Eýýäm şu günlerden bellenip başlan ýeňiş güni bilen hemmäňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gutlamak bilen size jan saglyk, uzak ömür, işde we durmuşda üstünlik ak ýürekden arzuw edýärin. Aýratynam biziň şu günki gün bagtly we bagtyýar ýaşamagymyz üçin ata WATANymyzy, ene topragymyzy döş gerip goran, jan alyp-jan beren pederlerimizi, şu günki gün biziň aramyzda görelde bolup ýören gerçeklerimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý olar indiki ýyllarda-da biziň aramyzda geljekki nesile görüm-görelde bolmaklaryny, agtyk ýa çowluklaryna däl eýsem ýuwluk we gowluklaryna guwanyp uzak we bagtly durmuşda ýaşasynlar! Sözümiň soňunda bir zat aýdasym gelýär weteran ýaşulylar bilen degişip-gülişdik birdenem weteranlaryň biri aglap gülüşmek gowy zat emma menem siz ýaly ýaşdym 16 ýaşymda bolup gördüm, ýöne nemisler meni şeýtdi diýdi, beýlekisi bolsa eýýäm 70 ýyl geçdi ýene 70 ýyl geçsede ýadymyzdan çykmaz diýip olam aglady... Ertir.com

Köneler, parahattm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir