Şahsyýete, maşgala we jemgyýete saglyk we ruhy taýdan uly zyýan berýän zynany yslam dini haram edip, uly günä saýypdyr. KuranyKerim:
وَلاَ تَقْرَبُواْ الزِّنَى إِنَّهُ كَانَ فَاحِشَةً وَسَاءسَبِيلاً
“Zyna golaýlaşmaň, çünki ol aňrybaş bihaýalykdyr, bozuklykdyr, örän ýaman ýoldur.” (Isra sür. aýat 32)aýaty bilen möminleri ägä bolmaklyga çagyrýar.
Hakyky imanly kişi zynadan daşdurar. Munuň mysaly sahabalaryň durmuşynda nusga alarlyk ýagdaýda görünýär.
Bir gün sahabalardan bir ýaşýigit Pygamberimiziň (S.A.W)huzuryna gelip, zyna etmek üçin rugsat soraýar. Şefkat we merhemet Pygamberi haram meselesinde rugsat soraýan bu ýaş ýigidi öňünde dyzba-dyz oturdýar we soraýar:
– Şeýle işiň seniň eneň bilen edilmegini islärmidiň?
– Islemezdim.
– Hiç kim enesine şeýle bir işe dilmegini islemez. Seniň bir gyzyň bolan bolsa, oňa şeýle edilmegini islärmidiň?
– Islemezdim, eý Resulallah.
– Hiç kim gyzyna şeýle edilmegini islemez. Bibiň ýa-da daýzaň bilen şeýle işiň edilmegini islärmidiň?
– Ýok, islemezdim.
– Uýaň bilen biriniň zyna etmegini islärmidiň?
– Ýok, asla islemezdim.
Pygamberimiz (S.A.W) iň soňky aýtmaly zadyny aýdýar:
– Hiç kim enesi, gyzy, uýasy, bibisi, daýzasy bilen zyna edilmegini islemez. Seniň zyna etmek isleýäniň biriniň enesi, biriniň gyzy, biriniň uýasy, biriniň daýzasydyr.
Soňra Pygamberimiz (S.A.W) elini ýaş ýigidiň döşüne goýup: «Allahym, munuň kalbyny tämizle, günälerini bagyşla, namysyny gorap sakla» diýip dileg edýär. Bu doga-dilegden soň, şol sahaba iň arassa, namysjaň ýaş ýigit bolýar.
Yslam dini bir aýalyň ýarym-ýalaňaç gezip, ynsany zyna imrindirmegini, gaýry erkekdir aýalyň ikiçäk hylwat (ýagny gizli) ýerde bolmagyny, bozuk niýet bilen birek-biregine bakmagyny gadagan edipdir. Kurany Kerimde bu ýagdaýa yşarat edýän aýatyň manysy şeýle: “(Eý, Muhammet!) Mömin erkeklere aýt: “Gözlerini (nämährem aýallara seretmekden) saklasynlar we ujytlaryny (owrat ýerlerini) (haramdan) gorasynlar.” Bu olar üçin has arassa ýoldur. Takyk, Allah olaryň edýän zatlaryndan habardardyr. Mömin aýallara hem aýt: “Gözlerini (nämährem erkeklere seretmekden) saklasynlar we eteklerini (jynsy agzalaryny haramdan) gorasynlar, (geýimlikä) görünýän ýerlerinden galan beýleki zynatlaryny (beden agzalaryny nämähremlere) görkezmesinler. Ýaglyklary bilen gursaklarynyň üstüni ýapsynlar...” (Nur sür. aýat 30-31).
Pygamberimiz (S.A.W) bir hadysynda şeýle buýurýar: «Kim Alla we ahyret gününe iman edýän bolsa, ýanynda mähremi bolmadyk bir aýal bilen ikiçäk galmasyn. Çünki, şeýle ýagdaýda olaryň üçünjisi şeýtandyr» (Müslim, Tirimizi)

Sorag-jogap, Ashykaydynpir tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir