Şu ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Lebap welayatyna iş sapar bilen geldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, welaýat merkezi Türkmenabat şäheriniň keşbi barha gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasytynyň netijesinde amala aşyrylйan uly özgerişlikler Тürkmenabatlylaryň ruhuny göterýar. Iş saparyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz “Amul-Hazar 2018” atly welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga, halkara awtorallisine bolsa ak pata berdi.
Ýaryşy geçirmek üçin ýörite aralyklar saýlanyp alynypdyr. Olar Beýik Йüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýädigärliklerimiziň golaýyndan geçýär. Bu bolsa Watanymyzyň şöhratly geçmişini, baý taryhyny, mirasymyzy, medeniýetimizi mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga, öwrenmäge uly mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda geçirilýän “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli ýaryşynda türgenlerimize türkmen sportunyň meşhurlygyny mundan beýläk-de artdyrmaga mümkinçilik bar.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylyny dabarandyrýan bu çärelere ýöne ýerden Amul şäherinde badalga bermeýär, çünki bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň Türmenistandaky başlangyç nokady hasaplanýar. Bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky kerwenleriň esasy düşläp geçýän ýeri bolupdyr. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda orta asyrlarda Amulyň örän uly giňişligi eýeländigi aýdylýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, halkara ylalaşyklarynyň çäklerinde bűtewi ulag giňişligini döretmek işini dowam etmek, halkara ulag hyzmatlarynyň bazarlarynda üstaşyr gatnawlaryň multimodal usulda ýük daşamagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň netijeliligini düýpgöter ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Maksatnamada ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleri we olary amala aşyrmagyň gurallary kesgitlenilýär. Bu strategik çäreleri amala aşyrmak bilen esasy garaşylýan netije halkara ulag- logistik merkezlerini döretmek bolup durýar.
Ulag-kommunikasion ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenabat şäherinde Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Halkara хова мензили açylyp ulanylmaga berildi. Bu açylyp ulanylmaga berilen halkara хова мензили terminalynyň ululygy, ajaýyplygy, dünýäde ýeketäkligi bilen Ginnesiň rekorдlar kitabyna girizildi.
Ýurdymyzda ösen senagat merkezi hasaplanylýan Türkmenabadyň üstünden geçýän üstaşyr ýollar häzirki wagtda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky birwagtky şan-şöhratynyň gaýdyp gelýändigini görkezýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň şan-şöhraty gaýdyp gelýär
-
Ero17
6 years ago
- Hakykatdan-da bu syýasat ýurdumyzyñ ösüşini ýokarlandyrjak ugur. Taryhda turkmenler Ýüpek ýolunyñ ugrunda ösen döwlet gurupdyrlar. Häzirem şol yoly dikeltsek yurdumyzyñ ykdysadyýetini ýokarlandyrjagy äşgär görünýär. Ýöne şu mowzugy awtor kitap dilinde däl-de, sadarak dilde düşündiren bolsa has gowy bolarmyka diýýän
basbasar 6 years ago- Telewizorda, radioada şu zatlardan zaý bolmadyňmaý