Professor Mäti Kösäýew tutuş manyly ömründe geçmiş edebiýatymyzy, türkmen halk döredijiliginiň nusgalaryny öwrenmekde, olary okyjylara ýetirmekde uly işeňňirlik görkezen alymlaryň biridir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ylym bi­len meş­gul­lan­ýan adam­la­ryň ara­syn­da “Geç­mi­şi öw­ren­mez­den, gel­je­ge ga­dam bas­mak müm­kin däl” di­ýen wag­tyň sy­na­gyn­dan ge­çen ýö­rel­ge bar. Ha­ky­kat­dan-da, geç­mi­şi­miz­de nus­ga edi­näý­me­li ýol-ýo­da­lar, düz­gün-ka­da­lar bar. Bu ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ke­ma­la ge­l­me­gi­ne uly go­şant go­şan Mä­ti Kö­sä­ýew, Ata Gow­şu­dow, Aman Ke­ki­low, Baý­mu­ham­met Gar­ry­ýew, Ber­di Ker­ba­ba­ýew, Ru­hy Aly­ýew... ýa­ly, şu aja­ýyp gün­le­ri­mi­ziň bag­ty­ýar ýaş­la­ry­myz üçin gö­rel­de mek­de­bi bo­lan meş­hur alym­la­ry­myz, ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­myz bar. Bu ta­ny­mal şah­sy­ýet­le­ri­miz ge­çen asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň, ede­bi­ýa­ty öw­re­niş yl­my­nyň ba­şy­ny baş­lan adam­lar­dyr. Bu­la­ryň ara­syn­da meş­hur aly­my­myz pro­fes­sor Mä­ti Kö­sä­ýew tu­tuş ma­ny­ly öm­rün­de geç­miş ede­bi­ýa­ty­my­zy, türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň nus­ga­la­ry­ny öw­ren­mek­de, ola­ry oky­jy­la­ra ýe­tir­mek­de uly işeň­ňir­lik gör­ke­zen alym­la­ryň bi­ri­dir. Mä­ti dur­muş, dö­re­di­ji­lik ýo­lu­nyň ýe­ňil bol­ma­ndy­gy­na ga­ra­maz­dan, dyn­gy­syz zäh­me­ti bi­len köp­le­riň söý­gü­si­ne we hor­ma­ty­na my­na­syp bol­dy. Ol türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň en­çe­me eser­le­ri­ni top­lap, ça­pa taý­ýar­lan, ola­ryň oky­jy­la­ra ýet­me­gi­ni, yl­my taý­dan öw­re­nil­me­gi­ni ga­za­nan alym hök­mün­de ta­nal­ýar. Meş­hur “Gor­kut ata”, “Gö­rog­ly” epos­la­ry­nyň, “Şa­se­nem-Ga­ryp”, “Ýu­sup-Ah­met”, “As­ly-Ke­rem” ýa­ly des­san­la­ryň, Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň “Wag­zy-Azat” ese­ri­niň top­la­nyl­ma­gyn­da, ki­tap gör­nü­şin­de oky­jy­la­ra ýet­me­gin­de Mä­ti aga­nyň abyr­syz hyz­ma­ty bar­dyr. Ga­ly­ber­se-de, bu meş­hur aly­my­myz be­ýik akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Pyra­gy­nyň aja­ýyp eser­le­ri­ni top­la­mak­da, ne­şir et­mek­de, söz­lük­le­ri­ni düz­mek­de,ýa­şy­ny, döw­rü­ni anyk­la­mak­da, oňa ba­gyş­la­nan yl­my mas­la­hat­la­ry taý­ýar­la­mak­da, ge­çir­mek­de ýa­daw­syz iş­län Mag­tym­gu­ly­şy­nas­dyr. Mä­ti aga XIX asyr türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li şa­hyr­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň eser­le­ri­niň top­la­nyl­ma­gy­na, çap edil­me­gi­ne, yl­my taý­dan der­ňel­me­gi­ne gat­na­şan alym­dyr. Mä­ti Kö­sä­ýew 1906-njy ýyl­da Her­rik­ga­la oba­syn­da daý­han An­na­dur­dy­nyň (ýör­gün­li la­ka­my – Kö­se) maş­ga­la­syn­da ene­den bol­ýar. Bu maş­ga­la­da ol ýe­ke-täk per­zent bo­lan. Mä­ti bäş ýa­şyn­da­ka, onuň ka­ka­sy maş­ga­la­sy­nyň ýe­ter-ýet­mez­çi­li­gi ze­rar­ly, ek­lenç göz­läp, Te­je­niň Bag­şy­mi­riş oba­sy­na (hä­zir­ki Aga­laň) dü­ýe­li gö­çüp bar­ýar. Ol 1922-1925-nji ýyl­lar­da il­ki Bag­şy­mi­riş­dä­ki mek­dep­de, soň­ra Aga­laň­da açy­lan mek­dep­de oka­ýar. 1926-njy ýyl­da bi­li­me bo­lan hö­we­si ony Ma­ry şä­he­rin­dä­ki oba mek­dep­le­riň mu­gal­lym­la­ry­ny taý­ýar­la­ýan bir­ýyl­lyk oku­wa alyp gel­ýär. Ol 1926-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­dan 1928-nji ýy­lyň güý­zü­ne çen­li Te­je­niň Ak­so­py oba­syn­da­ky mek­dep­de mu­gal­lym­çy­lyk ed­ýär. Gün­diz ça­ga­la­ry okat­sa, ag­şam­la­ry­na ulu­la­ra so­wat öw­red­ýär. Mu­gal­lym­çy­lyk eden döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň baý ede­bi­ýa­ty bi­len gy­zyk­la­nyp baş­la­ýar. Oba­la­ra aý­la­nyp, en­çe­me wa­ka­la­ryň şa­ýa­dy bo­lan ýa­şu­ly­lar­dan ýa­zyp alan lä­lelerini, hüw­dilerini, mon­ju­gat­dy­la­ryny Aş­ga­bat­da­ky şol wagt­ky Türk­men kul­tu­ra (Türk­men me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty) ibe­rip dur­ýar. Ýaş ze­hin­li mu­gal­lym Te­je­ne işe ça­gy­ryl­ýar. 1928-1930-njy ýyl­lar­da ol Te­jen­dä­ki mek­dep-in­ter­na­ty­ň ter­bi­ýe­çi-mu­gal­ly­my, soň­ra bol­sa mü­di­ri bo­lup iş­le­ýär. Şol dö­wür­ler­de ýaş şa­hy­ryň goş­gu­la­ry, aý­dym­la­ry we lä­le­le­ri şol wagt­ky “Pio­ner” (hä­zir­ki “Gü­neş”) žur­na­lyn­da, “Türk­me­nis­tan” hem “Daý­han” ga­zet­le­rin­de çap edil­ýär. 1926-1931-nji ýyl­lar­da Mä­ti Kö­sä­ýew ma­ga­ryf gu­ra­ma­la­ryn­da iş­le­ýär. Ýaş şa­hyr 1931-nji ýyl­da tä­ze açy­lan Aş­ga­bat mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň (hä­zir­ki Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU) dil-ede­bi­ýat fa­kul­te­ti­ne oku­wa gir­ýär. 1934-nji ýyl­da ins­ti­tu­ty ta­pa­wut­la­nan dip­lom bi­len ta­mam­la­ýar. Ony şu ýer­de mu­gal­lym edip gal­dyr­ýar­lar. Mu­nuň se­bä­bi Mä­ti Kö­sä­ýew la­tyn di­li­ni go­wy bil­ýär­di hem dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýar­dy. Ol pro­fes­sor A.P.Po­se­lu­ýews­ki­niň as­si­sen­ti hem şä­gir­di bo­lup, ene di­li, halk dö­re­di­ji­li­gi, nus­ga­wy ede­bi­ýat hem kö­ne türk­men ýa­zu­wyn­dan okad­ýar. Soň­ra uly mu­gal­lym, 1939-1952-nji ýyl­lar­da bol­sa do­sent bo­lup iş­le­ýär. Ol şol ýyl­lar­dan baş­lap, mu­gal­lym­çy­lyk hem yl­my iş­le­ri ut­gaş­dy­ryp alyp ba­ran­dy­gy­na onuň mek­dep­ler hem ýo­ka­ry okuw mekdepleri üçin ýa­zan okuw mak­sat­na­ma­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry­ny düz­mä­ge işeň­ňir gat­naş­ma­gy, as­pi­ran­tu­ra­da okan ýyl­la­ry “Türk­men di­lin­de omo­nim­ler” di­ýen mow­zuk­dan yl­my iş ýa­zan­dy­gy gü­wä geç­ýär. Mä­ti aga B.Ker­ba­ba­ýew, A.Gür­gen­li, R.Aly­ýew, A.Ke­ki­low, A.Gow­şu­dow, B.Gar­ry­ýew ýa­ly meş­hur şa­hyr­lar, alym­lar bi­len türk­men ede­bi­ýa­ty­ny hem halk dö­re­di­ji­li­gi­ni il­kin­ji öw­ren­ji­ler­den bi­ri­dir. M.Kö­sä­ýew özü­niň il­kin­ji okuw ki­ta­by­ny, 2-nji synp üçin “Ene di­li” ki­ta­by­ny 1938-nji ýyl­da ýaz­ýar. Bu ki­tap 30 ge­zek ne­şir edi­lip, soň­ky ne­şi­ri 1987-nji ýyl­da çap edil­di. M.Kö­sä­ýew 1942-1946-njy ýyl­lar­da “So­wet Türk­me­nis­ta­ny” ga­ze­ti­niň re­dak­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry, şol ma­hal­ky “So­wet ede­bi­ýa­ty” (hä­zir­ki “Ga­ra­gum”) žur­na­ly­nyň re­dak­to­ry bo­lup iş­le­ýär. Mä­ti aga 1962-1973-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň türk­men ede­bi­ýa­ty ka­fed­ra­sy­nyň mü­di­ri – pro­fes­so­ry we­zi­pe­sin­de iş­le­di. 1934-nji ýyl­dan bä­ri iş­läp gel­ýän ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my, do­sen­ti, pro­fes­so­ry, mü­di­ri hö­mün­de türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi, ga­dy­my türk­men ede­bi­ýa­ty, XVIII-XIX asyr­la­ryň türk­men ede­bi­ýa­ty ýa­ly ta­ry­hy-ede­bi­ýat mak­sat­na­ma­la­ry­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na ýol­baş­çy­lyk et­di. Na­zar Gul­la­ýew, Ka­ka­jan Ata­ýew, Ab­dy­rah­man Mül­ka­ma­now, Ka­ka­jan Dur­dy­ýew, Öre Sa­pa­ýew, Ba­byş Mäm­met­ýa­zow, Sä­het Re­je­bow, Kä­be Bor­ja­ko­wa... ýa­ly en­çe­me ýaş alym­la­ryň alym­lyk dis­ser­ta­si­ýa­la­ry­na yl­my ýol­baş­çy­lyk et­di, türk­men ede­bi­ýa­ty ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­lym­la­ry­ny saý­lap-se­çip, Türk­me­nis­ta­nyň ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni kämilleşdirdi, iň esa­sy bol­sa, ýüz­läp-ýüz­läp ede­bi­ýat mu­gal­lym­la­ry­nyň, on­lap yl­my iş­gär­le­riň, ede­bi­ýat­çy­la­ryň, žur­na­list­le­riň ösüp ýe­tiş­me­gi­ne uly ta­gal­la et­di. Mä­ti aga 1984-nji ýyl­da ara­dan çyk­dy. Gö­zel paý­tag­ty­my­zyň kö­çe­le­ri­niň bi­ri Mä­ti Kö­sä­ýe­wiň ady­ny gö­ter­ýär. Bu bol­sa, Mä­ti Kösäýew ýa­ly, il-gü­nü­ne ha­lal hyz­mat eden adam­la­ryň he­mi­şe ýag­şy­lyk­da ýat­lan­jak­dy­gy­na gü­wä geç­ýän­dir! Jen­net Şa­my­ýe­wa, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň mu­gal­ly­my.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir