Zenan diýmek - eneňdir,Ýary gije ýatandyr,Daň saz berse dogandyr,Aňzaklarda doňandyr,Hor - zar etmejek bolup,Gije - gündiz eňendir,Sebäbi, ol eneňdir.Zenan diýmek - uýaňdyr,Ýúzúň nury, tuwagy,Utanjaňdyr, haýaňdyr,Ýagşy günde begenjiň,Kyn gúnúňde söýäňdir,Saňa geljek belanyň,Öňüňdäki gaýaňdyr,Sebäbi, ol uýaňdyr.Zenan diýmek - ýaryňdyr,Ömürlik ýanýoldaşyň,Baýlygyňdyr, baryňdyr,Alawlaýan ojagyň,Namysyňdyr, aryňdyr,Keşgiňi deň çekişýän,Ýakyn howandaryňdyr,Sebäbi, ol ýaryňdyr.Zenan diýmek - gyzyňdyr,Teşne kalbyň gandyrjak,Aýdymyňdyr, sazyňdyr,Ömre şatlyk getirjek,Gül - gunçaly ýazyňdyr,Ogul bilen deň durjak,Dowamyňdyr, yzyňdyr,Sebäbi, ol gyzyňdyr.Zenan diýmek - dúnýedir,Adamzada dowamdyr,Gelip - gidýän demiňdir,Sorup alýan howaňdyr,Zenan başy dik bolsa,Ýaşaýşa gúwäňdir.Ondan gymmat zat bolmaz,Tumaryňdyr, dogaňdyr.Çünki zenan - ýaryňdyr.Çünki zenan - gyzyňdyr.Çünki zenan - uýaňdyr.Çünki zenan - ENEŇDIR.
Zenan diymek
-
YaSwami
9 years ago
- Zenan söziniň manysy ýitdi, pensiýa gidensoňam ahtygy bn bolasy gelmeýani bar,,munuňyr marožniýa soraýa dp
-
YaSwami
9 years ago
- Sadaýigit, + goýan bu gezek, ýöne indiki mowzukda bellikleme goşaýgyn, eger teswirim minus bolsa kese çyzyk goýaygyn şeýdip - , üme düşyandirin,
-
YaSwami
9 years ago
- Agzalar men mamla gerek?
-
YaSwami
9 years ago
- Wi sadaýigit ýene bir zady unudypdyryn:
Zenan, aýlygy köp alsaň seniňki,az getirseň biriniňki,getirmeseň hemmesiniňki dp sitattanam goşaý,öýkelemerin arkaýyn bol, öňindenem.sag bolsyn aýdyandyryn
-
kitaphanachy
9 years ago
- YaSwami seniň beýle pikiriň ýalňyş
YaSwami 9 years ago- Şeýletak welini, indi beýle däl, Zenan dmk komandiriňdir,Zenan dmk -eklewjiňdir,Daň atanda, işindedir, gaharyny getirseň purkurordyr, podarka berseň dostyňdyr,aýlyk berseň hossaryňdyr,