Bir zamanlarda bir adam köp ýyllar çopançylyk edip, orta ýaşyna ýetende öýlenipdir. Bir ýyldan soň onuň ogly bolupdyr. Bu oglan entek ýaşajykka ata-enesi ölüp, bir garyndaşynyň elinde ýetim galypdyr. Ol hor-zar bolup, aç-suwsuz geziberipdir. Öldüm-öldüm diýende, ýeňňesi eline bir döwüm çörek berer eken. Oglan ony derýa ýakasyna çykyp, suwa ýumşadyp iýer eken. Onuň çöreginiň owuntyklaryny hemişe bir lakga balyk iýer eken. Şunluk bilen, ýetim oglan ýigrimi ýaşyna ýetipdir. Şol balyk bi¬len günde görşüp, öwrenişipdir. Özi hem bir gaýratly ýigit bolup ýetişipdir. Günlerde bir gün bir uly baý bazara çy¬kyp: "Her kim islese, kyrk gün bakyp, bir gün iş buýurýaryn" diýip jar çekdiripdir. Bu jary ýaňky oglan eşidipdir. 01 baýyň ýanyna gelip: Kabul etseňiz, hyzmatyňyzy bitireýin diýipdir. Baý ony kabul edip, öýüne eltip, kyrk gün dürli naharlar bilen bakypdyr. Kyrk birinji güni bir öküziň şahyna ýüp dakyp, ýigide iýtdiripdir, özi bolsa alty sany ineriň üstüne çuwallaryny atyp, başyny çekip ugrapdyr. Bir çöle ýetenlerinde bolsa, baý: Oglum, şu öküzi öldürip, hamyny bitinligine soýup al diýipdir. Ýigit öküzi öldürip, hamyny bitinligine soýup alypdyr welin, baý: Sen şu hamyň içine gir, hamyň deşik ýeri barmy, seret, diýipdir. Ýigit hamyň içine giripdir welin, baý ha¬myň agzyny şapba ýygnap, öküz güýlen ýüpi bilen daňypdyr-da, özi hem düýeleri idip, çete çykyp duruberipdir. Öküziň ölen ýeri be¬lent dagyň etegi eken. Ol ýerde äpet guşlar ýaşaýan eken. Guşlar gelip, öküziň etini iýipdirler, hamyny bolsa penjelerine alyp, belent gaýanyň depesinde goýupdyrlar. Olar ýene ajyganlarynda öküziň hamyny ýiti çüňkleri bilen bölüşdiripdirler. Oglan hamdan çykyp, guşlary ürküzipdir. 01 özüni dürsäp, töweregine seretse, uçut gaýanyň üstünde duranlygyny görüpdir. Düşer ýaly ýer gözlese, dört tarapy hem dik aşak gidýän kert gaýa eken. Birden aşak seretse, baýyň inerlerini otaryp ýörenine gözi düşüpdir. Sen meni nätdiň? Indi men nähili düşeýin? diýip, ol baýdan sorapdyr. Nireden düşmelidigini soň aýdaryn. Sen şol dagyň üstündäki altyn-kümüşden aşak enter. Men inerlerimi bir ýükläýin diýip, baý jogap gaýtarypdyr. Baý çuwallaryny oglanyň aşak oklan altyn-kümşünden dolduryp, inerlerini ýükläp, obasyna garşy ugraberipdir. Oglan bolsa: Indi men nireden düşeýin? diýip gygyrypdyr. Dagyň üstünde näme görýärsiň? diýip, baý sorapdyr. Adamyň süňküni gördüm diýip, oglan jogap berende, baý: Şolar hem seniň ýaly ýigitdiler. 01 daga çykan gaýdyp gelmez. Indi sen-de süňk bolarsyň diýipdir. Oglan töweregine seredipdir. Oýlanypdyr, gaýadan özüni oklasa, daga-daşa degip öljek. Onsoň näderini bilmän, gezip-gezip, bir uçutdan aşak seretse, dagyň düýbünden bir derýa akyp ýatan eken. "Meniň etimi gurt-guşlar iýeninden derýadaky balyklar iýsin" diýip, özüni derýa oklapdyr. Ol baryp suwa çümende bir balyk ony agzyna gysyp, suwuň ýakasyna getiripdir-de, suwa çümüp gidipdir. Şeýlelik bilen, bu oglan şol beladan sag-aman gutulyp, öýlerine dolanyp gelipdir. Ýene şol baý öňküsi ýaly jar çekdiripdir. Ýaňky oglan geýim eşigini üýtgedip, ýene baýyň ýanyna gelipdir. 01 baý muny ýene ka¬bul edipdir, kyrk gün dynç saklap, oňat nahar beripdir. Ine, onsoň ýene çölde öküzi öldürdip, hamyny bitinligine soýdurypdyr-da: Hamyň içine gir, oglum, deşigi-diligi barmy, gör diýipdir. Emma bu gezek oglan: Baý aga, öňki sapar, menem şeýle boldum. Emma dagdan düşülýän ýer tapdym. Sen şol ýerdäki altyn-kümşi bärik enter. Men düýeleriň ýüküni tutaýyn. Ondan soň düşmeli ýeri tapyp bereýin diýipdir. Baý muňa ynanyp, altyn-kümşi aşak enteripdir. Oglan bolsa düýeleri ýükläp gidiberipdir. Sen düşülýän ýeri aýdyp git diýip, baý gygyrypdyr. Oglan hem oňa garap: Sen bütin döwletiňi maňa berjekdigiňe hat berip, ol hatyň aşagyna Möhüriňi basyp, möhüriň bilen maňa okla, seniň düşjek ýeriňi aýdaýyn diýipdir. Baý dilinden hat berip, möhürini ba¬syp, ikisini hem aşak oklapdyr. Oglan haty, möhüri alypdyr-da, baýa bakyp: Gazan çukuryňa özüň düşersiň. Indi dünýäden tamaňy üzäý diýip, düýeleri alyp gidiberipdir. Oba gelip, baýyň zatlaryny garyp-gasarlara paýlapdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir