Oturyp-turşy edaly, Edebim-ekramym meniň. Gursagy haýyr-sedaly, Lebizde ykrarym meniň. Gyzlary bar görk-görmekli, Ýigitleri şirýürekli, Desterhany duz çörekli, Ak namazlyk törüm meniň. Babadaýhan, çarwa illi, Gelinleri çeper elli, Halysy bar dünýä belli, Iki dünýe barym meniň. Küýi başgany başgala, Ene bilen bir maşgala, Atalar oňa daş gala, Namysym hem arym meniň. Annatuwak Kakaýewa, şahyrana

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir