Körler we pil. Bir döwletiň ullakan şäheriniň ähli ýaşaýjylary kör ekenler. Ynha bir gün, o ýurdy basyp aljak padşa öz goşyny bilen şäheriň gyrasyndaky bir çöllük ýerde mesgen tutýar. Onyň harby goşunynda, köp urşlarda, ady şöhratlanan bir urşyjy pil bar eken. Onyň bir sypaty bilen duşmany eýmendirýär eken. “Pil diýilýän jandar nähili zatkan” - diýip şäheriň ähli ýaşaýjylary sabyrsyzlyk bilen bilesleri gelipdir.Ynha bir gun, şäherden, körleň jemgiýetinden bir topar adam saýlanyp, bu piliň nämedigini çözmek üçin padşanyň ýanyna rowana bolýarlar. Piliň nähili zatdygyna birjikde düşünmeýän kör adamlar, piliň ähli tarapyna geçip elleri bilen sypalap sermenip, elläp görýäler. Her kim bir bölegini elläp, “indi bu piliň näme zatdygyna düşündüm”, “men indi bu pil barada hemme zat bilýän”- diýip her kim özüni makul bilýär. Haçanda olar şähere gaýdyp baranda, sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran kör şäherçiler olaryň daşyna üýşüp hakykaty bildim diýen ol körleriň kimiň name hakykat aýtýandygyny bilesleri gelipdi . Ol pili sypap sermäp gelen kör ilçilerinden, piliň nähili sypatdadygyny soraýardylar we olaryň düşündürýän zatlaryny diňleýärdiler. Piliň gulagny elläp gören kör: “Pil-bu bir ullakan, giň, halyň ýüzi ýaly bir zat” -diýär.  Piliň holtumyny elläp gören kör: “Men size dogrymy aýdyp biljek, bu hakykatdanda ujy deşik turba meňzeýär, özüniňem gaty gorkunç, sizi helägem edip bilýär” -diýär. “O pil daşdan ýasalan sütün ýaly berk we ullakan“ -diýän nägile üçinji kör, piliň aýagyny we dabanyny elläp görüpdi.           Her biri piliň haýsam bolsa bir ýerini elläp görüpdi. We her bir kör ýalňyş düşünüpdi. Olar akyly bilen bu bölekleýin zat bütenleýin bir zatdygyna aňyp bilmediler: sebäbi bilim we ylym körleň hemrasy bolup bilmeýär. Pili göz öňüne getiren kör ynsanlar, hakykatdan daşdadylar. Oýlanyp ýönekeý pikir bilen Allanyň ýardanyna düşünüp bolmaýar. Ýönekeý pikirleriň kömegi bilen dogry ýolyň dersini alyp gidip bolmaýar. (Sebäbine düşünmän aýtmaly däl) * Bu taryh Rumiň “Mesnewi” diýen kitabynyň “Garaňky tamyň içindäki pil” diýen eserinden alyndy. Bu gürrüňi Hekim Sanaýi diýen adam, “Hakykat bagynyň daşyna oralan haýat” diýen özüniň klassiki sopyçylyk kitabynda gaty irden bäri ulanyp gelendigini ýatlaýar. Ol 1441-nji ýylda ýogalýar.*  Bu gürrüňleri sopylaryň logika taýdan pikir etmek maksadyny gowylandyrmak üçin döredilen hekaýa Bu gurrüň asyrlar boýy aýalanyp bizizň günlerimize ýetipdir.

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
    YaSwami 8 years ago
  • Okanyňyz üçin Sizede köp sag boluň!
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri