2012 ý. Londonda tamamlanan XXX tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda spor¬tuň 30-dan gowrak görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi. Şol ýaryşlarda türkmen türgenleri sportuň 5 görnüşinde başarnyklaryny görkezdiler. Olimpiýa maksatnamasyna girýän görnüşleriň arasynda geljegi uly hasaplanýanlaiy-da bar. 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlarynyň Aşgabatda geçiriljekdigi üçin olimpiýa oýunlary bilen bagly habarlar janköýerleri has-da gyzyklandyrýar. Şonuň üçinem sportuň özüneçekiji we geljegi uly görnüşleri hakynda gürrüň etmegi makul bildim. Nyşana ok atmak. Bu görnüş boýunça guralýan ýaryşlar öz gözbaşyny Or-ta asyrlardan alyp gaýdýar. Şol döwürler Yewropada asmana kepderi uçuryp ony atmak boýunça awçylaryň arasynda ýaryş¬lar guralypdyr. Soň-soňlar kepderileriň ornuna tabajyklary ulanyp, ony sportuň görnüşine öwrüpdirler. Häzirki wagtda ABŞ-da, Günorta-Günbatar Aziýada, Italiýada, Germaniýada giňden ýaýran nyşana ok atmak 1986-njy ýyldaky Mehiko Olimpiadasynda ilkinji synagdan geçipdir. Onuň şu günki güne çenli olimpiýa maksatnamasyndan düşmän gelýändigi muşdaklarynyň barha köpelýändigim aňladýar. Ýelkenli gämileriň ýaryşy. Esasan deňiz ýakasyndaky döwletlerde (Beýik Britaniýa, Awstraliýa, ABŞ, Norwegiýa) meşhur bolan ýelkenli gämileriň bäsleşigi indi bir asyrdan gowrak wagt bäri tomusky Olimpiadalaryň maksatnama¬syndan düşmän gelýär. 1900-nji ýyldan bäri ýelkenli gämileriň dür¬li nusgalarynyň 50-den gowragy olimpiadalara gatnaşypdyr. Şu wagt bolsa onuň «Finn» we «Ýyldyzly» diýen nusgalary olimpiýa medallary ugrunda bäsleşýärler. Hazaryň türkmen kenarynda hem sportuň şu görnüşi bo¬ýunça bäsleşikleriň geçirilip bilinjekdigi bu görnüşiň bize hem ýat däldigini aýtmaga esas berýär. Batutda bökmek. GDA-nyň käbir ýurtlarynda we Russiýada hem, Hytaýdyr Germaniýada hem, hatda ABŞ-da hem spor¬tuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň uly toparyny görmek bolýar. 2000-nji ýyldaky Sidneý Olimpiadasyndan bäri batutdan bök¬mek boýunça olimpiýa me¬dallary ugrunda bäsleşikler geçirilýär. Ol ozal suwa bökýänlere, gimnastikaçylara, sirk akrobatlaryna türgenleşik geçmäge ýardam eden bolsa, indi üstüne tor çekilen desganyň üstünde bökmek boýunça ýaryşlar geçirilýär. Şu ma¬hal çagalaryň maýyşgak diwana çykyp bökýän pursatlary göz öňüňize gelendir. Taekwondo. Koreýada dörän bu başa-baş göreşiň olimpiýa oýunla¬rynyň maksatnamasyna girizilmegi onuň çygryny has giňeltdi. Ol esasan Koreýa Respublikasynda, Hytaýda, Taýwanda, ABŞ-da, Meksikada giň ýaýran bolsa-da, şu ýylky Olimpiadada Eýran, Owganystan ýaly golaý goňşularymyz hem baýrakly orunlary eýelediler. Sidneý Olmpiadasyndan bäri olim¬piýa medallarynyň eýeleri belli edilýänem bolsa, geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan başlap, bu görnüşi olimpiýa «maşgalasyna» goşmak boýunça tagalla edilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda sportuň sambo, karate, uşu, sumo ýaly milli görnüşlerini-de Olimpiadanyň maksatnamasyna goşmak boýunça alada edilýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir