Salam men, ýagdaýlarymam boljak, erbedem däl, gowam däl. 1 bilen 100 arasynda baha bermeli bolsa 49 diýerdim. Belki gowudyr meniň habarym ýokdur gowulygyndan. Ol hem bolup biler. Aý garaz muny diýjek bolmadym men. Ýagdaýymyň erbet bolmasyna elbetde özüm günäkär. Maňlaýyma gelýän zatlaryň netijelerine elbetde men günäkär. Wagtynda şol samsyk-samsyk ädimleri atmedik bolsam elbetde şular ýaly 49 bolup durmazdy. Iň azyndan 51 bolardy. Täzeden başlamak isleýän hemme zady köplenç. Eger elimden gelse durmuşymy 10-njy klasa çenli yza süýşürerdim. Edil şo ýere çenli hemme zady dogry etdim/etdirildim ýaly. Ondan soňrasy bulaşyp başlady. Belki öz elime kän erk berileni üçin bolaýmasa. Belki öňküler ýaly “sen üçin hemme bokçulyga razy” 24 sany adamlaryň sany 3e-4e düşendigi üçindir. “Kakasyny kowalaýyn” durmuşymyň diýesim gelýar ýöne durmuşymyň şu ýagdaýa gelmesine hem elbetde özüm günäkär. “Doganyny depeýiniň” idiot-idiot adamlarynyň idiot-idiot pikirlerine näme üçin gulak gabartdymkam!? Belki öööňküler ýaly dostlarym ýanymda bolsa şeýle bolmazdy. Sebäbi özüm islesemem olar meni saklardylar, ýeri gelende men olary saklardym ýa-da men şeýle pikir edýän. Käbir adamlaryň gadryny olar ýanyňdan gidende bilýär ekeniň. Prikol ýeri hem habarlaşmak isleseň hem eliňden gelmeýän wagty, ne mail, ne telefon nomerleri bar. Täzeden başlap hem bilemok hemme zady, özüme göwnüm ýetmeýän ýaly. Öňki zatlary goýberenok. Ýöne beýle dowam etsem hem her geçen gün 49-dan aşaga düşýän ýaly. Ýaly hem däl, aşaga düşýän. Öňki gyzykly zatlary lezzetsiz bolup başlaýar. Ýalanlar köpelýär. Ýanymdakylara problemalarymy aýdyp başlamda maňa düşünenoklar ýa-da men düşündirip bilemok. Ýa-da meni diňlemekden bizar boldular. Aý garaz menem biraz zeýrenip göreýin diýdim. Elbetde ýuwaş-ýuwaş çözümler hem geler. Iň garaňky wagtdan soňra ýuwaş-ýuwaş gündiziň ýagtylgy görünip başlar diýenleri. Özüme özümden gowy düşünýän ýok ýaly. Öň-ä bardy, indi ýitdi. Ýene biraz sabyr... 01:23
Zeýrenme doss
-
kitaphanachy
10 years ago
- gaýrat et gowy bolar, hemme zat özüňe bagly
-
Energetik
10 years ago
- Virmenaard. Cozuwi bolmadyk mesele yokdyr. Sen ony bilyansin, ony hemmelerem diyyarler. Yone bashyna birgiden kyncylyklar dushende, hasam eger shol problemalar sen eden herektlerin netijesi bolsa olary cozmek kyn, olardan gecmek kyn. Sen tukatsynam durmushunda sen hic kime gerek dal yaly duyyan bolmagam ahmal. Yone ynan bir zada seben birine zerursyn, gereksin. Seni gowu goryan adamlar ucin, ozun ucin ruhyny belent tut, hic gamlanma, hemme zat gecyandir bu dunyade. Ahli zady duzedip bolyandyr, dine o dunya giden adamy gaytaryp bolanokdyr, galan zady duzedip bolyandyr. Esasy ozune ynan! Ozune erk et! Durmushunda ustunlik we shatlyk arzuw edyan
-
shekam
9 years ago
- Yatdan chykarma her gyshdan son bahar.. Gijeden son saher gelyandir. Bu gunlerem gecher gider. Ynsan yykylaram galaram. Esasy zat towa edyan. Yalnyshyna dushunyan.Yalnyshyna dushunip ozune erk etmegi basharsan onda sen kosenmersin. A egerde yalnyshyna dushunibem edyan ishin yalnyshlygyny bilibem gaytalamak ana ol ynsanyn in uly mahluklygydyr.
EdgarPo 10 years ago- Zyýanyň ýarsyndan dönmegem haýyr diýýär.
Esasy zat kemçiligiňe düşünmek.
Bir ýalňyşdan är ölmez.
Kemsiz gözel bolmaz.
Toba gapylary açyk diýýär, türkleň kinolarynda. Toba et, dostlaňňy tanap seç. Gazana ýanaşsaň garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň ýarasy ýokar.
Ýamandan daş boljak bol.
Özüni bilen weli diýýäler. Esasy zat kemçiligiňe düşünipsiň. Wyždanyň syzlaýar.
Nesip bolsa dogrulygy taparsyň!