1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gije 9 ball derejesindäki güýçli ýer titreme parahat ukuda ýatan Aşgabady hem onuň töweregindäki obalary sanly sekundda harabalyga öwrüpdi. Gapyl adamlar kesegiň aşagynda galypdylar, pidalar gaty köpdi. Şol döwür Türkmenistan SSSR-iň düzümindäki ýurtdy. Sowet jemgyýeti urşuň yz ýanyndaky, stalinçilik režimiň iň gazaply döwri daşarky dünýä üçin doly ýapykdy. Bu tebigy betgatçylykda ölenleriň resmi sany Sowet häkimiýeti ýyllarynda 100 müňden sähel gowrak diýlip berlip gelnipdi. Emma Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň taryhy faktlara girizen käbir üýtgetmeleriniň netijesinde bu san 176 müň diýlip görkezilip başlanypdy. «Turkmenistan Ru» internet gazeti hem özüniň şu günki maglumatynda ýer yranmadaky bolan adam pidalarynyň sanyny 176 müň diýip görkezipdir.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir