Hawa, türkmen halkynyň gyz edebinе, perzent edebine, nesil terbiýesine garaýşy barada söz açylanda, ata-babalarymyzyñ „Çaga eziz, edebi ondanam eziz“ diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşйär. Ýelden-günden gorap kemala getiren perzendiň diňe bir boý–syratyna däl, eýsem olaryň başarnygyna, abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt. Asylzadalygyň asyl nusgasy bоlan ene-mamalarymyz özleriniñ gyz perzentleriniñ terbiýesine uly üns beripdirler. Türkmen gyzy diýlende sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz-öňünde gelýär. Olar ýazyjy-şahyrlarymyzyñ döredijiligинde-de öz mynasyp orunlaryny tapypdyrlar. Yşk mülkiniñ şasy Mollanepesiň döredijilignde „Seniň kimin gözel bolmaz jahanda“ diýip taryp edýän gyzlarymyz halkmyzyň arzuw-umutlarydyr, ýüzleriniñ tuwagydyr. Olara ar-namyslyлыk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, çeperçilik ýaly oňat häiýetler ýaraşýar. Ýaşaýşyň edep kerwenini çeken garry enelerden we mamalardan miras galan gowy gylyk-häsiýetleri ýaş gyzlarymyzyň özlerine endik edinip, geljek nesillerе-de görelde boljakdyrklaryna ynamyмыz ulуdyr. Taryha seр salsaк, türkmen gyzlary, türkmen zenanlary Вatana, öýüne, ojagyna, maşgalasyna, söwer ýarlaryna wepadarlygyň nusgasyny görkezipdirler. Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna geljekki durmuşynda gerek boljak hünärler: biş-düş, tikin-çatyn, haly dokamak, keçe çekmek, keşde çekmek, gaýma gaýamak ýaly inçe işleri öwredipdirler. Enäniň her bir hereketini gyz maşgala öz häsiýetine geçirýär. Şonuň üçin hem könelerimiz eneleriň öz perzentlerine, onda-da gyz çagalaryna görelde mekdebi bolmalydygy barada parasatly sözleri aýdypdyrlar. „Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny görde bizini“, „Эne gezer gyz gezer, garyp öýi kim düzer“ diýen ýaly nakyllarda maşgala ojagyny, hojalygynыń durkuny düzmekde zenan maşgalanyň el hünäriniň önümleriniñ: haly-palaslarynyñ we beýlekileriň zerurlygy nygtalýar. Gyzlaryň öz ejeleriniň el işlerine bolan ezberligi, yhlasyny ýörelge edinýändigini „Ýagşy ene ýagşy gyza görelde“ diýen nakyl hem tassyklaýar. Gülдen näzik göwnüň hiч wagt ynjamazlygy üçin gyzjagazlaryň geljekgi durmuşynyň aladasy olaryň çagalыgyнdan başlanýar. Öý-içeriniń arassaçylygy, bezegi gyz maşgalanyň iň bir belent borjydyr. Enelerimizиñ durmuş mekdebinde toplan tejribesi nesillerimize geçiren nusgalyk göreldesiдir. Milli matalarda tikilen egin-eşikler bolsa gyz-gelinleriň kalbyny täsin bir mukaddes duýgy bilen doldуrýar. Gyz maşgala hemmäniň gözünde bolýar. Onuň her bir hereketi, her bir aйdan sözi hemmeleriň ünsünde bolýar. Şonuń üçin ene-mamalarymyz gyzlara edep berende olara gürleşenlerinde, hat-da şatlanyp gülenlerinde sesleriniň iki ädimden uzaga eşidilmezligini ündäpdirler. Türkmen gelin-gyzlarymyzyń ädim-gylymyna, edep-terbiýesine kybapdaş gelýän olaryń boý-syratyny bezeýän egin-eşigi, şaý-sepleri öz boluşlygy bilen tapawurtlanyp, dünýä halklarynyń arasynda öz milliligimize buýsandyrýar. Durmuşda dürli edim-gylymly maşgaladan çykan dürli häsiýetli gyzlara gabat gelýäris. Olara biri ýagşy niýet bilen seretse, ýene biri ýazgaryjy nazar bilen seredýär. Mähirlije, edepli, sypaýy gyzy göreniňde oňa daşyndan höwes edýärsiň. Ýöne gynansagam «Süri agsaksyz bolmaz» diýilişi ýaly, köpçülikde tertipsizрäk gyzlaram gabat geläýär. Begenmeli ýeri wagtyň geçmegi bilen olaram gowylardan görelde alyp, gowa meňzemäge çalyşýarlar. Edeplijе gyzlaryň täsiri bilen olaryňam gün-günden edepli, terbiýeli, akylly gyz boluşlaryny synlanyňda begenjiň çägi bolmaýar. Ajaýyp ýurdumyzda her-bir ene-ata öz perzendiniň abraýyna, bagtyýa guwansyn! Türkmen maşgalasynda ene hüвdüsiniň şirin owazyny eşidip ulalan çagalarymyz Watana wepaly, topragyny, ýurduny jany-teni bilen söýýän akylly, mert oglan-gyzlar bolup ýetişsinler! Hormatly okyjylar siz hem gyz edebi barada öz pikirleriňizi beýan edepsiňiz diýip umyt edýäris.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir