Sebitde milli we halkara möçberli iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Şol taslamalar bolsa dürli ulgamlarda ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän köp şahaly, köpugurly we howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi-de taryhy eýýamyň zerurlygydyr. “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan döwletimiz bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi iri ulag-üstaşyr we yklym hem-de yklymüsti ähmiýeti bolan logistik merkez hökmünde çykyş edýän ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bilen şertlenendir. Bu babatda sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply Aşgabadyň Halkara howa menziline möhüm orun degişlidir. Ol dürli kysymdaky we dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr. Şeýle-de bu täze howa menzilinde halkara ölçeglerine laýyk hyzmatlaryň dürli görnüşleri ýerine ýetiriler. Halkara howa menziliniň taslamasynda ýolagçy, ýük terminallary, 3 müň 800 uzynlygy bolan täze uçuş-gonuş zolagy, goşmaça ýollar, duralga ýerleri we howa ulaglary üçin duralgalar, howa hereketiniň dolandyryş gullugynyň diňi, başga-da birnäçe degişli desgalar bar. Mundan başga-da häzir hereket edýän uçuş-gonuş zologyny döwrebaplaşdyrmak hem göz öňünde tutulýar. Täze howa menzili iň kämil enjamlar bilen üpjün ediler. Bu ýerde ýerleşýän Aerowokzal toplumynyň tutýan umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabardyr. Paýtagtymyzyň täze howa menzilinde ýolagçylar üçin amatly garaşylýan zallaryň, hasaba alyş bölümleriniň, eneler we çagalar üçin otaglaryň, maglumat tablosynyň, sorag-jogap bölüminiň, petek satylýan ýerleriň, goşlaryň saklanýan bölümleriniň, bankomatlaryň, ilkinji lukmançylyk kömegini berýän otagyň, restoranlaryň, duty-free dükanlarynyň hem-de beýleki bölümleriň bolmaklygy bu ulgamyň kämil derejededigini görkezýär. Şeýle-de bu ýerde uçarmanlar we üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin myhmanhana göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde Aşgabat Halkara howa menziliniň gurlyşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam etdirilýär. Ýurdumyzda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, welaýatlardaky howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak boýunça-da uly işler alnyp barylýar. Umumy meýdany 17 müň 174 inedördül metre deň bolan ýük terminaly ýylda 200 müň tonna ýüki kabul etmäge we ibermäge niýetlenen hem onuň çäginde eksport we import zoloklary, iki sowadyjy jaý, dürli ýükleri saklamak üçin ammarlaryň bolmagy halkymyzda uly ruhubelenlik döredýär. Awia ýük gatnawlaryna degişli ýerüsti hyzmat etmegiň döwrebaplaşdyrylmagy milli raýat awiasyýasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýük terminalynda işewürlik amallarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Import ýükleri bilen bagly amallar geçirilende, howa menzilinde gonan uçar ýük terminalynyň uçar duralgasynda saklanýar. Ýükleri düşürmek işleri palet arkaly ýerine ýetirilýär hem-de ýerüsti tehnikanyň kömegi bilen konteýner ulaglara ýüklenilýär. Uçardan düşürilen ýükler ýük terminalyna ugradylýar. Operator gelip gowşan ýükleriň çyzgy-koduny barlaýar hem-de maglumatlar elektron merkeze iberilýär. Soňra ýükler paletde ýük terminalyna eltilýär we olaryň aýratynlyklaryna laýyklykda zolakda saklamak üçin bölünýär. Zerur bolan ýük operator tarapyndan awtomatik usulda getirilýär. Şeýlelikde, türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziliniň ýük terminaly diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň has ýokary tehnologiýaly örän iri howa ýük merkezine öwrüler. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmagy, howpsuzlygyň üpjün edilemeginde, öňdebaryjy tehnologiýalary we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýän iň täze usullaryň ornaşdyrylmagy bolsa bu ulgamda alnyp barylýan işleriň has kämil derejede bolmagyna kömek eder. Türkmenistanyň ulag toplumynyň ýükleriň daşalýan we ýolagçylaryň gatnadylýan, şol sanda ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän möçberiniň artmagyny üpjün edýän önümçilik kuwwatlyklaryna eýe bolmagynda ýurdumyzyň baş howa derwezesi ähli babatda nusga bolar. Watanymyzda eýýäm demir ýollaryň hem-de halkara ähmiýetli awtoýollaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar, täze deňiz we howa duralgalary gurulýar hem-de öňki hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylýar. Mundan başga-da Halkara howa menziliniň çäginde degişli abadanlaşdyryş işleri alnyp barlar, ulaglar we ýolagçylar üçin ähli amatlyklar dörediler. Iň esasy bolsa şäheriň ekologiýa derejesine aýratyn ähmiýet berler. Aşgabady ösdürmek, şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak, hususan-da, desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak, olarda ähli amatlyklary üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanýar.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir