Adyndan belli bolşy ýaly, onda Berdimyrat atly oba ýigidiniň ykbaly yzarlanýar. Berdimyrat dutarda saz çalyp, aýdym aýdyp märeke sowup ýören ýigit. Ol obadaşy Maral atly gyza aşyk bolup, onuň bilen pynhan syr alyşýar. Bir gün Berdimyrady başga obadan bir baý toýuna çagyrýar. Ol toýda aýdym aýdyp, märekä hezil berýär. Toý sowulansoň, ol bu günki gelen gelniň öz Maralydygyny bilýär. Ony baýyň ogly Atowa alyp beripdirler. Ine, şol Atowyň keşbi, megerem, ähli kino muşdagynyň häzirem ýadynda bolsa gerek. Şol keşbi janlandyran Türkmenistanyň halk artisti Orazdurdy Hojaýewdi ORAZDURDY HOJAÝEW 1935-nji ýylda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Kemine obasynda dünýä inýär. Ol ilki obalaryndaky ýediýyllyk mekdebi tamamlap, Baýramaly şäherindäki 6-njy orta mekdebe okuwa ýerleşýär. Orazdurdy bu ýerde gowy ýola goýlan drama gurnagyna gatnap başlaýar. Ol gurnakda goýulýan sahnalarda kiçiräjik keşpleri ýerine ýetirip ugraýar. Drama gurnagynda Orazdurda “Keýmir körde” nökeriň keşbini, “Ýalta we zarpçy” atly oýunda-da, baş keşp bolan zarpçynyň keşbini janlandyrmak miýesser edýär. Okuwuň daşyndan Orazdurdy Marynyň sazçylyk mekdebinde-de az wagtlyk bilim alyp, ol ýerde pianino we dutar çalmagy öwrenýär. 1948-nji ýylyň ýertitremesinden soň, Aşgabadyň Mollanepes adyndaky teatry Marynyň Keminäniň adyny göterýän teatryna göçürilýär. Kemine teatrynyň kollektiwi bolsa, Baýramaly şäher Medeniýet öýüne eltilýär. Şol wagtky Kemine teatrynyň artistleri Türkmenistanyň halk artistleri belli kino režissýor Meret Atahanowyň inisi Serdar Atahanow, soňra ýazyjylyk işine baş goşan Gurbangylyç Hydyrow dagy Orazdurdynyň okaýan 6-njy mekdebiniň drama gurnagyna ýakyndan ýardam berýär. Orta mekdebi tamamlan Orazdurdy paýtagta gelip, Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna ýerleşip, ol bu ýerde bir ýyl işleýär. Ol teatrda tanymal sahna ussatlary Türkmenistanyň halk artistleri Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Sabyr Ataýewa, Ata Durdyýew, Muhammet Çerkezow, Suraý we Sona Myradowalardan tälim alýar. Bir ýyldan soň ol uly bäsleşige gatnaşyp, Daşkendiň Ostrowskiý adyndaky teatral çeperçilik institutyna okuwa girýär. Ol bu ýokary okuw jaýynda belli sungat işgärleri bolup ýetişen Baba Annanow, Kadyr Rahymow, Atabaý Allanazarow, Ata Nurmämmedow dagy bilen aktýor ussatlygyndan bilim alýar. 1959-njy ýylda Orazdurdy Hojaýew ýokary okuw mekdebini tamamlaýar we Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatryna işe ýerleşýär. Ýaş hünärmen bu teatryň sahnasynda ilkinji gezek A. Gowşudowyň “Juma” atly taryhy dramasynyň gahrymany Garanyň keşbini janlandyrýar. Dramaturglar O. Myşşyýew bilen G. Batyrowyň pýesasy esasynda “Birinji harman” atly spektaklda Orazdurda Ahunyň keşbi ynanylýar. Şondan soň Orazdurdynyň özi bu teatryň sahnasynda institutda okaýarka diplom işi üçin sahnalaşdyrylan “Baba lakgy” atly spektakla režissýorlyk edip, tomaşa jaýynyň repertuaryny has-da baýlaşdyrýar. Ara biraz salym salyp, ol Aşgabada gelýär. Gözel paýtagtymyzda türkmen telewideniýesinde režissýorlyk edip başlaýar. Ol işlän döwründe telespektakllaryň birnäçesini mawy ekrana çykarýar. Olardan S. Kaýtowyň “Ene ýüregi”, A. Mömünowyň “Höküm güýjünde galýar”, B. Gordonyň “Bir käse gara kofe”, Ý. Mämmediýewiň hemem özüniň awtorlyk etmeginde “Ter güller hakda ballada”, E.L. Woýniçiň “Gögeýin”, Ahmet han Abu Bekriň “Gar adam” atly teleoýunlaryny tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirýär. Orazdurdy Hojaýew bu telespektakllarda Türkmenistanyň halk artistleri Fahriýa Alyýewa, Täçbibi Gafurowa, Muhammet Çerkezow, Gurbannazar Atakgaýew, Annamyrat Berdiýew, Alty Garaýew, Seýit Saryýew, Ýelizaweta Garaýewa, Nurmuhammet Keşşikow, Oguljeren Işangulyýewa dagy bilen bile işleşýär. Orazdurdy aga hormatly dynç alyşdadygyna garamazdan, on iki ýyl bäri Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň dublýaž bölüminde terjimeçi bolup işleýär. Onuň häzirki güne çenli terjime eden çeper we dokumental hem-de multfilmleriniň sany 300-den geçýär. Ýeri gelende Orazdurdy aganyň diňe bir “Keçpelek” filminde däl, eýsem, W. Arhangelskiniň “Şeýle-de bolýar” atly filminde ylmy işgär Töräýewiň keşbini janlandyryp, Ýewgeniý Morgunow, Georgiý Wissin, Alekseý Smirnow, Saweliý Kramorow ýaly belli-belli sungat ussatlary bilen egin-egne berip, keşp döretmegi tomaşaçylarda az gyzyklanma döretmedi. Şonuň ýaly-da “Aýal ata çykanda” filminde söwdagäriň, “Agyr ýük” ekran eserinde ferma müdiriniň, “Ýanýan arabanyň ýoly” kinosynda atlylaryň baştutanynyň keşplerinde, şol sanda, “Naýza” atly satiriki kino žurnalynyň ençemesinde ussatlarça çykyş edip, özüni tanymal kinoaktýory hökmünde-de tanadýar.Ussat aktýor hem režissýor Orazdurdy Hojaýewe medeniýetde we sungatda bitiren uly hyzmatlary üçin 1991-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri”, 2010-njy ýylda-da “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakylýar. Bu günki gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halypa aktýor hem režis- sýor Orazdurdy Hojaýewiň bagtly maşgalasy bar. Onuň dört gyzy, bir ogly bolup, olardan 14 agtygy, 7 çowlugy bar. Ogly Döwlet “Ata kesbi ogla halal” diýen pähime eýerip, Orazdurdy aganyň kärini ýöredýär. Orazdurdy Hojaýew bilen söhbetdeşligi geçiren: Akmyrat Hojaberdiýew, Türkmenistanyň kinematografiýaçylar birleşiginiň agzasy!
“Keçpelek” çeper filmi!
-
kitaphanachy
9 years ago
- Aybolek barmyň sen, ýitirim bolýaňla, ýa-da başga saýtlara girýäňmi
Aybolek 9 years ago- Bu film şeyle gyzykly bolsa, derrewjik diskini alyp görmeli ekenda