Bägül Ezizowa 2006-njy ýylda Mary welaýatynda doguldy. Küşt oýnunyň başlangyçlaryny heniz 4 ýaşyndaka öwrendi. Ilkinji üstünligini Bägül 2012-nji ýylda 8 ýaşa ýetmedik gyzjagazlaryň arasybda ilki Aşgabadyň, soňra ýurdumyzyň birinjiliginde ýeňiji bolýar. Şol ýaryşlarda ilkinji sport derejeleriniň kadalaryny ýerine ýetirýär. Ýakynda Bägül 7 ýaşly küştçileriň arasynda Gresiýada geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşyp hormatly birinji orna mynasyp boldy. Bägüle altyn medal, kubok gowşuryldy. Bu ýaryşa 17 döwletden 25 oýunçy gatnaşdy. Bägül jigimiz garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykmagy başardy. Bägüliň kaksy Juma Ezizow bilen gürrüňdeş bolanymyzda,” ilki şu ýaryşy internet arkaly görenimde gyzymyň öňdäki orny eýelejegine göz ýetirip hemaýatkäriň gözlegine çykdym.Uzak ýol, ýöne ýüze çykan kynçylyklaryň ählisi indi unudyldy.Indi aýgytlaýjy esasy wajyp ýaryşlar Aziýa weDünýä çempionatlary öňde. Eger-de gyzym şu ýaryşlarda hem ýokary netijäni görkezmegi başarsa dünýäniň ýüzünde özi ýaly gyzjagazlaryň arasynda deňsiz-taýsyzdygyny subut edýär”, diýip belledi. Bizem ýaşajyk zehinli küştçä hemişe diňe altyn medally, kubokly ýurdumyza dolanyp gelmegini arzuw edýäris. Hoş habara göwün joşdy, Eýelediň küşt täjini. Buýsanjymyň ýokdur çeni, Berekella,Bägül jigim! Görkezip paýhas güýjüňi, Eýelediň küşt täjini. Buýsanjymyň ýokdur çeni, Berekella,Bägül jigim!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir