Humaý gulýakany boýnundan aýryp ýerine geçdi.
Ýere gaçan gazeti durledide, bir gyra taşlap goýberdi
Otagyň içi ümsumlikdi. Dem alşyň hatda öz özüňe-de eşdilmeýan ümsümlik diýilýänidi
Humaý ýerine geçip ýatdy.
Ony uzyn guniň ýadowlygy gowy sökdi we derrew uka gitdi
- sen nameüçin beýtdiň: - diýen sese ol bokup turdy. Ukudan doly açylyp bilman otagyň içinde kimiň barlygyn synlajak bolyp esli gözin oýkalap durdy .Göziň gamaşdyryp duran perdeler bar ýaly hiç zady aňyp bilman,
- ses gulagyma eşdildi: - öýtýan diýdide tazeden ýatdy
Humaý kan uzak yatyp bilman, ýerinden turyp aýakýolyna gidip geleýin diýip daş çykdy.
Olar obada ýaşansoň 25 sotka mellegiň aýak ujuna gitmelidi.Ol ýodajyk bilen ýorap yzyna gelýaka ýeňsesindn bir zadyň eli ýetip gelýan ýaly boldy. Sakga duryp yzyna seretdi,hiç kim ýokdy, ýene ýoredi.Ýaňky el edil golaýjygyndan arkasyndan elin uzadyp gelýan ýaly aýdyň gözi aldy .Duran ýerinde ol synlap durdy. Onyň ne öňe ne de yza gitmage güýji ýetmedi . Ol bütin bedeni bilen doňyp durdy. Göwresiz ol el diňe özine garşy uzap gelýardi.Ol hakykatdanda ol ele siňe seretdi .,hiç hili beden ýokdy diňe howaň ýüzinden adamyň eline meňzap duran el uzap gelýardi.
Ol barmana
- Humaý, gijäň ýarynda mellegiň içinde name edýaň: - diýen jigsiniň sesine tisginip gitdi
- aý hiçle, biriniň eli uzap gelýan ýaly boldy
- azrak, goraý şo wampirli, jynly,arwahly kinoňy, gorkaňogamla ,arkaýyn birniň eli uzap gelýaň ýaly boldy ,diýip mellegiň orta arasynda sömelip dursuňla:- diýdi
Humaý sesin çykarman öýe girip gitdi
Otagyna gelip ýerine geçeni hem şoldy welin
- sen beýtmeli däldiň diýen sese oýandy
Görse perdeli arwah gabadynda çöküne duşup aglap otyr ekeni
- size name boldy, siz nameüçin aglaýarsyň
- men gulýakany ejesine ber diýip sizden haýyş etdima, siz bolsa ony berman öziň dakyndyň
- ony maňa sowgat berdiler
- kimiň sowgat bereni bilýamiň
- ýok, maňa getirip gitdiler
- hatjagazy okamadyňmy
- haýsy haty
- şo gülýaka bilen berlen haty
- yok okamok,men haty gormedim
- bolaýmaly şoda
- garaş goreýin men onyň gazýetini zyňmadym heniz ,belki içinde galandyr
Humaý ýerinden turyp gazýetiň içini barlady we ol onyň içinden bir hatjagaz tapdy
Ol haty alyp okap gordi
- haty okan wagtyň, gulýakany ,şu salgydaka eltip ber, we ondan meniň adymdan ötünç sora,,meňiň senden iň soňky haýyştym ýerine ýetirip ber "
Humaý haty okap
- bu haty sen ýazdyňmy
- men size ýazdym
- gülýaka kimiňki
- men ony ogurladym
- nameeeeee
- ony men ogurladym, we onyň eýesi maňa, otda ýanyp kül bolaýadyňda diýip yzymdan gygyryp galdy. Şondan soň uzak wagt bolmaňka hem gaz açyk galyp men banýada ýandym.Men bilgeşleýin ýanmandym. Ol gargynçdy. Şol gulýakaň eýesi maňa gargady ,iliň zady bilen zatly bolýamyň diýsene, onyň gargynçy öz şirin janyma ýöredi öýtýan, edil şonyň aýdyşy ýaly otda ýanyp kül boldym
Gulýakany eýesine eltip ber, gargynç siňen gülýaka, saňa bir zeper ýetaýmesin
- bor erte eltip bereýin
Perdeli arwah
- saňa ynanandyryn diýdide gözden gaýyp boldy
Humaý irden turyp salgy boýunça gulýakany alyp eýesiniň gözlegine çykdy
Ol ony tapyp gulýakany gowşyranda ol
- bu gülýaka size nirden duşdi diýip sorady
Humaý başyndan geçen zady oňa gurruň berdi we seniň gargynjyň oňa ýorandigni, gargynjyň gowy daldigin aýtdy
- waheý edil beýle bolar öýtmedim,mamamdan galan ýekeje ýadygarlik şu gulýakady, oglym hassahanada ýarawsyz bolyp şony sataýyn diýip bazara barypdym, ana şo ýerde hem ogurlatdym, we onyň yzyndan diňe gygyryp galdym, ol ylgap gitdi waý dat ýetiň komek ediň diýip hem gygyryp ýetişmedim, soň hem agzyma gelen söz hem şol boldy
- otda ýanyp kül bolaýadyňda: - diýip yzyndan gygyrdym
-Edil siziň aýdyşyňyz ýaly bolyp, ol ýandy we indi ol bu dunýede ýok onyň ruhunyň rahat bolmagy üçin siz ony bagyşlaň we ynha gulýakaňyz:- diýdide gulýakany oňa berip Humaý öýne gaýtdy
Ol öýe gelip uly bir iş edip gelen ýaly öler ýaly ýadowlygyn duýdy we,gowy ýatyp dynjyn aldy
Humaý turanda dunýa tazeden inen ýaly boldy.Şondan soň ol hiçem ol perdeli arwahy, ne ýakyndan nede daşdan gormedi.Ondan soň onyň gözine hiçem ne arwahdan ,nede ruhdan hiç zadam görünmedi...
~~~~Soňy ~~~~~
Awtory:Nowça
101- gije. Perdeli arwah 12- nji bölümi (mistiki waka)
-
Xyivenia
3 years ago
- Gije gundiz hic tasirinden cykyp bilemok
Öne 6 years ago- Tasirli