( XVI asyr) Kerwensaraýyň derwezesi diýlip atlandyrylýan ýadygärlik harabaçylygyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär. Kerwensaraý ýönekeý hojalyk desgalaryndan ybarat bolup, ol gaty bir haşamlanylyberilýän ymarat bolmaýar. Emma bu peştagyň galyndylarynda soltan Tekeşiň mazaryndaky nepis işlenen nagyşlara çalym edýän nusgalar bilen Törebeg hanym guburhanasynyň ýonup edilen nagyşlaryna meňzeş bezegler hem duş gelýär. Şol we başga-da birnäçe sebäplere esaslanyp, peştagyň ykbaly bilen gyzyklanan alymlar bir wagtky ymaratyň kerwensaraý bolandygyna şübhelendiler. Olardan A.Ý. Ýakubowskiý XIX asyryň 30-njy ýyllarynda bu ymarat köşk ýa-da medrese bolandyr diýip çaklapdy. W.I. Pilýawskiý hem bu ymarat horezmşalaryň köşgi bolup, Teýmir leň tarapyndan ýörite ýumrulandyr diýen pikiri orta atdy. Bu täsin galyndynyň haýsy niýet bilen we haçan gurlandygyny diňe ýörite gazuw-agtaryş işleri kesgitläp biler. Emma beýle gazuwlar henize çenli geçirilenok.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir