Durmuş şeýle bir çylşyrymly hadysa. Onda adam süýji günlerem görýär, ajy günlerem. Şolaryň ikisinem töweregindäkiler, dogan-garyndaşy, dost-ýary, ýoldaşlary, işdeşleri bilen başyndan geçirýär. Ýöne ýere “Ýoldaş kyn günüňde gerek”, “Hakyky dost kyn günüňde tanalýar” diýleni. Adam agyr güne düşende oňa hemaýatkär, goltugyndan goldap duran ýoldaş gerek. Ana, şoňa ýaşlarymyzyň käbiri düşünenok, käbiri bolsa, düşünse-de, bilmediksirän bolýar. Şolara sapak bolar ýaly, ýaşulylardan eşiden käbir gürrüňlerimi aýtsam, peýdasy deger diýip, çak edýärin. Bu wakany maňa atam, ilkinji jahan urşunyň açlyk- horlugyny, çeken goja aýdyp berdi. Menem ony ýadymda berk sakladym we ýaş nesile gürrüň bermekçi. Uruş ýyllarynda açlykdan –horlukdan ölýän kän ekeni. Ýurdumyzda top oky ýarylyp durmasa-da, gabahatçylygynyň ýaňy ýeterlik ekeni. Ölenleri jaýlamaga-da güýç-kuwwatly adamlar tapylmandyr. Erkek kişileriň köpüsi uruşda bolansoň, ölenleri jaýlamak, urşa alynmadyk näsaglara, uruşdan maýyp bolup gelen ýarty admalara galypdyr. Ana, şol günlerde, obada ýetim galan, ene-atasy, ýakyn garyndaşlary açlygyndan, keselden ölen bir ýaş çaga bar ekeni. Onuň pil götermäge-de gurbaty doly çatmaýan ekeni. Şol ýetimek ajyndan öläýmesin diýip, gabyr gazmaga gatnaşýan gojalar, maýyp-müjüripler ony öz ýanlary bilen gonamçylyga alyp gidýän ekenler. Sebäbi , gabyr gazýanlar guryplanar ýaly, adamlar olara bulamak bişirip, garynlaryny doýurýar ekenler. Şonda ol ýetginjegem ulular bilen bir hatarda garbanar ekeni. Şeýdip, ol ölmän açlykdan çykýar, adam bolup ýetişýär. Ýöne agzy aşa mazaly ýetende başyndan geçen günleri unudyp, mesçilik edip başlapdyr. Özüni ölümden alyp galan şol ynsanperwer adamlaryň patasyna-da gatnaşmandyr. Adam işli bolup biler, elem degmezligi mümkin. Ýöne bir-de bolmasa, ýene bir gün öleniň gapysyndan baryp bolar ahyry! Öleniň başyna düşen günüň seniňem başyňda bardygyny, bir gün bolmasa bir gün, seniňem kömege mätäç bolmagyň mümkindigini unutmaly däl. Ahyry, ýaşulylar ol kişini çagyryp, oňa köp ýakymsyz gürrüňler aýdypdyrlar. Urşa gatnaşyp, ýarymsagat bir goja bolsa, oňa uruş gidip duran ýerinde bolan wakany gürrüň beripdir. Ýetim galan çagalary alypbarýan maşyn minäň üstünden baryp, onuň sürüjisem , çagalara ýoldaşlyk diýilip ugradylan esgerem ölýär. Çagalar zordan özlerini tokaýa atýarlar. Sümme tokaýdan nädip başyňy alyp çykjak. Çagajyklar iki gün aç oturýarlar. Nirä, haýsy tarapa gitseler faşistik zalymlaryň eline düşmez ýaly ýol tapjaklaryny bilmän durkalar,sygryny idip barýan bir goja bulara gabat gelýär. Ýagdaýy aňyp, çagalar bilen bile, şol idip barýan sygryny soýýar we körpeleri tä öz goşunlarymyzda gulluk edýänler gelýänçä iýdirip- içirip saklaýar. Seredip otursalar faşistler golaýdaky obalaryň birini gabap, admlary urup-ýenjip, öýlerini talap heläk eden ekenler. Sygyr , geçi, doňuz, towuk ýaly iýmäge ýaraýjak zatlary obadan çykarmagy gadagan edipdirler. Kim düzgün bozsa ony duran ýerinde atypdyrlar. Ýaňky garry adamyň ýekeje sygry bolup, şonuň süýdi bilen mydar edýär ekeni. Bir gije ol, malym duşmanlara galmasyn diýip, kellesini “etegine salyp” malyny obadan alyp çykýar. Şeýdip üstüne ölüm abandyryp tokaýa alypbaran dünýe malyny çagalara iýdirýär. Ine, şeýdip 20-30 çagany dogry gelen ölümden halas edýär. Men şol gürrüňi eşidip şu setirler ýadyma düşdi. Adam bardyr, adamlaryň nagşydyr, Adam bardyr, haýwan ondan ýagşydyr. Hawa, iki adam barada gürrüň etdik. Biri edilen ýagşylygy bilmän, bar zada öz güýji bilen ýetäýendirin öýdýän, agzy aşa ýetende il-gününi tanamaýan näkes, biri bolsa, “Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn”, “Il bilen gelen toýda baýram” diýip, keseki çagalary ölümden halas eden ynsanperwer ýaşuly. Ine, iki adam, iki häsiýet, şolaryň hereketlerini synlap, öwrenip özüçe netije çykarmaly. Bir garry ene eslije dänäni käse bilen ölçäp, gelnine nahar etdirip, her gün azajykdan haryçlap, obaň ýetim çagalarynyň 5-10-syny ölümden alyp galýar. Olar ýetişensoňlar, garry enäni hormatlap, ýaş toýuny üýşüp tutýarlar. Ölenden soň oňa ýadygärlik goýýarlar. Ýüzüne-de, “Ýetim- ýesiriň” halasgäri, eneleriň enesi” diýip ýazgy ýazdyrýarlar. Ine, bu-da bir waka Türkmenler: “Ur-sök, ýaraşmaga ýer goý” diýýär. Näçe erbet bolsaňam, hüý-häsiýetiň ile ýaramasa-da, seniň häsiýetiňde-de bir gowulyk nyşan bardyr. Zannyýamanlykdan gaplanyp guýulýan dälsiň. Töweregiňe ser sal, dşyňy diňle, ilden öwren. Ýalňyşyňy düzetmek-hiç haçan giç däldir. Durmuşda ýagşa öýkünjek bolmaly.Ulularyň, gojalaryň, köpi görenleriň diýenini etmeli. Olaryňam käbirleriniň ýalňyş hereket edýän pursatlary bolýar. Nebsine buýrup bilmän, hars urup ýörenlerem bar. Ýöne il içinde aýdylşy ýaly: “Mollaň edenini etme, diýenini et”. Ol saňa ýamanlyk aýtmaz, özi käte ýalňyş hereket etse-de, saňa slgy berýän ýoly dogrudyr. Durmuş çylşyrymly hadysa. Munda iň bir gowy görülýän häsiýet adamkärçilikli bolmak. Adamkärçilikli adam, ynsanperwer şahsyýet hiç wagt hor bolmaz, hiç wagt unudylmaz. Bu barada dürs ýoly biziň pederlerimiz miras goýup gidipdir. Adam bolmak gaty kyn mesele, ýöne juda hormatly mesele. Biz şol adamkärçilikli adamlardan durmuş sapaklaryny almaly. Olary diňlemeli, düşünjek bolmaly, olara öýkünmeli. Bu ýol kynm bolsa, dogry ýol. Dogry ýoldan ýörän bolsa, hiç wagt ýalňyşmaz. Hudaýberdi Bäşimow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir