Dürli çeşmelerden gelýän maglumatlara görä Russiýanyň hökümet işgärleriniň karary netijesinde Apple-yň önümleri bolan iPhone modellerini we iPadleri tutuş ýurtda satmak we ulanmak gadagan ediler. Bu kararyň indiki 2015-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar. Munuň sebäbiniň bolsa döwlet howpsuzlygydygy aýdylýar. Bu kararynyň alynmagynyň sebäbi hökmünde iCloud hyzmatynyň düzümindäki ulanyjy maglumatlarynyň Rusiýada däl-de ABŞ-dadygy görkezilýär. Ýagny Rus halkynyň hiçhili maglumatynyň Amerikanyň eline geçmegini islänoklar. Rus neşirýatyndaky habara görä iCloud bulut hyzmatyndan peýdalanýan bir enjam ýurtda satylmagyna we ulanylmagyna rugsat berilmez.

Köneler, Bayja tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir