UEFA-2012 Portugaliýaly Pedro Proença bir ýylda UEFA Çempionlar ligasynyň hem-de Ýewropa çempionatynyň finalynda jürlewük çalan ilkinji emin diýen ady eýeledi. Proença UEFA çempionatynda 4 duşuşykda baş emin bolup, bu babatda kärdeşlerinden tapawutlandy. Aýgytlaýjy oýunda italýanlaryň toruna jogapsyz 4 pökgi girizen Ispaniýa Ýewropa çempionatynyň taryhynda final duşuşyklarynda iň uly tapawut bilen ýeňiş gazanan ilkinji topar boldy. Ispaniýa Ýewropa çempionatynda bassyr 2-nji gezek çempion bolan ilkinji topar boldy. Şeýle-de, çärýek finalda ilkinji gezek resmi oýunlarda Fransiýany ýeňen Ispaniýa şeýle netijäni Italiýanyň garşyna hem görkezmegi başardy. Ispaniýa bassyr 3 uly ýaryşda (Ýewropa we Dünýä çempionatlarynda) ýeňiji bolan ilkinji milli ýygyndy bolup, mundan öň şeýle mertebä Germaniýa golaýlaşypdy; 1972-nji ýylda Ýewropanyň, 1974-nji ýylda Dtinýä çempiony bolan nemesler 1976-njy ýyldaky Ýewropa çempionatynyň finalynda Çehoslowakiýadan asgyn gelipdi. Finalda Ispanlaryň 3-nji pökgüsini tora salan Fernando Torres Ýewropa çempionatlarynyň final oýunlarynda bassyr 2-nji gezek tapawutlanan ilkinji futbolçy diýen ady eýeledi. Mälim bolşy ýaly, Torres 2008-nji ýyldaky finaldada toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini tora salypdy. Ispaniýanyň milli ýygyndysy Germaniýadan soň Ýewropa çempionatynda 3 sapar (1964, 2008, 2012) ýeňiji bolan 2-nji topar boldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Wisente del Boske Dünýä hem-de Ýewropa çempionatlarynda toparyny çempion eden 2-nji tälimçi. diýen ada eýe boldy. Del Boskeden öň 1972-nji we 1974-nji ýyllarda ussat tälimçi Helmut Şön Gennaniýany Ýewropanyň hem-de Dünýäniň çempiony edipdi. Ýewropa çempionatynyň çäklerinde 4-nji sapar toparçada-da duşuşan 2 topar final oýnunda hem duşuşdy, Mundan öň şeýle waka 1988-1996-2004-nji ýyllarda bolup geçipdi. 1988: Gollandiýa SSSR ("B" toparçada 0-1, finalda 2-Q, Gollandiýa çempion). 1996: Germaniýa Çehiýa ("C" toparçada 2-0, finalda 2-1, Germaniýa çempion). 2004: Gresiýa Portugaliýa ("A" toparçada 2-1, finalda 1-0, Gresiýa çempion), 2012: Ispaniýa-Italiýa ("C" toparçada 1-1, finalda 4-0, Ispaniýa çempion). Final oýnunyň soňky 2 pökgisini tora girizen Fernando Torres bilen Huan Mata 1 ýylyň dowamynda Çempionlar ligasynda hem-de Ýewropanyň çempionatynda ýeňiji bolan az sanly futbolçylaryň hataryna goşuldy. Mundan öň 5 futbolçy ýagny, 1964-nji ýylda ispaniýaly Luis Suares ("Inter") hem-de 1988-nji ýylda gollandiýaly oýunçylar Hans wan Breukelen, Ronald Kuman, Barri wan Aerle we Jerald Wanenburg (PSW) dagy öz klublary bilen Çempionlar ligasynda, milli ýygyndylary bilen hem Ýewropanyň çempiony bolupdy. Şu finalda oýnan 8 sany futbolçy Kasillas, Ramos, Iniesta, Çawi, Fabregas, Silwa we Torres 2008-nji ýyldaky final oýnunda-da ispanlaryň esasy düzüminde çykyş edipdi. Çabi Alonso bolsa oýna soňdan giripdi. Dünýä çempionatynyň çäklerinde 1970-nji ýyldan bäri her 12 ýyldan (1970, 1982, 1994, 2006) finala çykýan Italiýanyň milli ýygyndysy Ýewropanyň çempionatynda-da 12 ýyl öň, 2000-nji ýylda finala çykypdy we "Altyn urgy" (Golden Goal) esasynda Fransiýadan 2-1 hasabynda asgyn gelipdi. Ýewropa çempionatynyň çäklerinde saýlama tapgyryny-da hasaba alanyňda Ispaniýa iň soňky sapar 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Şwesiýadan utulypdy (2-0). Başgaça aýdylanda ispanlary öz yklymlarynda 29 oýundan bäri owsarlaýan ýok. Italiýa hem edil Ispaniýa ýaly 44 ýyl soň Ýewropanyň çempiony bolup bilerdi. Ispanlar 2008-nji ýylda ýeňiji bolanda olar 44 ýyllyk kubok hasralyny soňlandyrypdylar. Ýagny, Ispaniýa şol çempionlykdan öň iň söňky gezek 1964-nji ýylda, 44 ýyl öň Ýewropanyň çempiony diýen ada mynasyp bolupdy. Edil şonuň ýaly-da Italiýa hem 1968-nji ýylda, 44 ýyl öň Ýewropanyň çempiony diýen ady eýeläpdi. Ýöne italýanlar bu gezek ispanlaryň şol ýeňşini gaýtalap bilmedi. Duşuşyklaryň oýnalan şäherlerinde janköýerler üçin ýörite "Fan zonalar" gurlup, duşuşyklara bu ýerde goýlan äpet ekranlar arkaly 5 milliondan gowrak janköýer tomaşa etdi. Şeýle-de, "A" toparçadaky ýer eýesi Polşa bilen Russiýanyň arasyndaky duşuşyga 14,7 million tomaşaçy telewizor arkaly syn etdi. Bu bolsa Polşada häzire çenli telewizorda iň köp adamynyň tomaşa eden ýaýlymy boldy. Şol sanda Angliýa bilen Italiýanyň arasyndaky oýun telewizor arkaly Ýewropa çempionatlarynyň taryhyndaky iň köp tomaşa edilen çärýek final duşuşygy boldy. Final oýny-da Ispaniýada telewizordan iň köp tomaşaçynyň synlan ýaýlymy boldy (ortaça 15,5 million tomaşaçy). Çempionatyň umumy pul gaznasy 196 million ýewro deň bolup, her topara gatnaşany üçin 8 million ýewro, toparçadaky her ýeňiş üçin 1 million ýewro, deňme-deňlik üçin 500 müň ýewro pul sylagy berildi. Toparçany 3-nji bolup tamamlanlara ýenede goşmaça 1 million ýewro gowşuryldy. Şeýle-de, çärýek finala çykan toparlar 2 million, ýarym finalçylar 3 million ýewro möçberindäki pul baýragy bilen sylaglandy. Finalda çykyş edip utulan topara 4,5 million ýewro, çempion bolan milli ýygynda bolsa 7,5 million ýewro pul baýragy berildi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir