Gaññalyñ oýunda-Tejende galdy Meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy Meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ Bir ýandan uruşdy,bir ýandan hasrat Hasrat bolçylykdy,hezillik gahat Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ. Däriler ýanýardy,ys köpelýärdi Gidýänler gidýänden has köpelýärdi Toýlar azalýardy ýas köpelýärdi Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ. Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada Emma söýgi diýen jadyly zada Höküm etmez hiç hili kada Heniz ýigit wagtym Heniz gyz wagtyñ Diýerdim: \"Geregim,çen boldy oýlan! Ähli boýdaşlaryñ başlary boglan\" Sen diýerdiñ:\"Garrap barýarmyñ oglan? Äwmañ öz bagty bar, Sabyryñ öz bagty!\" Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy Goýnuñdan urardy tümlügiñ ysy Demiñden kükrärdi müñ gülüñ ysy Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ. Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim Çabrap başlanda demiñe-demim Näz bilen iterdiñ:\"Hany edebiñ? Söýgi bulaşmazmy Edep az wagty ?\" Oñuşmaly bordum saçlaryñ ysgap Leb gadagan wagty-olam bir hasap Ýöne beýle hasap düşmezdi añsat: Hasap ýitýän eken Dyzba-dyz wagtyñ. Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat? (Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat !) Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak, Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ Sagatlar tiz geçdi,tiz geçdi şeýle, Ýañja-da guşlukdy,bolupdyr öýle. Sen diýdiñ:\"Pylan jan,gaýdaly öýe, Ýigdiñ öz wagty bar Gyzyñ öz wagty
Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ
-
mylayym
16 years ago
- Yalnyshmasam Kerim Gurbannepesowyn goshgysy bolmaly in gowy goryan goshgylarymyn biri
-
Feya
16 years ago
- mylayym sen yalnyshanok dogry Kerim agamyzyn goshgysy shol. menem gowy goryan goshgylarymyn biri.
-
mylayym
16 years ago
- Kella bar ekenay bir zatlar yadyna dushyan eken:)
-
Feya
16 years ago
- yany kellam agyryp durdy, agyrsa diymek bardygydyrda :)
-
Harmandali
16 years ago
- Millet Kerim agan goshgysyny derrew tanap bolya sebabi sozleri hema yenil hemem manysy gowy. Okanynda hem yenil okalya.
Yone shu goshgyny kritiklar yaman tankyt etdiler. Gyzyn \"plan jan gaydaly oye\" diyen yerinin dagy kuluni chykardylar. \"Hey turkmen gyzam bir oglana jan diyermi\" diyip. Son on mashynyn yzyndan ylgan yerini hem erkek oglana gelshenok diyen boldylar. Wah sholara jogaby men berip bilyan bolsadym edil bara...
-
mc_merw
16 years ago
- Meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ şu setirlerden ugur alynyp başga bir şahyryň ýazan goşgysy
Obadaş gyz şu haty saňa ýollap
Agyr jebre dözenimi bagyşla
Söýer söýer diýip göwnümi allap
Şunça ýyllap gezenimi bagyşla
Bir klasda bir partada oturyp
Sözlejek sözümiň eýin ýetirip
Ýöne aýdyp bilmän özüm ýitirip
Kä gyzyp kä soganymy bagyşla
Okuwdan gaýdamyzda bileje
Oba ýoly günortanlar çolaja
Käte senden yza galyp çalaja
Käte bolsa ozanymy bagyşla
Gapdalyňda garrap giden çynaryň
Ýüzlendim neme jan bolaýyn ýaryň
Ýok ýok diýeniňde ýitirip ugrum
Gözlerimi süzenimi bagyşla
Dost dogan saýypsyň söýmän ekeniň
A men haýwan muny bilmän ekenim
Gazanym tüssede gaýnan ekeni
Tutaşmadyk sözenimi bagyşla
Söýgiň wuzyny seň bilen başlap
Diplomy aljakdym gittiňle taşlap
Her setirde gözlerimi ýaşlap
Harplary ezenimi bagyşla
Toý güni Maýsa bilen Ylýasyň
Söýşüp durmuş tutanyny hä bilýänsiň
Gyzlardan saýlanyp çekmäge ünsüm
Gowy geýnip bezeneniňi bagyşla
Içip içip çakyryny üzümiň
Syrmak üçin tuwagyny ýüzümiň
Pattyk suttuk sözlän söygi sözümiň
Gysgasyny uzynyny bagyşla
Bir görsek garrandyrys öňkilik ýokdur
Başy garly dag dek saçymyz akdyr
Ynsanlyk ömründe bu da bir çakdyr
Saçlara çal çozanyny bagyşla
Söýenem geçer söýmedigem geçer
Durmuş durmaz bizden arany açar
Başarsaň baryny aklyňdan öçür
Gaýta şu goşgyny ýazanymy bagyşla
-
Harmandali
16 years ago
- Gowja goshgy ekeni yone kan ona menzap baranoga chalaja menzeya. Bolun shu yerde Kerim agan goshgularyndan yazalyn ya bolmasa ol hakda hazir mende bir zat bolmaly shony goyjak.
Yatlamalardan
Bir gezek uniwersitetde egzamin berýärkä Kerim şahyryň biledine G.Seýtliýewyň uruş döwri ýazan “Pagonly gyz” goşgusy düşüpdir. Geň galmaly ýeri şahyr ol goşgyny okaman eken. “Okamadym” diýsehä gülki döretjek. “Okadym” diýse-de ýalançy boljak. Kerim şahyr nädendir öýdýäňiz?! Bilet çekip otyran ýerinde “Pagonly gyz” diýen goşgyny özi ýazypdyr-da güzledip okap beripdir. Egzaminatorlar biri-birleriniň ýüzlerine çiňňerilişipdirler. Ahyr hem olaň biri:
- Ýoldaş, Gurbannepesow, biziň okan “Pagonly gyzmyzda-ha” beýle bentler ýok ýalydy – diýip ynamsyz gürläpdir
- Maňa-ha bu goşgyny şahyryň özi okap beripdi, şol wagtyň özünde-de ýat tutypdym. Soň kem-käs üýtgeden bolsa bilemok.
Şahyr egzamindan bäşlik bilen geçipdir. Şahyryň kalby hemişe şygyr bilen dolyp durdy.
-
mylayym
16 years ago
- hey harmandali shu goshgyda daldimay
ejen bir bayyn esiri boldy diyip birhili ejesi gyzyny munun elinden alyp bashga birine beryaler
-
Harmandali
16 years ago
- Ýatlan Türkmenistanyň halk ýazyjysy: Hudaýberdi Diwangulyýew.
-
Harmandali
16 years ago
- “Maşgala basan şahyryň elegiýasy”
Häzirki zamanmy, öten zamanmy!
Ýa geljek zamanmy - bermezdim ünsem
Bu gün öten zaman işligne bakyp,
Ulydan dem alyp,
Otyrýan ümsüm…
Indi ençe ýyldyr,
Söýgi hakynda
Öten zaman bilen ýazýaryn şygyr.
Eý, Taňrym! “Söýýärin” diýmegiň ýerne
“Söýüpdim…” diýmeklik niçiksi agyr.
“Söýýärin sen gyzy, söýýärin!” diýip,
Goşgy ýazýan günlem düýndi-le weli,
Indi goşgy ýazsam “Söýýärin!” diýip,
Çykyp dur her ýandan her kimiň dili.
Goňşylarym diýýär: “Alty çagaň bar…”
Redaktor diýýär: “Saçyňam çap-çal.
“Söýýän! Söýýän!” diýip, gaýtalap ýörmek
Indi bu ýaşdan soň – gelşikli gep däl.
Özüňe-de nep däl,
Bize-de nep däl.
Dogry, dogry, entek ýaşyňam köp däl.
Bary-ýogy ýaňy ätläpsiň kyrkdan.
Şonda-da on sekiz ýaşly gyz bilen
Ýeri, aýt, nämişiň barmyşyn parkda?”
“A-haw, parka barýan meniň özüm däl,
Liriki gahryman! Liriki geroý!
Ynanmasaň ynha Mollanepesem,
Hanha Şipaçewem oka-da göräý-
Biri ýetmişinde, biri altmyşda,
Ikisem hemişe parkyň içinde.
Ýeri, näme, meni jyn urupmyşmy
Aýny ýaşda, ýaňy kyrkyň içinde?”
Diýip, her niçikdir olaň deminden
Müň bahana tapyp sypýaňam welin,
Öýe gelseň çagajyklaň öňüňden
Gaçmaga gapy ýok,
Sypmaga delil.
Körpe ogluň diýýär: “Kaka, aý, kaka,
Goşgyňy gazetden okadyk ýaňy.
Bir gyzy söýýärin diýipsiň weli,
Kaka, söýýän diýýän şol gyzyň hany?”
Ýüzüňe seredip has tokar ogluň,
Gaýta has beterin üstüne goşýa:
“Söýýän, söýýän!” diýip ýörsüňle, kaka
Kaka-da gyzlary söýer oguşýa?!..”
Ýene-de bir çagaň, has lälik çagaň
Gerşiňe atlanyp, saçyňdan çekip,
Diýýär: “Indikide parka gideňde
Kaka, şol gyz bilen meni hem äkit!”
Ýeri enesine näme gerekmiş!
Olam hezil edip gülmäge derek,
Gaýta siltenjiräp, ýüzüni sallap,
Ne-hä çaý getirýär, ne-de bir çörek.
Gaýta hüňürdeýär: “Çaý-suw isleseň!
Şol gyzlaň ýanyna ötäýtmek gerek!”
Garaz bir tarapdan –
Çagaň, goňşylaň,
Beýleki tarapdan –
Redaktoryň,
Keýwanyň hem – üçülenji tarapdan,
Şolara baglyrak seniň takdyryň.
Biri siltenjiräp,
Biri öýkeläp,
Biri akyl berip ýuwaş-ýuwaşdan
“Söýýän” diýen sözden mahrum etjekler…
Mundanam bir mydar bormy, ýoldaşlar!
-
diwana
16 years ago
yany kellam agyryp durdy, agyrsa diymek bardygydyrda :)
Feya
\"kellam agyryar, diymek kellam bar\"
deckartesin \"pikir edyan, diymek men bar\" sozi yaly. feya-da bu gidishi bilen filosof bolar, tuweleme :)
Äwmañ öz bagty bar,
Sabyryñ öz bagty!\"
shu yerde bagt dal-de wagt bolmaly dalmi?
-
diwana
16 years ago
Millet Kerim agan goshgysyny derrew tanap bolya sebabi sozleri hema yenil hemem manysy gowy. Okanynda hem yenil okalya.
Yone shu goshgyny kritiklar yaman tankyt etdiler. Gyzyn \"plan jan gaydaly oye\" diyen yerinin dagy kuluni chykardylar. \"Hey turkmen gyzam bir oglana jan diyermi\" diyip. Son on mashynyn yzyndan ylgan yerini hem erkek oglana gelshenok diyen boldylar. Wah sholara jogaby men berip bilyan bolsadym edil bara...
Harmandali |
dushunmedim, niresinde mashynyn yzyndan ylgayar? men-a beyle yer gormedim goshgyda. ya kinosy barmy?
-
diwana
16 years ago
- kerim aga ol yerde yene yalanchy bolupdyr-a.
hudayberdi diwangulyyewin goshgusyny haladym. esasanam chagalaryn we ayalynyn jogaplaryny. :)
-
Harmandali
16 years ago
- Diwana ol goshgy Hudayberdi Diwangulyewynky dal Kerim Gurbannepesowynky! Mashynyn yzyndan ylgayan yerini ol agza yazmandy asyl goshgyn yzyny yazmandyr ine yzy!
Şo mahal ýokardan geldi bir owaz,
Seretsem toraňňy urup dur perwaz
“Aşyklar, ýene-de sabr ediň biraz,
Görmändim saýamyň
Beýle ýaz wagtyn!”
Derýa hem seslendi: “Etmäň ätiýaç
Siz ekast etjege taparyn alaç.
Siziň kimin birek-birege mätäç
Görüpdim ne derýa,
Ne tekiz wagtym”.
Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
Gygyrdy: “Siz juda mynasyp jübüt.
Ýöne weli gyşa galaýma ýigit
Miwe ýetişdimi
Ýygna güýz wagty!”
Tokaý bürgüdinden alyp ak pata
Gyşa galmazlygy edipdik wada
Ýa sen sada boldyň ýa-da men sada
Birden tupan gopdy
Dünýäň ýaz wagty
Atdylar maşyna. Ses etdiň aglap
Topuldym. Çekdiler golumdan towlap
Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap
Gök kürtelem bolsaň
Entek gyz wagtyň…
Bir gujak alynsaç, bir gujak çokul,
Üç gujak örümsaç, on gujak akyl-
Şunça hazynany bir kürtä bukup,
Ýitdiň gözlerimden
Daňyň saz wagty.
…Dogry aý ýarymdan dolandyň sen soň
Öň meňkidiň weli, meňki däl onsoň…
Şonda men diýipdim: “Sen bagtly bolsaň,
Hem-ä meniň bagtym,
Hemem öz bagtyň”.
Şobada ýüzüňde göründi ünji
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji,
Soň gaçdy dördünji, onsoň bäşinji…
Şoldy iň mert wagtyň,
Hem ejiz wagtyň…
“Içerde otyrsam – ýüregim gysýar.
Daşa çyksam – asman depämden basýar”.
Şu goşgyň henizem bagrymy kesýär,
Tas şahyr bolupdyň
Çuwal gyz wagtyň.
Tas şahyr bolupdyň. Bordyňam, belkem.
Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiň. Sowaşdyň kem-kem,
Şonda-da kuwwat sen
Her ýalňyz wagtym…
Kim bolsa-da saňa sataşan kişi,
Çagalaň başyna sag bolsun başy.
Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy.
Gijä öwrülmezmi
Oň gündiz wagty?
Çümdürse eliňe ýekeje tiken,
Şol tiken müň bolup bagryma çöker.
(Şygryma düşüner yşk ýükün çeken,
Çekmedik ýitirer
Özeziz wagtyn).
Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi hem dogmaz.
Dogsa-da ýüz ýylda bir gezek doglar,
Onda-da säheriň
Iň tämiz wagty…
…Arada aýlandym Tejen ýerlerne,
Ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne,
Seredip gözýaşyň seçen ýerlerňe,
Geçirdim bir gije,
Bir gündiz wagtym.
Gaňňaly hem otyr öňki ýerinde,
Toraňňy hem otyr öňki ýerinde,
Şol derýa hem ýatyr öňki ýerinde.
Bir tapmadyk zadym öňki ýerinde –
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.
-
Harmandali
16 years ago
kerim aga ol yerde yene yalanchy bolupdyr-a.
Nirede yalanchy bolupdyr?!
-
Harmandali
16 years ago
- Meň iň gowy görýän goşgym.
“Rubagy – Poema”
Şol beripdi baş söýginiň mähnetin…
Nirelere alyp gitdi kysmatyň!
Aglaýan bolsaň-da gülýän bolsaň-da,
Bir ýerlerden sen gelerdi ahbetin!
Megerem bagtlysyň. Oňýansyň mensiz.
Men weli ölýänçäm dem alman sensiz.
Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam-
Her harpyň içinde Sensiň, Sensiň, Sensiň…
Ömrüň menzillerden menzile ýetsin.
Men senden öňürti süýneýin sessiz.
Gara habar güni gara gözüňden
Bir gara ýaş damsa, şol maňa besdir.
-
Harmandali
16 years ago
- (Bu setirler bolsa Rubagyň soňlarynda haçanda ol halaýanynyň ölenini bilen wagty)
Poema başlamda oňatdy keýpim.
Baş söýgim bir ýerde basýardy seýkin.
Ýaňy gök gürlän dek bir habar geldi:
“Onuň ötenine eýýäm iki gün….”
Şobada özümi goýberdim aşak:
“Oňa nädip dözdüň eý Ajal-peşap!”
Ol diýdi: “Gelinmi, şahyrmy, gyzmy –
Meň üçin çigit dek tapawudy ýok!”
Şo ýerden ylgadym mazara garşy.
Şabyrdap ýagýardy gök maýyň ýagşy.
“Taýsaň-da ylgaber! – diýdim özüme-
Taýsaň ýagşy, ölseň ondanam ýagşy…”
Alnym bilen öpüp mazaryň üstün.
Gum saralyp ýatyr misli bir possun.
Ýerden owaz çykdy: “Eý yşkyň ogly,
Indi ýanma, öňki ýananyň besdir!…”
Rubagylam sizi batyrdym guma.
Söýgüden başladym, çümürdüm guma.
Durmuş dowam edýär, göz ýaşyň süpür,
Häzir ýer üstünden gideli öňe.
-
agash55
16 years ago
- sheydip men yazayyyn sizem dowamyny getiriberin dostlar minnetdar hemmaniza
-
Harmandali
16 years ago
- Wiy sheytsenem bolyamyka?! Jenap yazsan goshgyny doly yazynsana! Biz son bashga goshgylardan yazars.
-
Shazada
16 years ago
- ine gowy goşgy!
-
diwana
16 years ago
Bir gezek uniwersitetde egzamin berýärkä Kerim şahyryň biledine G.Seýtliýewyň uruş döwri ýazan “Pagonly gyz” goşgusy düşüpdir. Geň galmaly ýeri şahyr ol goşgyny okaman eken. “Okamadym” diýsehä gülki döretjek. “Okadym” diýse-de ýalançy boljak. Kerim şahyr nädendir öýdýäňiz?! Bilet çekip otyran ýerinde “Pagonly gyz” diýen goşgyny özi ýazypdyr-da güzledip okap beripdir. Egzaminatorlar biri-birleriniň ýüzlerine çiňňerilişipdirler. Ahyr hem olaň biri:
- Ýoldaş, Gurbannepesow, biziň okan “Pagonly gyzmyzda-ha” beýle bentler ýok ýalydy – diýip ynamsyz gürläpdir
- Maňa-ha bu goşgyny şahyryň özi okap beripdi, şol wagtyň özünde-de ýat tutypdym. Soň kem-käs üýtgeden bolsa bilemok.
Şahyr egzamindan bäşlik bilen geçipdir. Şahyryň kalby hemişe şygyr bilen dolyp durdy.
shu wakadan yalan sozlemejek bolup, son yene yalan sozlap chykmandyrmy?
-
Harmandali
16 years ago
- :))))))))) Yone ol yalan hich kime ziyan getirmandira :))
-
diwana
16 years ago
- yok, men ucin tapawudy yok. ony mun ucin tankytlamok. yone diyaydim, yalan sozlemejek bolup etdi diylipdir welin.
-
Harmandali
16 years ago
- Ine yene-de shon goshhgylaryndan bolek \"Yurek poemasyndan\" \"
Hanha bir gyz gelýär
Sülgünmi, durna –
Gabaklary ýüpek, ýaňagy hurma.
Iň eziz, iň tanyş ys urdy burna,
Baş söýgimi ýatlap,
Köreşim besdir.
Gözleri-de tanyş, gaşy-da tanyş,
Giň alny-da tanyş, dişi-de tanyş.
On sekiz – on dokuz ýaşy-da tanyş,
Keşbin görüp,
Şagga derleşim besdir.
Ädiminde galp ýok, gözünde ýalan,
(Asylly enäniň sapagyn alan!)
Megerem bir ýerden okuwa gelen –
Galam-depderinnden
Çenleşim besdir.
Bir golundan tutup ýandaky joraň,
Ýag dek akdy gitdi. Açyldy aram.
Soraň, eý, agaçlar, şo gyzdan soraň!
Keşbi tanyş!
Tanap bilmeşim besdir.
Agaçlaň birinden çykdy bi owaz:
“Şahyr, başky Söýgiň balasy şol gyz!”
Şo bada ýüregme girip bir niýaz,
Esli wagt
Özüme gelmeşim besdir.
Bitipdir, ösüpdir enä mynasyp.
Gözler düpsüz derýa, nury bihesip.
Söýjek ýigit,
Sen bir galma binesip,
Sen jowranma,
Meniň jowranşym besdir!
Zyýany ýok! Söýüp gyzlaň naýbaşyn,
Öwrenipdiň dünýäň dürsün, ýalňyşyn.
(Söýmedige düşnüksizdir durmuşyň,
Söýen üçin –
Birje dem alşyň besdir).
Dünýäde şol aýal sag gezip ýärkä,
Ýüregim daşdandyr, dagdandyr arkam.
Şonuň aýak yzy toprakda barka –
Ýeri agyrtmaga
Dözmeýşiň besdir.
-
Achilles
16 years ago
- oglanlar gyzlar,,,Kerim agany yatlalyn...Bizde sheyle shahyrlar bolany uchin guwanalyng...Shul goshgy barada bir zat aytmakchy. Shul goshgynyng aydym gornushi \"Yanlan Diyarym\" basleshigining Mary Welayatynda gechirilen boluminde Yeniji boldy. Men bul aydymy dinlanim-da, gaty begendim...Birazrak gijragem bolsa hormatly shahyryn ruhy begenendir men pikirimche...Hatda shahyryn goshgularynyng birinde shu tema yagny shu Gannalyn oyunda tazeden ele alynyar...Awatobusdan dusheninde bir yash gyzy gorup oz soyen yaryna menzedyar...Onung gyzydygyna goz yetiryar,,umuman shu manydady setirler...Yene-de Shahyryn sheylerak setirleri bolmalydy,,ol meng asla yadymdan chykmayar:\" Bir posa uchin,,,Dagdan ashyar burgutler..\" Bul goshgy PARK ta oturyp Ysgashyp oturan yash juwanlary goreninde kellesine gelipdir...
-
Harmandali
16 years ago
- Ay on gowy goshgylary kopa Bagulli yigit, guller (muncha yeri zayalap natjekdin pamidor ekaysen bolmayadymy) bir meylisde, duralgada, yurek poemasy, rubagylar, wesyetler boyuncha, omrume pent…
Men elim degse barik yazyp goyarn.
-
garakchy
16 years ago
- ellerinize güller bitsin bu goshgulary barik yazanlara diyyan!kop sagbolun!
Batyrgyz 16 years ago- bu goshguny kim yazdy?