Futbol boýunça Dünýä çempionatlaryna iň köp — 19 gezek gatnaşan we jemleýji oýna 7 gezek çykmagy başaran Braziliýanyň toparydyr. Dünýä çempionatlarynda iň köp duşuşyklary geçiren Braziliýanyň we Germaniýanyň ýygyndylarydyr. Olaryň hersi 92 gezek oýna çykypdyr. Dünýä çempionatynda iň köp 11 metrlik jerime urgusy bilen ýeniş gazanan Germaniýanyň toparydyr. Ol şeýle urgy arkaly 4 gezek ýeňiji bolandyr. Olaryň arasynda iň köp duşuşyklary geçiren toparlar Braziliýa hem Şwesiýadyr. Olar bir-biri bilen 7 gezek duşuşypdyrlar. Dünýä çempionatlaryna iň köp gatnaşan meksikaly Antonio Karbahal (1950-1966ý) we Lotar Mateus (1982-1998ý) bolup, olaryň hersi Dünýä çempionatlarynyň 5-sine gatnaşypdyr. Futbol meýdançasynda iň köp wagtlap bolmagy başaran oýunçy italiýaly Paolo Maldinidir. Ol Dünýä çempionatlaryndaky duşuşyklarda jemi 2217 minut çykyş edipdir. «Iň ýaş oýunçy» diýen at 2002-nji ýyldaky Dünýä çempionatyna saýlama tapgyrda Togo bilen Zambiýanyň arasyndaky duşuşyga gatnaşan togoly Suleýman Mamama berilýär. 01 şonda 13 ýaşynda eken. Iň uly ýaşly oýunçy ady kamerunly Rože Milla degişlidir. 01 1994-nji ýylda — 42 ýaşynda Kamerun bilen Russiýanyň arasyndaky duşuşyga gatnaşypdyr. Dünýä çempionatlarynyň taryhynda 100-nji pökgini italiýaly Anjelo Skýawio 1934-nji ýylyň 27-nji maýynda, 500-nji pökgini şotlandiýaly Bobbi Kollinze 1958-nji ýylyň 11-nji iýulynda, 1000-nji pökgini gollandiýaly Rob Rensenbrinke 1978-nji ýylyň 11-nji iýulynda, 2000-nji pökgini bolsa şwesiýaly Markus Albege 2006-njy ýylyň 20-nji iýulynda derwezä girizmegi başarypdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir