Milli teleradioýaýlymlaryň gepleşikleri türkmen hemrasy arkaly ýaýlyma berlip başlandy Şu günler milli telewideniýäniň we radionyň gepleşikleri “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk hemrasynyň üsti bilen ýaýlyma berlip başlandy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ozal habar berlişi ýaly, telekontenti ulanyjylar özleriniň antennalaryny gündogar uzaklygyň 52 gradusyna gönükdirip, onuň hyzmatlaryndan peýdalanyp biler. Şol uzaklykda, Ýer ýüzünden 35 müň kilometrden gowrak belentlikde orbitada türkmen hemrasy ýerleşýär. Aragatnaşyk hemrasyndan milli ýaýlymlaryň alnyp görkezilişi giň çägi – tutuş Ýewropany, demirgazyk Afrikany we Aziýanyň ep-esli bölegini gurşap alýar. Şol çäkde 1 milliard 200 milliona golaý adam ýaşaýar. Olaryň ählisi türkmen elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň geljekki tele tomaşaçylardyr we radio diňleýjilerdir. Gepleşikleri alyp görkezmek ýokary takyklykda wertikal polýarizasiýada akymyň sekuntda 27 müň 500 simwol tizliginde amala aşyrylýar. “Altyn asyr: Türkmenistan”, “Ýaşlyk”, “Miras”, “Türkmenistan” teleýaýlymlary we dört sany radioýaýlym 12264 MGs ýygylykdaky transponderden, paýtagtymyzyň durmuşy hakyndaky “Aşgabat”, “Türkmen owazy” we “Türkmenistan: Sport” teleýaýlymlary bolsa 12 303 MGs ýygylykda kabul etmek bolýar. FEC -- örän köp möçberdäki maglumatlaryň derejesidir. Ondan alnyp görkezilişiň derejesi 2/3-e barabardyr. Munuň özi amatsyz şertlerde hem gepleşikleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. “TürkmenÄlem 520E” hemrasy ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynyň gepleşiklerini alyp görkezmegi başlamak bilen, milli telekontenti ulanyjylara ýetirmekde Türkmenistanyň isleglerini üpjün edýär. Galyberse-de, bu ýagdaý biziň hyzmatdaşlarymyza geljekde aragatnaşyk hemrasynyň täjirçilik maksadynda ulanmagynyň mümkinçilikleri barada habar berýär. Munuň özi olar üçin hyzmatdaşlyk etmäge çakylyk bolup durýar. Ýurdumyzyň teleradiogepleşiklerini “TürkmenÄlem 520E” hemrasynyň uçurylmazyndan öň ulanylan ýaýlymlar boýunça hem alyp görkezmek mümkinçiligi saklanyp galýar. Munuň özi hem tomaşaçylary giňden çekmäge ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligi döredildi. “TürkmenÄlem 520E” hemrasy Ýeriň golaýyndaky orbita 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde çykaryldy. Türkmenistanyň buýurmasy boýunça ol “Thales Alenia Space” fransuz kompaniýsy tarapyndan döredildi. Emeli hemra geostasionar orbitada bellenen nokada zerur barlaglaryň ählisi geçirilenden soň çykaryldy. Bu barlaglar onuň ýokary ulanyş häsiýetlerini tassyklady. Iýun aýynyň başynda aragatnaşyk hemrasy türkmen tarapyna dolandyrmaga berildi. Fransuz kompaniýasy şeýle hem ýurdumyzyň hünärmenlerini taýýarlamagy üpjün etdi. Aragatnaşyk hemrasynyň gepleşikleri alyp görkezmek babatdaky mümkinçilikleri milli telewideniýäniň we radionyň isleglerinden örän ýokarydyr. Geljekde onuň transponderlerinden halkara önüm öndürijilerden we buýrujylardan giň möçberli tele we radio kontentiň alnyp görkezilişi we eşitdirilişi başlanar. Hemranyň mümkinçiliklerini täjirçilik maksadynda ulanmak, degişli hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, “Türkmen hemrasy” ýapyk paýdarlar jemgyýeti döredildi. Emeli hemra multiserwis aragatnaşyk hyzmatlaryny, şol sanda sanly teleradiogepleşikler, telefoniýa, wideokonferensaragatnaşyk, maglumatlary bermek, hemra Interneti, VSAT (Very Small Aperture Terminal) ulgamlaryny döretmek hyzmatlaryny hödürlemäge ukyplydyr. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir