Ependi kazynyň arabakeşi bolup işläpdir.Bir gün ol öz hojaýynyny darajyk köçeleriň biri bilen alyp barýan eken.Şol wagt onuň garşysyndan başga-da bir araba çykypdyr. -Eý,arabaňy yzyna öwür-diýip,Ependi gygyrypdyr. -Şeýle diýsene!Men hut şäher häkiminiň özüni alyp barýan-diýip,beýleki arabakeş jogap beripdir. -Näme,men öz arabama iti mündürip alyp barýandyr öýdýäňmi?-diýip, Ependi ýürekden syzdyryp aýdypdyr.
Ependi-arabakeş
-
maksatmaksat
9 years ago
- Ependiniň gyzy aglap gelip adamsynyň oňat ýenjendigini aýdyp,şikaýat edipdir.Ependi hem şol bada taýak alyp gyzyny urýar-da:
-Bar-da äriňe aýt,gyzymy uranlygy üçin men onuň aýalyny urup arymy alandyryn-diýipdir.
-
maksatmaksat
9 years ago
- Ependi iki sany gyzy gowy görýän eken.Günlerde bir gün ol iki sany düzüm gök monjuk satyn alyp,olaryň hersini bir gyza sowgat beripdir. Özleri barada edilýän gürrüňleri eşidip,gyzlaryň ikisi hem Ependiniň ýanyna gelip:
-Sen biziň haýsymyzy halaýarsyň?-diýip sorapdyrlar.
-Haýsyňyza gök monjuk beren bolsam şonam halaýaryn-diýip,Ependi mekirlik bilen jogap beripdir.
-
EdgarPo
9 years ago
- Sagbolaý awtor, gülkünçje degişmeler eken.
-
maksatmaksat
9 years ago
- Ependiden:
-Arap dilinde"sowuk nahar"diýjek bolsaň name diymeli?-diýip sorapdyrlar.
Ependi bilmänsoň:
-Araplar her zat edýärler welin nahary sowatmaýalar-diýip jogap beripdir.
-
kitaphanachy
9 years ago
- gülkünç sag bol
maksatmaksat 9 years ago- Ependi çölüň içi bn barýar eken.Görse,birnäçe natanyş adam naharyň başynda oturmyşlar.Ependi kelam agyz söz aýtman olaryň arasynda oturýar-da,nahar iýmäge başlaýar.
-Biziň haýsymyz bn seniň tanyşlygyň bar?-diýip Ependiden sorapdyrlar.Ependi nahary görkerip
-Şunuň bilen-diýip,jogap beripdir.