Dellekhanada Ependi saçyny syrdyrmak üçin dellekhana barypdyr welin, garabagtyna oňa bir kelesaň dellek sataşypdyr. Dellek onuň kellesini kütek päki bilen gyýym-gyýym edipdir. Ependi özüne basalyk edip aglamakdan saklansa-da, gözleriniň ýaşyny saklap bilmändir, soňabaka gözleriniň öňi ümezläp başlapdyr. Birden ol daşarda turýan gohy eşidip, näme bolýandygyny dellekden sorapdyr. —Hol taýda demir ussasy at nallaýar—diýip, ol aýdypdyr. Ependi bolsa: —Şeýlemidi. Men ol ýerde-de biriniň başyny syrýarlarmyka öýdüpdirin—diýipdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir