Azerspace 46˚ gradusda StanSport kanaly açyldy. Bu kanaly türkmen tomaşaçylaryň köpüsi bilýändir. Sebäbi bu futbol möwsümde Türkmenistan Sport kanaly Angliýaň premýer ligasyny StanSport kanalyndan göni ýaýlymda alyp görkezip başlapdy. Näme sebäpdendigini bilmedik welin ol oýunlary görkezmek kän dowam etmedi. Indi şol kanaly 46˚-njy gradusda görüp bolýar. Ýöne týuneriň Mpeg-4 bolmaly. Bu kanaldan Çempionlar ligasyny, Angliýaň premýer ligasyny, NBA, Amerikan futbolyny berýän eken. Aslynda kanalyň özi Intelsat10 47,5˚ gradusyňky. Ýöne IdmanAzerbeýjan, Aztw kanallary göýberýän 46˚-njy gradusdan hem tutýar. Käbir kişilerde signaly pes, käbirlerinde signal ýokary. TeleÇanagyny her kim sazladaýmaly bolar, eger gowy görkezmese. Onda, herkime sag-aman sport gepleşikleri görmekligi arzuw edip temany soňlaýyn.

Köneler, messibet tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir