17-nji sentýabr2-nji oktýabr 1988-nji ýyl 159 ýurt, 8391 türgen, 25 sport, 237 bäsleşik, 739 medal (241-234-264) Güýz paslynda geçirilen 4-nji Olimpiada bolan 1988-Seul tomusky Olimpiýa oýunlary 17-nji sentýabr 2-nji oktýabr aralygynda gurnaldy. Günorta Koreýanyň paýtagty Seuldaky bu Olimpiýa oýunlary Aziýa yklymynda geçirilen 2-nji Olimpiadadyr. Bu ugurda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinden tapawutlanan Seul şäherindäki Olimpiada 8391 türgen (2194-si zenan) gatnaşdy. Aruba, Amerikan Samoasy, Kuk adalary, Guam, Maldiw adalary, Wanuatu hem-de Sent Winsent we Grenadinler ýaly döwletlerdir zolaklaryň türgenleri ilkinji sapar Olimpiýa oýunlarynda çykyş etdi. 27 rekordyň goýlan Olimpiadasyna medallaryň sanawynda ilkinji ýere öňki SSSR-iň türgenleri mynasyp boldy. Olar 55 altyn, 31 kümüş, 46 bürünç, jemi 132 medal gazandylar. Gündogar Gennaniýanyň 2-nji (37-35-30) bolan sanawynda ABŞ-ly olimpiadaçylar (36-31-27) 3-njilik bilen kanagatlanmaly boldular. 52 ýurt medal gazanan bolsa, 108 ýurt Olimpiadany medalsyz tamamlady. ÝATDA GALAN WAKALAR Olimpiadartyň iň ýatda galan esasy wakalarynyň biride kanadaly sprinter Ben Jonsonyň doping sebäpli bäsleşikden çetleşdirilmegi boldy. Amerikaly ýüzüji Matt Biondi 5-si altyn, jeml 7 medal gazandy. Altyn medallaryny 50 we 100 metr erkin ýüzmekde hem-de toparlaýyn ýüzmek bäsleşikleriniň 3-sinde gazandy. Şwesiýaly fehtowaniýaçy Kerstin Palm 7-nji sapar Olimpiada gatnaşyp, şeýle netije görkezen ilkinji türgen boldy. Erkekleriň arasynda syrykly bökmekde dünýä çempiony we rekordçysy Sergeý Bubka 3-nji synanyşygynda 5,90 metr beýige böküp, ýeňiş gazandy. Bu onuň Olimpiadadaky iň soňky ýeňşi boldy. 64 ýyl soň täzeden Olimpiadanyň düzümine girizilen tennisde zenanlaryň arasynda germaniýaly Şteffi Graf şol ýyl gazanan "Uly tuwulgalarynyň" hataryna Olimpiýa medalyny hem goşdy. Germaniýaly (Günbatar) welosipedçi we lyžaçy Krista Luding-Rotenburger welosportda kümüş medala eýelik etdi. Ol bu Olimpiadadan birnäçe aý öň gyşky Olimpiýa oýunlarynda-da 2 altyn medal gazanypdy. Şeýlelikde, Luding-Rotenburger gyşky we tomusky Olimpiýa oýunlarynda medal alan az sanly türgeniň biri boldy. Galyberse-de, ol 1 ýylyň dowamynda geçirilen gyşky hem-de tomusky Olimpiadada medal alan ýeke-täk türgendir. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: FLORENS GRIFFIT JOÝNER Amerikaly ýenil atletikaçy zenan Florens Griffil Joýnar (Flo Jo 1 Olimpiadanyň saýlama tapgyrynda 100 metr aralygy 10,49 sekuntda ylgap geçdi we dünýä rekordyny goýdy. Onuň görkezen bu netijesi käbir yurtda erkek türgenleriň görkezen netijelerinden hem ýokary bolupdy. Joýner Seul Olimpiadasynda 100 metrde Olimpiýa (10,62 sekunt,200 metrde bolsa (21,34), dünýä rekordyny goýmagyn holdesinden geldi. Los Anjelesde 200 metr ylgawda kümüş medal alan Joýnar Senl Olimpiadasyndan 3 altyn.1 kümüş medal bilen dolandy. 01 şol Olimpiýa oýunlaryndan 10 ýyl soň I998~nji ýylda 38 ýaşynda aradan çykdy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir