Essalamaleýkum, Beýik Ýaradan Alladan Size rehim şepagat we mähirlilik bolsyn Elbetde biziň aramyzda çagalarymyzda bardyr, elbetde indi çagada garaşýandyrys, ýöne çaga bendesi biziň üçin kim ?. Her kim bir hili jogap tapýar, ol biziň ýaranymyz, geljegimiz, arkadagymyz, neslimiz...w.ş.m. Emma çagalara häzirki ene-atalar we çagalar ene-atalara düýbünden üýtgedi, bir hilek iki taraplaýyndan-da jogapkärçilik, borç gyzygy ýok. Ynha bir maşgalada çaga dünýä inýä. Muňa ene-ata diýseň begenýär. Ilki bada çagajyk oýnawaç ýaly bir zada öwürilýär. Her kim eline alyp ony öpüp, bagyryna gysyp gowy görmek keýpini goýanoklar. Elbet-de çaga gowy görlende özüni oňat duýgular bilen gurşap alýar, şonuň netijesinde çaga özüniň isleg arzuwlaryny kanagatlandyrmak hyýallaryda köpelýär. Bu tebigi zat, ýöne çagaň daşyna gurşalayp alan tebigi nogsanlyklar bilen göreşmäni bolsa, ene-atadan öwrenmese, nähili betbagytçylyga getirjegi, bir Beýik Alla bilýär. Şonuň üçinde köplenç ene-atalar ýapyk sredada, ýagny ýeke öýde we howluda saklany amatly görýär. Öýde bolsa çaga „ony etme, muny beýtme“, ýa-da „garagollyk edeniň üçin ynha saňa jeza“ diýip çagaň iýmitini, kesýäler, urýalar, ýençýäler ýa bolmasa „näme etseň et“ diýip çagany näme bilen meşgullanýandygyny bilen asla gyzyzklanmaýar. Çaga ynsany dogulandan, daşky sreda bilen tanyşmak bilen başlaýar, we doly öwrenmäge başlaýar we onuň teninden dürli agyrlary we hoşlyklary geçirip beýnisinde, özüçe duňýa gurluşy peýda bolýar. Eger-de çaga yzygiderli çäklendirmeleri bolup duryberse ondo, ýalan sözlemek ukyby artýar. Sebäbi ýalan sözlese azajykda azatlyk gazanýandygyny bilýär. Esasanam näme ene-atasy işde bolanlygy sebäpli hiç-hili çagaň edebine, howyply nogsanlyklaryna täsirinden mahrum bolýar, şeýlelik bilen çagalar „köçe „ edebini almaklyga çalyşýar. Çagalaryň ene-atadan pul soramak islegleriniň artmagy ene-atalary tolgundyrýar we pullaryny bir ýerlerde bukup goýmak çäresini gözleýarler. Çaga kämil ýaşa ýetenden soň özbaşdagy ene-ata bagly bolmagy, köp konfiliktlere getirýär. Käte çagalar ene-ata öýini terk edip gitmeli bolýarlar. Ene-atalary garrandan soň, çagalaryndan ynamy gaçyp ýeke ýaşamak arzuwunda bolýan wagytlarynam kän görýärin. Gadymky türkmen adamlary, Ogul- bolsa Döwlet,Gyz bolsa Ojak diýip hasaplapdyrlar, şonuň ücinde çagasyna ähli bilýän kärlerini öwredipdirler. Kiçiliginden urşmany,gylyç tutmany,at münmäni, söwda etmäni, goýun soýmany,tüpeňden, ýaýdan nyşana urmany öwredipdirler. Şol döwüriniň ene-atalary çagalaryny kämil ýaşyna ýetirmek üçin elinden gelen kömeklerini beripdirler. Bolmasa näme, kämil ýaşyna ýetip ,ýene-de ene-atasyna bakna bolsa, ol „döwlet“ we onyň maşgalasy dagap, ölüme getirmegi bellidi. Sol döwurlerde Edep bermek däbi diýseň wajyp bir orny eýäläpdir, sebäbi çagaň edebi bilen, daşyndaky duşmanam doslyga çekýandigini we durmuşda uly orun alýandygyny synlapdyrlar. Edepde-matal, hüwdüler, monjygatdy, nakyllar, hadyslar,durmuşyň dürli temasyna degişli goşgylary ýat tutmak, salamlaşmak, sagbollaşmak, myhman kabul etmek, myhma ugratmak, nahar iýeňde bisum bolmazlyk we köpçülik bilen başlamak we gutarmak ýaly sözlerden ybarat. Çaga kämil ýaşyna ýetip ýetmäkä özbaşdaklygy eýe bolup, indi öz gezeginde ene-atasyny saklamakda borjyny mähirlilik bilen kabul etýär. Hatda garryene-we garryatasynam soňky demine çenli saklar ekenler. Häzirki döwürde bir hili çaga bilen eneatasynyň arasynda borçlary bir-birinden daşlaşýar.Ýöne muňa çykalga barmykan ! Meniň pikirimçe şeýle bolsa kem bolmazmykan öýtýän ! • Çaga kiçikä onyň iseleg arzuwlaryny içgin öwrenmek we onyň bilen oýnamak, käte ýadap gelen bolsaňyzam onyň aýdyp berýan wakalaryny diňlemek. • Çagalary hökmany suratda fiziki hereketler bilen meşgul boldyrmakda , käte-käte daglara mündürmek çöle, düze, tokaýlara äkidip ot ýakyp piknik etmek. Esasanam piknigi özlerine etdirtmeli. • Esasy çagalaryň ynamyny gazanmaly, ýagny Size islendik içki pikirlerini aýdar ýaly gazanmaly maşgaladan ýa ýeke Eje bolsada, Kaka bolsada, hökmän suratda haýsam bolsa biriňize içini dökmäne rusgat bermeli. • Size Iç gysgynç Multik we kino bolsada bile görjek bolyň we kä personažlaryň oňat iş edende derrew „ynha görýamiň şol personaž şeýle işler etdi, şonyň üçinde ol şeýle gowy ýa erbet güne galdy“ diýip edebi gepleşikleri dowam etmeli. • Gyş wagty daşaryk çykarmana gorksaňyz, öýiň içinde dyrmyşyp müner ýaly we aslyşar ýaly bir germew ýa-da turnik etseňiz çagaň psihakysynada we saglygynada gaty peýdasy kändir. • Çagalaryň dostlary bilen oýnjagyny alyş çalyş etse käýemäň we bir-biriniň oýnawaçlaryny oýnasa päsgel bermän. Ýöne oýnawaçlary öýe getirip „tapdym“ diýse allanmaň hökmany suratda eýesini tapyp oýnjagy eýesine tabşyrdyň. • Çagalar öz ara urşsalar we aglap gelsede zat diýmäň, bu ýeke öz deňduşlary bolsa şeýdip bilersiňiz,eger-de ožünden üç-dört ýasynda bolsa onda Siz çagaňyzy goramaga haklysyňyz. • Oglan çagany iki üç ýaşynda badak salan bolup,aýagyndan tutup ýykan bolup urşan bolmaly şol çaga urş tälimini bermeli, 12 ýaşyna çenli urşan bolup urş tälimlerini öwretseňiz ,özüni hiç bir dostyna öýkeletmäne bermez. • Gyz çagalary 4-5 ýaşdan eline triýapkajyk berip pol supurtmäni,saçak aýyrmany, içeri süpürmäni, gap çanak ýuwmany öwretmeli, ýöne muny ilki bilen öz höwesine etdirtmeli,ýagny gaty höwesi bolmasa beýle işler etdirtmeli däl. 7-8 ýaşdan doly derejede kömekçi edip bilersiňiz. Nahar we keşde tikin çatyn 14 ýasyna çenli doly derejede öwredip ýetişmeli. Soňra giç bolýar. • Dine uýmaklygy, ilki bilen özüňiz görelde bolmaly. Din- ylym. Ylymy bermekde howlykmaly däl. Hadyslary we onuň manysyny gyzykly edip düşündirseňiz Siz öz borjyňyzy aňsat düşündurersiňiz. • Çagaň namaz okamagy wagty gelende, Siz namazyň ähli kadalaryny öwrediň ýöne namaz okamagy güýç bilen hüjüm etmäň namaz okatmakda zorlomaň.Esasy çagalaňyz birden namazy öz isledgi bilen okasy gelse, namazyny bilse ,öz ugrynada okap gider, okasy gelmesede zorlygyň geregi ýok. Sebäbi namazy ene-atasyndan gorkup okamagyň özi bir ýalňyşlykdyr we dünýäň syrly duýgularyny owrenip bilmän Beýik AllahuTagala ýigrenç bilen gararlar we özini dinden azat duýanda, janyň hezzetini saga-çepe urup külini çykararlar, şonda dinem ýiter çagada. • Çagada bolsa dine her kim öz ýurek imanyny duýup gelýäler,çagalara din öwredeniňizde kanagatly,sabyrly,mylakatlygy ýadyňyzdan çykarmaň. • Telewizorda ululaň görýan kinolaryny, görkezmäň, ýada keýlockda(glupda) goýuň. Sputnikden ýörite çagalaň multik we kinolaryny düzmäne çalşyň. Mümkün bolsa ,olaryň görýän multik kinolaryna päsgel bermäň ýöne üç sagatdan artykmaç otyrtmaň. • Kompýuter oýunlardan, minimum iki sagat,maksimum üç sagatdan kän otyrtmaň. Aglap öýkelesede öwrenişdirmäň. Kitap okamany we ýazmany ymyklyja öwrediň. Kitap öwredeňizde birinji bilen özüniň gyzyzklanýan temasyny saýlaň we suratlyrak kitabyny alyp okatmany öwrediň. • Eger ene-ata işe gitýän bolsa we çagalaryňyz okuwa gitýän bolsa, öyiň açaryny çagalaryňyza ynanyp ugraň we gapyny açmany we guplamany öwrediň. Öýe gelenlerde çaý göymany öwrediň. Ýöne gazyň, plitaň howupsyzlygyny öwrediň. Gapyny tanamaýan adamlaryna açmazlygy ündäň. Açary boýunundan asmany öwrediň we hiç kime görkezmezligi we bermezligi ündäň. Okuwdan gelende ene-ata jaň etmekligi, we sapaklaryny ýerine ýetirinden soň daşaryk gitjekligini ene ata jaň etmekligi talap ediň. Ene-atalar jaň edip çagalarynyň hal ýagdaýyny iki sapar jaň edip hal ýagdaýyny soraň. • Suratly we Wideo Sotkany 16-y ýaşyna ýetinçä bermän, egerde kiçi ýaşly çaga bolsa ýönekeý sotkalary alyp berseňizde bolar. Ýöne çagaň göwnünden turjak bolup kiçi ýaşly çagalara ,gymmat bahaly telefon almasaňyz,howupsyzlygynada gowy bolardy. Çaga kämil ýaşyna ýetenden soň, bary bir Size diňlemeýär. Ýone dostlyk hökümünde masalahat berip bilersdiňiz. Sebäbi kämillik ýaşa ýetenden soň ,özüniň hususy gözýetimi, hususy durmuşa garaýşy bolýar. Şol kämillik ýäşyna ýetinça näme guýsaňyz, şonam göterer. Özbaşdaklyga kiçilikden öwretseňiz, Sizdende kämil we Siziň aladaňyzy etýän Adam bolup çykjagyna ýürekden ynanýan. Elbetde bu forumda Sizem goşandyňyz goşup bilersiňiz. Geliň adamalar çagalarymyzy ýurekden edep-terbiýe bereliň we terbiýe bermeklikde ýaltalyk we ýadawlyk etmäliň !

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir