Boliwiýada professional deñizçileri taýýarlaýan mekdep bar. Gyzykly ýeri hem bu döwletde hiç hili deñiz ýok. Ömri boýunça erkekler sakalyny almasa, sakalynyñ uzynlygy 8.5 metre ýetmegi mümkin. Erkek adam bütin ömri boýunça sakal almana 3350 sagadyny sarp edýär. Dünýäniñ köp döwletlerinde eje sözi "m" harpy bilen başlanýar. Demir 5000 derejeli ýylylykda bugaryp gidýär. Latyn dilinden terjime edilende virus sözi zäher diýen manyny berýär. Her 100 ýylda Eýfel binasy 1 sm ýere çökýär. Meşhur "Zoluşka" ertekisi ilkinji gezek Hytaýda ýazylan. ABŞ-nyñ 23 ştaty okeana ýanaşýar. Aryñ baly hiç haçan üýtgemeýär (zaýlanmaýar), ýagny näçe wagt dursada hiç zat bolmaýar. Aýa çykanlarynda Aýda birinji bolup iýlen zat bu şetdaly. Iñ tiz salynan gol 3 sekuntda salynýar. XVII asyrda kofe içmek Turkiýede takyklanan. Iñ köp towuk eti Amerikada öndürilýär. 90% gyzlar özüni owadan diýip hasap etmeýärler. 4 ýaşly çaga günde 450 sorag berýär.  Singapur ýolbarslar ýurdydyr. Efiopiýany hiç haçan basyp alyp bilmändirler. Dünýäniñ 7 %-I çepbekeýdir. Çagalar baharda ýagny, ýazda tiz ösýär. Iñ kiçi guş Kalibri guşy 1 sekunda 200 gezek ganat kakyýar. Germaniýada nanyñ 300 görnüşi bar.  ABŞ-da aýallaryñ az ştaty Alýaskadyr. Düýeguşuñ ýumurtgasyny gaýnatmak üçin 4 sagat gerek bolýar. Aýallar 34 ýaşdan soñ plastik operasiýa hakda pikirlenýärler. Pingwin adama meñzäp 2 aýakly ýöräp bilýän ýeketäk haýwandyr. 6 ýaşdan soñ çagalar atasyna öýkünip başlaýarlar.  "SIRK" diýmek aýlaw diýmekdir. Iñ köp suraty çekilen haýwan at hasaplanýar. Aýallaryñ söz baýlygy erkekleriñkiden ulydyr. Germaniýada balyk awlamaga gitmek üçin ýörite okuwyny gutarmaly.

Köneler, lalalalalala tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir