«Janly rowaýat» atly kitabynda ýazylyşy ýaly, gözellikde, kämillikde deňi-taýy bolmadyk haly sungatymyz gadym döwürlerden bäri bütin dünýäde meşhurdyr. Bu gün asyrlardan aşyp gelen türkmen halysy öýümiziň törüniň bezegi bolup, kalplara nur çaýýar. Ene-mamalarymyzyň yhlasy, söýgüsi siňen halylarymyza taý geljek haly dünýäde az-azdyr. Munuň şeýledigine dürli ýurtlardan Diýarymyza gelýän myhmanlaryň aýdýan jümleleri-de güwä geçýär. Mysal üçin, italiýaly syýahatçy Marko Polo ýedi asyrdan gowrak wagt mundan ozal türkmen topragyna eden syýahatynda: «Bu ýerde dünýäde iň nepis we owadan halylar dokalýar» diýipdir. XVI-XVII asyrlarda ýaşan nemes we italýan suratkeşleriniň öz suratlaryny türkmen haly nagyşlary bilen bezemekleri hem milli sungatymyzyň at-owazasynyň äleme dolandygyny görkezýär. Türkmen halkymyz «Bir okana bar, bir-de dokana» diýip ýöne ýere aýtmaýar. Ökde halyçylarymyz sagatda 2500, 3000-e golaý çitim çitýär. Şunda olar 8-10 sagatlap agramy bir kilogram bolan demir darak ulanýarlar. Çaklamalara görä, bir halyny dokamak üçin halyçynyň sarp edýän energiýa güýji kiçeňräk şäheri uzak gün ýagtyltmaga ýetýär. Türkmen tebigaty, topragy diýseň baý. Bu toprakda bitýän ot-çöplerden haly ýüplerini boýamak üçin ähli reňkler alynýar. Reňkleri taýýarlamak bolsa irginsiz zähmeti talap edýär. Biziň zenanlarymyz haly üçin özboluşly, hiç mahal solmajak reňkleri saýlamagy başarypdyrlar. Şonuň üçinem türkmen halylary ýyl geçdigiçe reňk açyp, öwşün atýar. Olar nagyşlary boýunça teke, ýomut, pendi, çowdur, beşir, ärsary, gyzylaýak ýaly toparlara bölünýär. Bu halylaryň her biri özboluşly owadanlygy bilen göreni haýrana goýýar. Taryhy maglumatlara görä, halymyzyň her bir nagşynyň aňyrsynda gadymy türkmen elipbiýiniň syrly harplary hem bar. Häzirki döwürde diwardan asylýan torbalar, haly-çuwallar, ýantorbalar, gapylyklar, at üstüne atylýan halylar, ulaga atylýan halyçalar, portret halylar ýaly dürli görnüşli haly önümleri dokalýar. Halyny halkymyz ýedi hazynanyň biri hasaplaýar. Şunuň özem türkmeniň öz ýaşaýşyny halysyz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Aslynda-da haly diýmek «türkmeniň ha:ly, ykbaly, durmuşy» diýmegi aňladypdyr. Haly - beýik sungat, onuň her bir göli giden bir dünýä! Geçmişde özge ýurduň patyşadyr han-begleri türkmen halylary bilen köşklerini bezemegi uly dereje bilipdirler. Muny N.Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestini okanyňda hem bilmek bolýar. Halylarymyz diňe bir owadanlygy, nepisligi, berkligi bilen däl, eýsem ululygy boýunça-da tapawutlanýar. 1941-nji ýylyň iýun aýynda başlanyp, 1942-nji ýylyň fewralynda kesilen «Türkmen kalby» atly halymyz öz döwründe ululygy boýunça meşhur boldy. Onuň boýy 10,5 metr, ini 18 metr bolup, agramy 865 kilograma barabardyr. Watanymyz Garaşsyzlygyny alanyndan soň, 1996-njy ýylda Serdar etrabynyň halyçylary boýy 13 metr, ini 21 metr bolan uly halyny dokadylar. 1998-nji ýylda dokalan halynyň bolsa boýy 14 metr, ini 21 metr, agramy bir tonna 105 kilogram boldy. 2003-nji ýylda Baharly etrabynyň halyçylary boýy 14 metr, ini 22 metr, agramy bir tonna 200 kilogram bolan äpet halyny dokadylar. Bu haly Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň äpet el işi hökmünde girizildi. Bu bolsa türkmen halysynyň dünýä derejesinde barha şöhratlanýandygyny görkezýär. Watanymyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar biziň halylarymyzy görüp haýran galýar. Üstümizdäki ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly çärede türki halklardan gelen myhmanlaryň biri özünde galan täsirler barada söz açyp şeýle diýdi: «Bu ýerde medeniýetiň, sungatyň häzirki wagtda hem ösüşleriň beýik basgançaklaryna çykarylýandygyna şaýat bolýarys. Muny biz zenanlaryň el işleriniň nusgalaryndan-da aýdyň gördük. Türkmeniň keçeleri, halylary ajaýyp sungat eseri. Olara salnan nagyşlar türkmen halkynyň geçmişinden, şu günki bagtly durmuşyndan habar berýär. Bu toprakda medeniýeti, sungaty öwrenmäge zat örän kän». Şu sözlerden hem görnüşi ýaly, haly sungatymyz bütin dünýä tarapyndan arzylanýar, söýgülenýär. Türkmen halysy diňe bir öýlerimiziň däl, eýsem döwlet derejeli toýlarymyzyň, sergilerimiziň hem bezegi. Bu gözelligi synlanyňda öz halkyň beýik medeniýetine, gelin-gyzlarymyzyň çeper elliligine buýsanjyň artýar. Her bir ynsany gylyk-häsiýetiniň bezeýşi ýaly, ony eliniň işem, hünärem gözel görkezýär. Biziň halkymyz hünärsiz kişini miwesiz daragta meňzedýär. Şonuň üçin-de milletimiz nepisden-nepis el hünärlerini nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize çenli apalap getiripdirler. Haly, keşde ýaly inçe işler ýaş gyzlarymyzyň käbesinden soňky terbiýeçisidir. Haly dokaýan, keşde çekýän gyzlaryň agras, asylly bolýandygyny durmuş görkezýär. Şonuň üçin-de şeýle ajaýyp sungaty döreden hem-de häzirki günlerimize ýetiren ene-mamalarymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu asylly käri ussatlyk bilen dowam etdirýän gelin-gyzlarymyza bolan hormatymyz, sarpamyz, söýgimiz hiç mahal egsilmezdir. Goý, türkmeniň kalby, kämilligiň baýdagy bolan halylarymyzyň şan-şöhraty mundan beýläk hem belentliklere göterilsin!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir