Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanda irki we abraýly okuw mekdepleriniň biridir. Şu okuw mekdebi bilim ulgamy üçin başlangyç synp mugallymlaryny we çagalar baglarynyň terbiýeçilerini taýýarlaýan orta hünärmen okuw mekdebi bolup, döwlet eýeçiligindäki orta hünärmen okuw mekdebidir. Mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde göreldeli zähmet çekip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşan adamlar az däl. Şu mekdepde okanlar – şahyrlardyr ýazyjylardan Aman Kekilow, Şaly Kekilow, Çary Aşyrow, Gara Seýitliýew, ýazyjy Hojanyýaz Amanow, akademik Şamyrat Täşliýew, sahna ussatlary Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Sabyr Ataýewa, belli alymlar professor Gurban Sopyýew, Abdylla Gurbanow, Hojamyrat Baýlyýew dagy dürli döwürlerde şu mekdepde bilim alyp, öz ähli ukyp-başarnyklaryny ýaşlara bilim, edep-terbiýe bermäge bagyş eden adamlardyr. Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň Halk magaryf komissarlygynyň 1922-nji ýylyň 4-nji martyndaky №16 buýrugyna laýyklykda Poltorask pedagogik tehnikumy hökmünde döredildi. Ol 1927-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtyna öňki milli adynyň gaýtarylyp berilmegi bilen Aşgabadyň pedagogik tehnikumy, 1938-nji ýyldan başlap Aşgabadyň pedagogik uçilişşesi diýlip atlandyryldy. 1967-nji ýylyň 13-nji iýulynda SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Permany esasynda Aşgabadyň pedagogik uçilişşesi Zähmet Gyzyl Baýdak ordenine mynasyp boldy. 1975-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň 312 belgili karary bilen uçilişşä Aman Kekilowyň ady dakyldy. Aman Kekilow şu mekdepde okap bilim alan, okuwy tamamlandan soň şu okuw jaýynda mugallym bolup zähmet çeken alym, şahyrdyr. 2001-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çykaran 146 belgili buýrugyna laýyklykda uçilişşe Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi diýlip atlandyryldy. Mugallymçylyk mekdebinde okuwyň möhleti 3 ýyl. Bu mekdepde okaýan talyplar Döwlet tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamasy esasynda okap, nazary bilimleri we başarnyklary ele alýarlar. Şeýle hem talyplar hünär okuwlary bilen bir hatarda ylmy-döredijilik işleri bilen hem meşgullanýarlar. Okuw otaglary dersleriň mazmun aýratynlyklaryna baglylykda okuw-görkezme esbaplary we beýleki tehniki enjamlar bilen üpjün edilen. Bulardan başga-da talyplaryň özbaşdak okamagy we ylmy-döredijilik bilen meşgullanmagy üçin mekdep kitaphanasy bolup, onda türkmen, rus, iňlis dillerinde okuw kitaplary hem çeper eserler ýerleşdirilen. Mugallymçylyk mekdebiniň 2-3-nji ýyl talyplary Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç we 5-6-njy synplarynda öz alýan hünärleri boýunça mugallymçylyk tejribeçiliginiň, mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminde okaýan talyplar bolsa çagalar bagynda gözegçilik, synag we terbiýeçilik işlerini guramagyň inçe tärlerini öwrenýärler. Mugallymçylyk mekdebinde okaýan 2-nji ýyl talyplary tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki we beýleki ýerlerdäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde 4 hepdelik tejribeçilik işlerini geçýärler. Mundan başga-da 3-nji ýyl talyplary okuw ýylynyň ikinji ýarymynda umumybilim berýän orta mekdeplerde we çagalar baglarynda üznüksiz tejribeçilik işlerini geçýärler. Okuw döwründe Mugallymçylyk mekdebinde okaýan talyplara talyp haky tölenýär, mekdebi üstünlikli tamamlan uçurymlara döwlet tarapyndan tassyklanan nusgadaky diplom berilýär. Mekdebiň uçurymlary ýurdumyzyň orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda iş ýerleri bilen üpjün edilýär. Mugallymçylyk mekdebini gutaryp giden uçurymlar şu günki gün hem ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda göreldeli zähmet çekýän mugallymlar, çagalar baglarynyň terbiýeçileri öz bilim-başarnyklaryny ýaş nesle bilim we terbiýe bermäge sarp edýärler. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada 2012-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen resminamalara laýyklykda orta mekdepleriň okuw möhletiniň 12 ýyla çenli uzaldylmagy, çagalaryň 6 ýaşdan okuwa kabul edilmegi Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýä derejesine ýetirilmegidir. Şol sanda 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň hem okuwyň möhleti üç ýyla çenli uzaldyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndaky 12764 belgili karary esasynda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda „Total Inşaat Sanayi ve Tijäret A.Ş.“ türk kompaniýasy tarapyndan Aman Kekilow adyndaky 1000 orunlyk Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň gurluşygyna girişildi. Ýanaşyk ýerlerinde abadanlaşdyryş işlerini geçirmek bilen birlikde, Mugallymçylyk mekdebiniň täze okuw binasyny, umumyýaşaýyş jaýyndan, naharhanadan, sport toplumyndan, tehniki otaglardan we suw çüwdürimlerinden ybarat bolan beýleki desgalary gurmaklyga ygtyýar berildi. Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Ýaşlyk” höwesjeň halk topary hereket edýär. Talyp ýaşlar okuwdan boş wagtlary Mugallymçylyk mekdebinde hereket edýän gurnaklara gatnaşyp, ylym-bilim, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler we ösdürýärler. Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde sporta aýratyn üns berilýär. Mekdebiň talyp ýaşlary orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän sport çärelerine yzygider gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Mugallymçylyk mekdebinde 7 sany usuly birleşme bolup, mugallymlar okuw maksatnamalary esasynda talyp ýaşlara okatmaklygyň döwrebap hem çuňlaşdyrylan bilim-başarnyklaryny öwredýärler. Mugallymçylyk mekdenbiniň taýýarlaýan ugurlary we hünärleri Mekdep bölümi: 1.Başlangyç synp mugallymy (5-6-njy synplarda türkmen dili we edebiýaty dersini okatmak hukugy bilen); 2.Başlangyç synp mugallymy (5-6-njy synplarda matematika dersini okatmak hukugy bilen); 3.Başlangyç synp mugallymy (5-6-njy synplarda taryh dersini okatmak hukugy bilen); 4.Başlangyç synp mugallymy (5-6-njy synplarda geografiýa dersini okatmak hukugy bilen); 5.Başlangyç synp mugallymy (5-6-njy synplarda iňlis dilini okatmak hukugy bilen); Mekdebe çenli bilim we terbiýe bölümi: 1.Çagalar bagynyň terbiýeçisi (çagalar bagynda iňlis dilini okatmak hukugy bilen). 92 ýaşy arka atan Mugallymçylyk mekdebi şu geçen ýyllarynyň içinde ýurdumyza gerekli hakyky hünärmenleri taýýarlaýar. Mugallymçylyk mekdebi ýurdumyzyň beýleki okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, ýaşlara diňe bilim we hünär öwretmek bilen çäklenmän, Döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýan bilim ojagydyr. Dünýä ülňülerine gabat gelýän Mugallymçylyk mekdebiniň täze okuw binasynda talyp ýaşlar okap, ylym-bilim alyp, ýurdumyza gerekli hünärmenler bolup ýetişerler.

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir