Ede­bi­ýat äle­min­de il­kin­ji bo­lup, özü­niň es­se­le­ri bi­len mü­di­mi orun alan meş­hur fran­suz fi­lo­so­fy, döw­let iş­gä­ri we ýa­zy­jy­sy Mi­şel Eý­kem de Mon­ten 1533-nji ýy­lyň 28-nji few­ra­lyn­da Bor­do şä­he­rin­de at­ly-ab­raý­ly, bar­jam­ly maş­ga­la­da dün­ýä in­ýär. Onuň ka­ka­sy Pi­ýer Eý­kem şä­her hä­ki­mi we­zi­pe­sin­de iş­le­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, og­lu­ny lä­lik­si­ret­män, ki­çi­gö­wün­li edip ös­dür­ýär. Ýö­ne ol ýaş Mi­şe­liň bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy üçin elin­den ge­le­ni gaý­gyr­ma­ýar. Ýaş­ly­gyn­da er­kin bi­lim al­ma­gy Mon­te­niň gel­jek­de pes­päl, adam­kär­çi­lik­li, ab­ra­ýy gö­te­ri­nip bil­ýän adam bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Mon­ten mek­dep ýyl­la­ryn­da­ky berk ny­zam­dan, edil­ýän ta­lap­lar­dan uzak­laş­mak üçin ede­bi­ýat, ta­ryh bi­len ýa­kyn­dan gy­zyk­la­nyp ug­ra­ýar we dö­re­di­ji­li­gi­ne şy­gyr hem-de ýol ýaz­gy­la­ry­ny ýaz­mak bi­len baş­la­ýar. Ol zäh­met ýo­lu­na 1554-nji ýyl­da Bor­do par­la­men­tin­de baş­la­ýar. Bu ýer­de iş­läp ýör­kä La Bot bi­len ta­nyş­ýar we bu ta­nyş­lyk wag­tyň geç­me­gi bi­len ýa­kyn dost­lu­ga öw­rül­ýär. Ýa­zy­jy 1565-nji ýyl­da öý­len­ýär we al­ty ça­ga­sy bol­ýar. Em­ma olar­dan di­ňe bi­ri onuň nes­li­ni do­wam et­dir­ýär. 1568-nji ýyl­da ka­ka­sy Pi­ýer Eý­ke­miň ara­dan çyk­ma­gy bi­len, ýe­ke özi maş­ga­la ke­şi­gi­ni çek­me­li bo­lan Mon­ten öz is­le­gi bi­len döw­let işin­den aý­ry­lyp, lük­ge­li­gi bi­len es­se­le­ri ýaz­ma­ga be­ril­ýär. Onuň bu ese­ri­ni ýaz­ma­gy­nyň esa­sy mak­sa­dy dün­ýä meş­hur bol­mak ýa-da ga­zanç et­mek däl-de, ada­myň iç­ki me­ni­ni ýü­ze çy­kar­mak bo­lup­dyr. Mon­ten 1580-nji ýyl­da Ýew­ro­pa sy­ýa­ha­ty­na baş­la­ýar. Bu sy­ýa­ha­ty­nyň do­wa­myn­da gö­ren-eşi­den­le­ri­ni ýaz­ga ge­çir­ýär. Bu ýaz­gy­lar 1774-nji ýyl­da “Sy­ýa­hat gün­de­li­gi” ady bi­len ne­şir edil­ýär. Ýa­zy­jy Rim­de ge­zip ýör­kä, Bor­do şä­he­ri­niň hä­ki­mi we­zi­pe­si­ne bel­le­ni­len­di­gi ha­kyn­da ha­bar al­ýar we dog­duk şä­he­ri­ne do­la­nyp ge­lip işe baş­la­ýar. Ýö­ne ol bu ýer­de uzak wagt iş­läp bil­me­je­gi­ni bil­ýär we meý­le­tin­lik bi­len wezipesinden ýüz öwürýär. “Ada­myň baş mak­sa­dy adam bol­ma­gy öw­ren­mek­dir” di­ýen pi­ki­ri öňe sü­ren ýa­zy­jy 1592-nji ýy­lyň 13-nji sent­ýab­ryn­da ara­dan çyk­ýar. Es­se­ler we es­se žan­ry Es­se žan­ry öz göz­ba­şy­ny XVI asyr fran­suz ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­ki­li Mon­ten­den alyp gaýd­ýar we gys­ga wag­tyň için­de Ýew­ro­pa, onuň üs­ti bi­len hem bü­tin dün­ýä ýaý­ra­ýar. Mu­nuň se­bä­bi­ni es­se­le­riň tu­tuş adam­zat me­se­le­le­ri­ni goz­ga­ýan­ly­gy bi­len dü­şün­dir­mek müm­kin. Mon­te­niň aý­ra­tyn hem Fran­si­ýa­da meş­hur bo­lan “Nä­me bil­ýä­rin?” di­ýen şy­ga­ry bu ese­riň baş­lan­gy­jy di­ýip ha­sap et­sek, ha­ky­kat­dan daş­laş­dy­gy­myz bol­ma­sa ge­rek. Şu baş­lan­gyç­dan ugur alan ýa­zy­jy­nyň baş mak­sa­dy öz iç­ki me­ni­ni or­ta çy­kar­mak bi­len dün­ýä­ni, tu­tuş adam­za­dy we şo­lar bi­len bi­le­lik­de hem özü­ni ta­na­mak we ta­nat­mak­dyr. Şol se­bäp­li bol­sa ge­rek, ol bu ese­rin­de özü­niň iç­ki dün­ýä­si­ni, pi­kir­le­ri­ni as­la ýu­mar­la­jak hem bol­man, ha­ky­ky bol­şy ýa­ly or­ta at­ýar. Es­se­le­ri oka­mak, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ada­my ta­na­mak ýo­lun­da­ky il­kin­ji ädim­ler­dir. Bu adamyňam, ýa­zy­jy­nyňam özü­dir hem özi däl­dir. Onuň özi diý­me­gi­mi­ziň se­bä­bi, ýa­zy­jy öz dur­muş tej­ri­be­si­ni, okan-eşi­den, bil­ýän zat­la­ry­nyň ba­ry­ny or­ta atýar we oky­jy bi­len ga­ýy­ba­na paý­laş­ýar. Özi däl diý­me­gi­mi­ziň se­bä­bi bol­sa, ol tu­tuş adam­zat me­se­le­si ha­kyn­da, äh­li adam­lar ba­ba­tyn­da gür­rüň ed­ýär. Es­se­le­riň ýa­zy­lyş täri hem Möw­la­na­nyň hat­la­ry ýa­ly söz­le­ýiş tärin­de­dir. Gür­rüň edil­ýän me­se­le bi­len bag­la­ny­şyk­ly ga­dy­my grek, rim akyl­dar­la­ry­nyň aý­dyp ge­çen pä­him-pa­ra­sat­ly söz­le­ri­niň, ta­ry­hy wa­ka­la­ryň my­sal alyn­ma­gy onuň yl­my ta­ra­py­nyň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýän hem bol­sa, bu yl­my eser ha­sap­la­nyl­ma­ýar. Se­bä­bi ýa­zy­jy yl­my fakt­la­ry de­lil hök­mün­de däl-de, my­sal ge­tir­mek bi­len çäk­len­ýär. Oky­ja bol­sa di­ňe özü­çe ne­ti­je çy­ka­raý­mak gal­ýar. Has çe­per­leş­di­rip aýt­sak, is­le­se, süý­de ga­rap süýt, is­le­se-de si­ňe se­re­dip, gan gör­sün. Mon­ten bu ba­ra­da-da “Hiç kim is­len­dik bir za­dy kes­git­li bil­ýän däl­dir, bil­me­zem” di­ýip ýa­zyp­dyr. Es­se­le­ri çe­per eser okan ýa­ly baş­dan-aýa­ga oka­ma­gyň ze­rur­ly­gy ýok­dur. Çün­ki onuň her bö­lü­min­de aý­ra­tyn me­se­le ba­ra­da gür­rüň edil­ýär. Soň­ky dö­wür­de türk­men ede­bi­ýa­tyn­da do­ly bol­ma­sa-da, bu žan­ra mah­sus kä­bir ala­mat­la­ry bo­lan ýaz­gy­lar peý­da bo­lup baş­la­dy. Mu­ňa my­sal hök­mün­de ýa­zy­jy Ata­jan Ta­ga­nyň “Ga­ra­gum” žur­na­lyn­da bö­lek­le­ýin ne­şir edi­lip ge­lin­ýän “Kyrk ýyl­da ýa­zy­lan ki­ta­by­ny”, Mu­ham­met­gu­ly Aman­sä­he­do­wyň “Ede­bi­ýat­çy­nyň ýaz­gy­la­ry­ny” gör­kez­mek bo­lar. Bu bol­sa, il­kin­ji ge­zek Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de es­se žan­ry­na ýüz­le­ni­len­di­gi­ni gör­kez­ýär. Monten: Ça­ga ter­bi­ýe­si barada Og­ly şi­kes­li bol­sa-da, bu ke­mis­li­gi üçin oňa üns ber­me­ýän ata duş gel­me­dim. Bu onuň og­lu­nyň ke­mis­li­gi­ni gör­me­ýän­di­gi­ni aň­lat­ma­ýar. Her nä­me-de bol­sa, ol ça­ga onuň per­zen­di­dir. Düýn öýü­me ge­lip, has ir­ki ýa­zan­la­ry­my okan bir aýal maş­ga­la, ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­mek ba­ra­da-da nä­me-de bol­sa, bir zat­lar ýaz­ma­gy­myň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Hor­mat­ly ha­nym, eger bu ugur­dan aza­jyk tej­ri­bäm ýa-da bil­ýän za­dym bol­sa­dy, ýa­kyn wagt­da öýü­ňi­ze go­wuş­jak bu ýaz­gy­la­ry­ma bar aza­by­my siň­di­rer­dim. Ýö­ne ça­ga bi­lim we ter­bi­ýe ber­me­giň äh­li iş­ler­den kyn hem gü­zap­ly­dy­gy­ny ma­gat bil­ýä­rin. Ekin ekil­mez­den öň, ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li iş­ler aň­sat hem anyk­dyr. Bel­le­nen we­zi­pe­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­den soň, ýe­re to­hum at­mak kyn iş däl. Ýö­ne ekin gö­ger­mä­ge baş­lan­da, dür­li kyn­çy­lyk­lar we gö­rül­me­li çä­re­ler ýü­ze çy­kyp ug­ra­ýar. Bu ýag­daý adam­lar ba­ba­tyn­da-da şeý­le. Has dog­ru­sy, dün­ýä inen gü­nün­den baş­lap, onuň ter­bi­ýe­si we bi­li­mi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ene-ata­syn­da ala­da­dyr ün­ji dö­räp ug­ra­ýar. Yn­san ba­la­sy he­niz ça­ga­ka gel­jek­de saý­la­jak ýo­ly ba­ra­da şeý­le bir az, nä­bel­li ala­mat­lar gör­kez­ýär we­lin, ony haý­sy ug­ra gö­nük­dir­je­gi­ňi bil­män kö­sen­ýär­siň. Gü­jü­giň ýa-da aýy ça­ga­sy­nyň ýa­ňy dün­ýä inen wag­ty hem gel­jek­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­li işi, ýö­re­jek ýo­ly bel­li­dir. Ýö­ne adam­lar wag­tyň geç­me­gi bi­len hüý-hä­si­ýe­ti­ni üýt­ge­dip bil­ýär. Adat­la­ry, däp-des­sur­la­ry ka­bul edip, ola­ra bo­ýun bo­lup hem bil­ýär­ler. Ýö­ne her nä­me-de bol­sa, ada­myň guý­ma­gur­sak ze­hi­ni­ni, iş ba­şar­jaň­ly­gy­ny, uky­by­ny zor­luk bi­len üýt­get­jek bol­mak­ iň­ňe bi­len gu­ýy ga­zan ýa­ly­dyr. Şol se­bäp­li hem adam­lar köp­lenç bu peý­da­syz iş üçin wag­ty­ny we aza­by­ny ýe­le so­wur­ýar­lar. He­niz ça­ga­nyň öz­leş­di­rip bil­me­jek zat­la­ry­ny onuň beý­ni­si­ne guý­ma­ga ça­lyş­ýar­lar. Bu kyn­çy­lyk­la­ra ga­ra­maz­dan, men ça­ga­la­ryň şon­da-da, müm­kin bol­du­gy­ça, go­wy, peý­da­ly iş­le­re ug­ruk­dy­ryl­ma­gy; ça­ga hä­si­ýet­le­rin­den baş­lap, ýüz­leý edil­ýän pi­kir­le­re az äh­mi­ýet be­ril­me­li di­ýip, pi­kir ed­ýä­rin. Pla­ton “Döw­let” at­ly ese­rin­de bu­la­ra has köp äh­mi­ýet be­re­ne meň­ze­ýär. Ça­ga­ňy­za go­wy bi­lim hem ter­bi­ýe ber­dirt­mek üçin ha­ky­na tu­tan mu­gal­ly­my­ňyz­dan edip bil­jek ta­lap­la­ry­ňyz, il­ki­baş­da mu­gal­ly­my dog­ry saý­lap-seç­mek bi­li­me, üs­tün­li­ge elt­ýän ýol­dur. Bu­la­ryň bir­nä­çe äh­mi­ýet­li we­zi­pe­le­ri bar. Ýö­ne bu ugur­da hiç hi­li gür­rüň edip bil­jek däl. Çün­ki me­niň pi­kir­le­rim her mu­gal­ly­ma dür­lü­çe tä­sir ed­ýär. Ýö­ne ber­jek mas­la­hat­la­rym her bir mu­gal­lym üçin ynan­dy­ry­jy gol­lan­ma bo­lup bi­ler. Men dür­li mag­lu­mat­lar bi­len çi­şi­ri­len kel­lä­niň de­re­gi­ne kä­mil­li­ge ýe­ten ba­şy, mu­gal­ly­ma mah­sus ha­sap edil­ýän hä­si­ýet­ler­den ýo­ka­ry ah­la­ga we ze­hi­ne na­za­ry dü­şün­je­den has-da köp äh­mi­ýet be­ril­me­gi­niň ta­rap­da­ry. Ça­ga­kak gu­la­gy­my­za suw akan ýa­ly üz­nük­siz nä­me­dir bir zat­lar aý­dyş­dy­ryp, yzyn­da­nam aý­dy­lan­la­ry bi­rin-bi­rin gaý­ta­la­mak ta­lap edil­ýär. Ça­ga­ňy­za bi­lim ber­jek mu­gal­ly­myň bu usu­ly saý­la­maz­ly­gy­ny hem-de oku­wyň il­kin­ji gü­nün­den baş­lap ça­ga­nyň ze­hin de­re­je­si­ne, onuň uky­by­na, ba­şar­jaň­ly­gy­na gö­rä, ugur saý­la­ma­gy­ny is­lär­dim. Mu­gal­lym öw­re­nil­ýän mow­zu­ga kä özi ug­ruk­dyr­ma­ly, kä­te bol­sa, bu işi okuw­çy­nyň özü­ne goý­ma­ly. Sa­pak wag­tyn­da di­ňe mu­gal­ly­myň özü­niň gep­le­me­gi­ni, tä­ze pi­kir­le­ri or­ta at­ma­gy­ny däl, ýe­ri ge­len­de okuw­çy­nyň hem pi­ki­ri­ni diň­le­me­gi­ni is­lär­dim. Sok­rat we Ar­ke­si­las il­ki söz no­ba­ty­ny okuw­ça be­rip, soň özi gep­läp­dir. Mu­gal­ly­myň ça­ga­nyň dü­şün­je­si­niň kä­mil­le­şi­şi­ne göz ýe­tir­me­gi üçin oňa yzy­gi­der gö­zeg­çi­lik et­me­gi we bu işiň ne­ti­je­sin­de ýat­keş­li­gi­ni, ge­çi­len sa­pa­gy nä­de­re­je­de öz­leş­di­rip bil­jek­di­gi­ni anyk­la­ma­gy go­wy bo­lar. Bu iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şy­gyň kä­mil de­re­je­de ýo­la goý­lup bi­lin­me­ýän­li­gi üçin, biz köp zat­la­ry gar­jaş­dyr­ýa­rys. Okuw­çy­la­ry bir-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dyr­mak we şo­ňa gö­rä he­re­ket et­mek me­niň be­let bo­lan iň kyn we­zi­pe­le­ri­miň bi­ri­dir. Çün­ki ça­ga­nyň ze­hin de­re­je­si­ni anyk­la­mak we ola­ryň her bi­ri­niň de­re­je­si­ne gö­rä, ýol sal­gy ber­mek iň mu­kad­des hem kä­mil aky­lyň işi­dir. De­pä dyr­ma­şyp bar­ýar­kam, aşak inen­dä­kim­den has ynam­ly we ba­tyr­gaý­lyk bi­len ädim ur­ýa­ryn. Köp­lenç ha­lat­lar­da edi­şi­miz ýa­ly, bir sa­pa­gyň do­wa­myn­da ze­hin taý­dan bir-bi­rin­den ep-es­li ta­pa­wut­lan­ýan okuw­çy­la­ra deň de­re­je­de bi­lim we ter­bi­ýe ber­mä­ge çal­şan ha­la­ty­myz­da, olar­dan ba­ry-ýo­gy iküç sa­ny­sy­nyň aý­dy­lan mag­lu­mat­la­ry bir­kem­siz öz­leş­dir­me­gi adat­dan da­şa­ry ýag­daý däl­dir. Mu­gal­lym okuw­çy­syn­dan di­ňe bir sa­pak­da ber­len mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­lat­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, öw­red­ýän za­dy­nyň düýp ma­ny­sy­ny, ony öw­ren­me­giň ze­rur­ly­gy­ny hem öw­ret­me­li­dir. Okuw­çy­nyň öw­re­nen zat­la­ry­ny di­ňe bir ýat tu­tup aý­dyp ber­me­gi bi­len däl, eý­sem, onuň özü­ni alyp bar­şyn­da, he­re­ket­le­rin­de ýü­ze çy­ky­şy­ny duý­ma­ly­dyr. Okuw­çy­nyň sa­pa­gy öz­leş­di­ren­di­gi­ni ýa-da öz­leş­dir­män­di­gi­ni anyk­la­mak üçin onuň şol bir mowzugy köp­ta­rap­la­ýyn öw­ren­me­gi­ni ta­lap et­me­li­dir. Iý­mit aş­ga­za­ny­myz­da si­ňen ýag­da­ýyn­da peý­da­ly­dyr. Eger-de siň­me­se, on­da ony iý­mek bi­len iý­mez­li­giň hiç hi­li ta­pa­wu­dy ýok­dur. Epi­kar­mos aky­lyň äh­li za­dy gör­ýän­di­gi­ni we eşid­ýän­di­gi­ni, hem­me za­dyň ne­ti­je­si­ni gör­kez­ýän­di­gi­ni, re­je­le­ýän­di­gi­ni, he­re­ket et­dir­ýän­di­gi­ni, buý­ruk ber­ýän­di­gi­ni we do­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny, ga­lan äh­li zat­la­ryň ba­tyl­dy­gy­ny we ýa­lan­dy­gy­ny öňe sü­rüp­dir. Ýö­ne biz öz aky­ly­my­zyň is­leg­le­ri­ne bo­ýun bol­man, gaý­tam, ony jy­law­la­ýa­rys. Haý­sy bir mu­gal­lym öz okuw­çy­syn­dan söz­le­ýiş me­de­ni­ýe­ti ýa-da dürs ýa­zuw ka­da­la­ry, ýa bol­ma­sa Çi­çe­ro­nyň haý­sy-da bol­sa aý­dan bir pä­him­li sö­zi ha­kyn­da­ky pi­ki­ri­ni so­ra­dy­ka? Ýat tut­mak bil­mek däl­dir. Bil­mek, hu­şu­my­za ama­nat be­ren mag­lu­mat­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak­dyr. Sö­züň ha­ky­ky ma­ny­syn­da­ky bil­mek­lik, my­sal göz­le­mez­den ýa-da ki­ta­ba göz gez­dir­mez­den su­wa­ra bil­ýän­le­ri­miz, ýag­ny aňy­my­za siň­di­ren mag­lu­mat­la­ry­myz­dyr. Her ke­siň yla­laş­ýan bir pi­ki­ri bar: ça­ga­ny ene-ata­sy­nyň elin­de ulalt­mak o di­ýen bir go­wy gö­rül­me­ýär. Te­bi­gy söý­gi ça­ga­nyň ýum­şak hä­si­ýet­li bol­ma­gy­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ça­ga­nyň di­ňe bir akyl taý­dan däl, eý­sem, fi­zi­ki taý­dan hem ös­me­gi, kä­mil bol­ma­gy ge­rek. Çün­ki, eger-de, gol­daw bol­ma­sa, ze­hin ösüş­den gal­ýar. Ze­hin bu iki­si­ni şol birwag­tyň özün­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek­den ejiz gel­ýär. Öz ze­hi­ni­miň, bar­ça ze­hi­ni­miň kö­me­gi bi­len bar­ly­gy­ny do­wam et­dir­ýän ejiz hem yn­ja­lyk­syz ten bi­len bi­le­lik­de, nä­hi­li de­re­je­de kyn­çy­lyk çek­ýän­di­gi­ni bil­ýä­rin... Pel­se­pe­çi­le­riň çy­dam­ly­ly­gy ýü­re­gin­den, tür­gen­le­riň çy­dam­ly­ly­gy bol­sa, güý­jün­den rüs­tem­dir. Oku­wyň kyn­çy­lyk­la­ry­na döz gel­me­gi ba­şar­magy, dur­mu­şyň äh­li kyn­çy­lygy­na çy­da­ma­gy öw­ren­megidir. (Dowamy bar). Taýýarlan Jem­şit DUR­DY­ÝEW,

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir