Russiýa Federasiýasynyň 1-nji wisse primýeri Dmitriý Medwedew (Дмитрий Медведев) geçenki konfrensiýada orsýetdäki mekdepleriň ählisine internetiň elýeterlidigini we öz beren sözünde tapylandygyny habar berdi. Orsýetdäki 59 müň mekdep 2007-nji ýylyň ahyryna çenli ählisi interneda baglangy bolmalydy. Alp Arslan aýynda 95 göterimi (%) doly internet bilen üpjün edilipdi. Ine şu wagta çenli hem galan 5%-i ýerine ýetirildi. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda 12 müň sany mekdebe täze kompýuterlaryň ýerleşdirilendigini nygtap geçdi. Ýokardaky agzalan zatlary etmek üçin jemi 2.5 milliard rubl sarp edildi. Internet üçin ýylda takmynan 1.1 milliard rubl çykdaýjy ediler.

Köneler, agajanh tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir