Angliýaly Maýkl Faradeý demirçiniň garyp maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň kakasynyň ogluny mekdebe yzygiderli iberip durmaga mümkinçilik bolmandyr. Ýöne kiçijik Maýkl birwagtlar öz deň-duş oglanlaryndan eşiden ähli zatlaryny ýadyndan çykarmandyr. Soňlygy bilen geljekki alym dostlaryndan alan kitaplaryny, aýratynam, ylmy edebiýaty ürç edip okapdyr. Özi hem ol okan edebiýatyna diňe bir aňry ýany bilen düşünmän, eýsem olar barada özüniň pikirini, gelen netijelerini beýan edipdir. Faradeý 21 ýaşyna baranda, şol wagtyň meşhur himigi Hemfri Dewiniň berýän leksiýalaryny diňläp başlapdyr. Maýkl leksiýany ýazyp alypdyr, soňra ýazgylary ylmy işläp taýýarlamalar görnüşine getiripdir we olary professora iberipdir. Ol Maýklyň bu işine şeýlebir haýran galypdyr welin, ony dessine öz ýanyna laborantyň kömekçisi edip işe çagyrypdyr. Ilkibaşda oňa bu iş ýaramandyr: sebäbi ol her hili çüýşe gaplary yuwupdyr, içerini arassalapdyr. Ol bu işleri çaltlyk bilen berjaý eder ekeni-de, ýene özbaşdak okamagy we synag işlerini geçirmäge başlapdyr. Şeýlelikde, ol ilkinji elektromotor ýasaýar, soňlygy bilen hem generator. Mekdebe-de doly gatnamadyk, soňra ýokary bilimem almadyk Maýkl Faradeý otuz üç ýaşynda Londonda Korollyk institutynyň professory bolýar.

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir