1)Dewid Moyes. Ewertonda uzak wagtlap talimchiligi stabil alyp baran Moyes Manchester belasyndan dashlashyp,Real Sosyedadyn bash talimchisi boldy.Umuman,Moyes la-liganyn taryhynda eyyam 4nji britan talimchisi. 2)Stiw Maklaren. Formula-1daki ulagyn familiyadashy bolan Stiw Maklaren yadynyzda bolsa Angliyanyn Milli Yygyndysy bilen masgara bolup Gollandiyanyn Twente toparyna gachyp gidyar.Twenteny derrewjik Erediwizde chempion edip Wolfsburgyn talimchisi bolyar.Germaniyada hichzat gazanyp bilman,yzyna Twenta dolandy...2013den bolsa ol Chempionshipdaki Derbi Kaunti toparyna talimchilik beryar. 3)Kris Koulmen. Koulmen oyunchy karyerasyny ir tamamlap,uzak wagtlap Fulhemda bash talimchi bolup ishledi.2007de Fulhem duydansyz bu talimchi bilen shertnamany uzyar.Netijede Koulmen San-Sebastyan shaherinin Real Sosyedad toparyn bash talimchi wezipesine bellenilyar.Yone bu topar shol wagt segundada chykysh edenligi sebapli Koulmen 6 ay ishlap,Gresiyanyn Larissa toparyna gidyar...Az wagtdan son ol Gari Spidyn ornuna Uelsyn bash talimchisi wezipesine bellenildi. 4)Roy Hojson. Angliyanyn Milli Yygyndysynyn hazirki weteran talimchisi Roy Hojson oz dowrunde Yewropanyn ahli kunjeklerine aylanypdyr.70-80nji yy.ol Skandinaw futbolyny osduripdir,hat-da ol yurtlarda ajayyp ustunlikleri gazanyp,rewolyusion progressy amala ashyrdy...Shondan son Hojson Shweysariyanyn yygyndysyny 1994-Dunya Chempionada gatnashdyryp,1/8e chykaryp bilipdir.1995nji yylda ol eyyam Interyn bash talimchisi.Intery UEFA Kubogyn finalyna chykaryp,bizin syyahatchymyz oz yoluny dowam etdi:yene Shweysariya,Daniya,Italiya, BAE,Finlyandiya...i ahyr oz ata-watanyna dolanyp gelyar. 5)Grem Suness. Liwerpulyn belli yarymgoragchy kapitany bolan Grem Suness 90njy yyllarda oz toparynyn bash talimchisi bolup galyar.Yone netije gorkezip bilman Turkiyanin Galatasaray toparyna gidyar.Shondan son Suness her mowsum birnache klublary chalyshyar:Sautgempton,Torino,Benfika...Garaz futbol oynamagy talimchilik etmekden has gowy basharypdyr. 6)Bobbi Robson. Britan futbolyn taryhynda in hormatlanyan talimchilerin biri Bobbi Robson 80nji yy.Angliyanyn bash talimchisi bolup,1990-Dunya Chempionatda yarymfinala chenli baryp yetipdir...Dashary yurtdaky klublarda Robson PSV Eyndhowenda ishlap 2 sapar toparyna yurdun altyn medallaryny alyp berdi...Portugaliyanyn Porto we Sporting toparlarynda hem ishlap yurdun 2 chempionlygyny we kubogyny gazandyryp berdi...Ispaniyanyn Barselona toparynda hem ajayyp 1 mowsum gechirip,fenomen Ronaldo bilen Ispan Kubogyny,Superkubogyny we UEFA Kubokchylaryn Kubogyny eyelap berdiler... Barçada Joze Mourinyo yaly fundamentin doremegine sebap boldy. 7)Jon Toshak. Uelsli Jon Toshak ahli belli britan talimchilerin arasynda in bir bay biografiyasyna eyedir.Britaniyadan hali 1984nji yylda gaydyp,sonky 30 yyllykda Toshak Portugaliyada,Ispaniyada,Turkiyede, Fransiyada,Azerbeyjanda ishlap gaydyar.Hazir bolsa ol Marokkoda zahmet chekyar...Emma talimchi Toshagyn showly wagtlary elbetde Ispaniyada gechyar:Real Madrid bilen la-ligany yenip(1990 y.),Real Sosyedad bilen Ispaniyanyn Kubogyny gazanyp(1987 y.),Deportiwo bilenem Ispan Superkubogyny yokara galdyryp(1995 y.),top-talimcha owruldi. 8)Terri Weneybls. Weneybls Kristal Pelas we KPRdan son 80nji yyllaryn ortalarynda birden Barselonanyn bash talimchisi wezipesine goyuldy.Shol wagtky yash molodoy inlis hunarmeni Kataloniyada sylagly 3 yylyny gechiryar:Barsa bilen Ispaniyanyn chempiony bolup,yurdun Kral Kubogynam aldy...hat-da 1986njy yylda UEFA Chempionlar Liganam tas alyp beripdi,yone finalda Rumyniyanyn Styaua toparyna garshy oyundan sonky jerime urgylarda asgyn geldi...

Köneler, Iniesta tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir