça ýalta, körzehini nädip jemläp bildiler...."
Nepes29 6 years ago- @tdu maksat ikiniz sho tdh saytyndan gaydanzok oydyan