Bir adam sopynyň geýnewli egin-eşiginde ýolda ýöräp barýakan, özine tarap ýöräp gelýän iti görüp güýç bilen hasasy bilen iti urupdyr. It agyrdan ýaňa waňkyrypdyr we Beýik Abu Saýyd akyldar we danaň ýanyna baryp, aýagyna ýykylyp agyrdan aýagyny görkezipdir we oňa sütem eden sopynyň arasynda kazyçylyk etmegini haýyş edipdir. Akyldar- Item, Sopynam ýanyna çagyryp, ite sütem eden sopa ýüzlenip: -“Sen samsykmy, heýde ite-de şeýdip sütem etmeli bormy ? Seret näme etdiň !”- diýip aýagyna şikes ýeten iti görkezipdir. -“Meniň bärde näme dahylym bar”- diýip sopy jogap beripdir we sözini dowam edip -“itiň özi günäkär, men keýpine ony urammok, ol it meniň eşigimi hapalady” -diýip jogap beripdir It-özini adalatsyzlykdan örän öýkeli duýupdyr, emma muňa duýgudaşlyk eden akyldar ite şeýle sözler bilen ýüzlenip: “Öýkäňizi kyýamat güne çenli saklamak agyr bolar, siziň öýkäňiziň we çeken azabyň öwezini dolmak üçin maňa kömek bermäne mümkinçilik ber” -diýip aýdanmyş. It jogap berýär: -“Eý beýik akyldar we dana! Men bu adamy sopyň eşiginde bolany üçin maňa zeper ýetirer öýtmedim. Eger-de ýönekeý we adamlaň adaty geýän eşiginde bolsady, onda men megerem bir az goranmak üçin daşyrak giderdim. Şu taýda meniň esasy göýberen ýeke-täk ýalňyşlygym, adamy takwa we dindar, hakykatçynyň goragy edip görkezýän daşky eşigine allandym. Eger Siz ony (iti uran sopyny) jezalandyrmak isleseňiz, onda onyň adamy takwa we dindar,hakykatçynyň goragy edip görkezýän daşky eşigini elinden alyň, we onuň geýmezligine gadagan ediň “-diýip aýdanmyş Itiň özi kesgitli derejede sopyçylygyň kämillik ýolunda ekeni Adam hökmany suratda itden gowy bolmaly diýen düşünje -ýalňyşdyr Dini öwrenýän we din bilen tanyşýan adamlar, dindaryň daşky sypaty, içki dünýäsiniň arassa sypaty we ahlak tejribesi bilen baglanşygy barmykan diýilip, hasap edilýär, köplenç şol it ýalagam biz allanýas. Bu hikmet Attar(Ylahynama) diýen kitapdan alynan, derwişler muny, köplenç derwiş sypatyna girip “masgaraçylyk ýoly” bilen gidýänleri tapawutlandyrmak üçin, derwişlik ýoluna düşen adamlara düşündirilmek üçin aýdylýar eken.

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir