Beýik Britaniýaly 85 ýaşly Entoni Smite 2011- ni ýylda özi tarapyndan plastmassa turbalaryndan taslanan gaýykda Atlantik ummanyny ýüzüp geçmek başardypdyr. Öz döwründe «BBC» «Tomorrow ̀s World» gepleşiginiň alyp baryjysy bolan Smite ummany geçmek üçin 66 gün gerek bolupdyr. Kanar adalaryndan başlanyp, Karib deňziniň adalarynyň birinde tamamlanan ýüzüş mahalynda ol 4500 kilometrlik ýoly külterläpdir. Ýüzüş döwründe dürli mahabatlardan alan girdejisini haýyr-sahawat gaznasyna geçirmegi meýilleşdirýän Smit golaý geljekde öz gaýygynda Ýuwaş ummanyny hem ýüzüp geçmegi meýilleşdirýändigini aýdýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir