“(Eden işleriňizde) iki sany erkek adamy hem şaýat tutunyň! Eger iki erkek tapylmasa, özüňiziň razy bolan (ynamly) şaýatlaryňyzdan bir erkek we iki aýal şaýat bolsun! Ol iki aýalyň eger biri ýalňyşsa (unutsa), beýlekisi oňa ýatlatsyn! Çagyrylan wagty şaýatlar gelsinler. Uly bolsun, kiçi bolsun möhletine çenli (algy-bergiden) hiç zady ýazmakdan çekinmäň! Siziň beýle etmegiňiz, Allanyň ýanynda adalata has laýyk, şaýatlyk (etmegiňiz) üçin has ygtybarly, güman etmezligiňize has ýakyndyr. Emma araňyzda ýöräp duran nagt söwda bar bolsa, ony ýazmasaňyz hem zyýany ýokdur. (Umuman) biri-biriňiz bilen söwda – satyk edeniňizde şaýat tutunyň! Kätibe-de, şaýada-da zyýan ýetmesin! Eger (ýalňyş) etseňiz (olaryň birine zyýan ýetirseňiz) bu günädir. Alladan gorkuň! Allah size (dogry ýoly) öwredýär. Allah ähli zady bilýändir.” (Bakara sür. aýat 282) “Eý, iman getirenler! Dik durup Hakyň (tarapyny) tutuň! Ähli işlerde bar güýjiňiz bilen adalatly boluň! Allah üçin şaýatlyk edýän ynsanlar boluň! Eger-de (hut) özüňize, ene-ataňyza we dogan-garyndaşlaryňyza (garşy) bolsa-da şaýat kişiler boluň! Isle baý bolsun, isle garyp bolsun, (şaýatlykdan gaçmaň)! Çünki Allah size olardan has ýakyndyr. Bes, (hakdan) dänip, (hiç haçan) nebsiňize boýun bolmaň! Eger (diliňizi) dişläp, (hakykaty bolşy ýaly aýtmakdan çekinseňiz) ýa-da (şaýatlykdan bütinleý) ýüz öwürseňiz, takyk, Allah siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.” (Nisa sür. aýat 135) Pygamberimiz Muhammet (S.A.W) bir sahaba ýüzlenip şeýle buýurýar: “Eger güni görşüň ýaly gören bolsaň şaýatlyk et! Başga ýagdaýda etme!” Kurany Kerimiň hökümlerine görä hereket eden kişi Allatagalanyň bu buýrugyna ýürekden uýar: وَلاَ تَقْرَبُواْ مَالَ الْيَتِيمِ إِلاَّ بِالَّتِي هِيَ أَحْسَنُ حَتَّى يَبْلُغَ أَشُدَّهُوَأَوْفُواْ الْكَيْلَ وَالْمِيزَانَ بِالْقِسْطِ لاَ نُكَلِّفُ نَفْساً إِلاَّوُسْعَهَا وَإِذَا قُلْتُمْ فَاعْدِلُواْ وَلَوْ كَانَ ذَا قُرْبَى وَبِعَهْدِاللّهِ أَوْفُواْ ذَلِكُمْوَصَّاكُم بِهِ لَعَلَّكُمْ تَذَكَّرُونَ “Kämillik ýaşyna ýetýänçä ýetimiň emlägini iň gowy şekilde goraň! Ölçegi, çekimi doly we dürs çekiň! Biz hiç kime güýjiniň ýetýäninden artygyny ýüklemeýäris. (Bir söz) sözläniňizde, ol garyndaşyňyzam bolsa, diňe dogry sözleri (adalaty) sözläň. Alla beren ähti-peýmanyňyza wepaly boluň! Allah bulary siziň pikirlenmegiňiz üçin emir etdi.” (Engam sür. aýat 152) Garşymyza hem bolsa nebsimizi dogry sözlemäge, şaýatlygy dogry-dürs etmäge endik etdirmelidiris. Çagalarymyza her wagt we her ýerde hakykaty sözlemegiň özlerine rahatlyk berýänini öwretmelidiris. Ýalan sözüň we ýalan şaýatlygyň adamy birahat edip, abraýyny düşirýändigini, erbet häsiýetdigini düşindirmelidiris. Päk düşinjeli sagdyn jemgyýeti gurmagymyzda bu zatlar uly ähmiýete eýedir. Bir adamyň sagdyn pikirlenip adalatly karar bermegine we paýhasly çemeleşmegine päsgel bolup biljek häsiýetlerden biri hem garşysyndaky adama ýa-da jemgyýete bolan gahar – gazaby, kinidir. Kurany Kerimde muňa yşarat edilip şeýle buýrulýar: يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُواْ كُونُواْ قَوَّامِينَ لِلّهِشُهَدَاء بِالْقِسْطِ وَلاَ يَجْرِمَنَّكُمْ شَنَآنُ قَوْمٍ عَلَىأَلاَّ تَعْدِلُواْ اعْدِلُواْ هُوَ أَقْرَبُ لِلتَّقْوَى وَاتَّقُواْ اللّهَ إِنَّاللّهَ خَبِيرٌ بِمَا تَعْمَلُونَ “Eý, iman getirenler! Allanyň (haky) üçin dogry ýoly tutup, adyllyk bilen şaýatlar boluň! Bir kowuma bolan kinäňiz sizi adalatsyzlyga itermesin. Adalatly boluň, ol takwalyga (gelişýän) iň ýakyn (häsiýetdir). Alladan gorkuň! Takyk, Allah siziň edýän işleriňizden habardardyr.” (Maide sür. aýat 8) Esasy bilmeli zadymyz, şaýatlygy dogry ýerine ýetirmän, şaýatlygy edilen kişä töhmet atan, bu nejis garaýyşyň aşagyndan çykyp bilmän Allatagalanyň gazabyna duçar bolar, ol kişiniň dünýäde gutulgysyz gaýgy – aladalara we ahyretde-de ýakyjy bir azaba duçar boljakdygy hakykatdyr. Aýratynam dinimizde asylsyz bolan habarlara dogry ýaly garaýyşda bolmak we bulary derňemän ynanmak hem gadagan edilendir. Kuranda şeýle buýrulýar: وَلاَ تَقْفُ مَا لَيْسَ لَكَ بِهِ عِلْمٌإِنَّ السَّمْعَ وَالْبَصَرَ وَالْفُؤَادَ كُلُّ أُولـئِكَ كَانَ عَنْهُ مَسْؤُولاً “(Anyk) bilmeýän zadyňa eýerme. Çünki gulak, göz we kalp (bularyň ählisi) ondan (anyklaman eýeren zadyndan) jogapkärçilige çekiler.” (Isra sür. aýat 36) Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) hem bu hususda ünsli bolmalydygymyzy ündeýär. Ol hadysynda şeýle buýurýar: “Her eşiden zadyňy habar bermek kişä ýalan hökmünde ýeterlikdir.” (Müslim, Mukaddime, 3, I, 10) Kurany Kerimde hezreti Aýşa (r.anhä) ýapylan töhmetden soň musulmanlaryň düşen ýagdaýlary bildirilip, möminleriň şular ýaly habarlara dessine ynanman, töhmet atylan hakynda ýagşy pikirde bolmagymyz ündelýär. Bular ýaly asylsyz töhmetleriň ýaýramagyndan lezzet alýanlaryň dünýäde-de, ahyretde-de agyr şekilde jezalandyryljakdygy habar berilýär, aýatyň manysy şeýle: “Käşgä, bu habary eşideniňizde mömin erkekler we aýallar öz ýanlaryndan ýagşy pikirde bolup, “Bu äşgär töhmetdir” diýsediler.” (Nur sür. aýat 12) “Iman getirenleriň arasynda erbet sözleri (habarlary) ýaýratmagy halaýanlar üçin dünýäde we ahyretde jebir – jepaly azap bardyr. Allah bilýär, siz bolsa bilmeýärsiňiz.” (Nur sür. aýat 19) Gözel ahlaga eýe bolan dogruçyl kişä her bir adam ynanar, oňa bil baglar, jogapkärçilikli her bir wezipäni arkaýyn oňa ynanyp biler. Bu adamlar birnäçe adamlaryň iman getirmegine hem sebäp bolup bilýärler. Şaýatlyk wezipämizi dünýewi aladalarymyzy bir ýana goýup, diňe we diňe Allatagalanyň razylygyny gazanmak üçin adalat bilen berjaý edeliň. Ýogsam ahyretde jogapkär bolarys.

Köneler, Ashykaydynpir tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir