Şu wagt Mattafix-yň täze çykan «Living Darfur» atly single-ini diňledim, gowja bolupdyr haladym. Bu aýdymy «Save Darfur», «Rock For Darfur» we «Darfur Now» ýaly guramalaryň edişi ýalak kömek etmek we kömek ýygnamak uçin ýazypdyr. Darfurda bolup geçýän urşy, gyrgynçylygy, kynçylygy dünýä eşitdirmek üçin Mattafix-yň seçen ýaly şeýleräk, sebäbi täze albomy köpden bäri garaşylýar, şeýdip köp adamyň Darfurdan habary bolar. Darfurda näme bolýa ? Darfur sudanyň gunbatarynda bir raýon, Liwiýa,Çad we Orta Afrika Respublikasy bilen araçäkleşýär. Ol ýeriň ilaty maldarçlyk etýär, gün günden guraklygyň artmagy bilen öňden bäri paýlaşylyp bilinmän duran suw gözbaşlary we otlyk meýdançalar has hem azalyp başlaýar. Netijede 2003 ýylynda hiçijek gozgalaň bolýar, bunyň yzy bolsa urşa ýazýa, bir tarapda ýerli ilat (JEM, NRF) , garşy tarapda bolsa hökümet tarapyndan döredilen we goldanýan «Janjaweed» topary. Öňden bäri Çad bilen urşup gelýän Sudan hökümeti, Çaddan kömek alýalar bahanasy bilen Darfurda etnik gyrgynçylyga başlaýar. Şu wagtky maglumatlara göre 200.000-den kän adam öldürilipdir, ýene de 2.500.000 adam gaçgak bolup lagerlerde ýaşaýar. UN netije gelmegi kän wagt alýar, başda Sudan Darfura kömegi kabul etmeýär, indi bolsa amerikaň embargosyna çydaman UN goşunlarynyň Darfura girmegini kabul etdi. Indi näme bolar ? hüdaý bilýä ...
Rock For Darfur
-
Farabi
16 years ago
- Dünýädäki häzir uly tragediýalardan biriniň bolup geçýän ýerlerinden biri hem Darfur. Ýöne näme üçindir bu ýere käbir döwletleriň üns çekesi gelenok. Sebäbini bolsa men şu iki punktda gözleýärin;
1. Darfuruň nebite baý bolmagy.
2. Halkynyň musulman bolmagy.
-
MuhaciR
16 years ago
- save darfur
-
mc_merw
16 years ago
- Sudan ýalak şol töwerekden Somaliň hem esasy ilaty musulman. 1991-de Somali diktatory agdarylandan bäri hökümet gurup bilenoklar. Musulman diýip goldaw berenoklar gaýta goňşy döwletleriniň goşunlary içerik girip konflikt döretýä...
-
diwana
16 years ago
- men gaty az zat bilyan shular hakda. nebsim bilen meshgullanmakdan yana beyle zatlara wagtam tapmadym. has dogrusy kellamde yer tapmadym. yene bilyan zatlarynyzy yazyberin, men-a okayan gyzygyp.
-
Ga1taman
16 years ago
- aydymlar goyulsa gowy bolardy-da..:)
beterem rock aydymlar..
-
Farabi
16 years ago
Farabi 16 years ago