Türkmenistan Güneş Ansambliniň kökleri 1970-nji ýyllara ve Türkmenistan Döwlet radio we telewideniýe orkestrasyna baryp degýär. GÜneş Tbiliside gurulan bir topar sazandalar we bir wokal topary bolan ansambldir. Soňlap täze ýaz sazandalaryň goşulmagy bilen etniki däp-dessurlara bagly güýçli jazz-rock sazlar çalan bir ansamble öwrüldi. Bu topar Azerbeýjan we Türkmenistana degişli ýerli wokal stil bolan Mugam stili bilen jazz sazyny birleşdirip deňsiz taýsyz ses emele getirýär.Bu toparyň iň möhim agzalary polifoniki-ritm ussady deprekçi Rişad Şafi we saksofonçy Stanislaw Morozowdur. Bu topara güýli abraý goşanlaryň arasynda Wietnamly biri hem bar. Güneş topary 1997-nji ýylda Moskwada geçirlen \"Bahar ritmleri\" festiwalynda baýragy alýar. Mundan başgada Rişad Şafi SSSR-de geçirlen bir topar ýaryşda iň gowy deprekçi saýlandy. Rişad Şafi, Peter Gabriel ýaly ussat sazandalar tarapyndan gowylardan gowy deprekçi hasaplanýar. Güneş toparynyň tapawutly wagtlardaky döreden saz we aýdymlaryndan ybarat bolan \"Rashid Shafi presents Gunesh Ensemble\" häzirki günümüzde saz sungatynyň ussatlarynyň agzyndan düşmeýän albomdyr. Topar bulardan başga Ýerewan, Alma Ata ýaly bir topar festiwalda baýraklar alýar. Bu topar Türkiýä gelip hem käbir ýerlerde çykyş edipdirler. Güneş toparynda jemi 65 kişi işlýpdir. Olar: Stanislav Morozov (tenor sax,fl,comp,arrang.) Jusif Aliev (pos), Alexander Stasjukevich (tr), Shamil Kurmanov (tr), Sabir Risaev (sax), Wladimir Belousov (bas), Rishad Shafi (dr), Michael Logunzov (git), Willy Albrecht (key) Rishad Shafi presents Albomyndaky sazandalar. Rishad Shafi / Deprekçi Oleg Korolev - klawýatura Stepan Stepanyantz / klawýatura Michail Loguntsov / gitara, sitar Vladimir Belousov / bas Gasan Mamedow / skripka Vagif Rizayev / sax Stanislav Morozov / flute & alto saks Yusif Aliyev / trombon Alexander Stasyukevitch / trompet Shamil Kurmanow / trompet Rakhmed Abdurahmanov / gitara (7-12) Khajiriza Ezizov / wokallar (2,7,8,10) Berdimurat Berdiyev / wokallar (11) Ilyas Rejepov / wokallar (12) Şamamet Bäşimow / dutar, synthesizer, wokallar(12) Ynha Rişadyň albomlaryny şu ýerden download edip bilersiňiz: http://uploaded.to/?id=fdw2nu

Köneler, shahyr tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir