1884-nji ýylda çykarylan “De Dion Bouton Et Trepardoux” awtomobili häzirki wagtda dünýäde ýöräp duran iň köne awtoulag hasaplanylýar. Ŷaňy-ýakynda auksionlaryň birinde üç tigirli awtoulag 4 million 620 müň dollara satyldy. Köne ulag serişdesi üçin bu örän ýokary bahadyr. Bu awtomobiliň söwdasy “RM Auctions” söwda öýi tarapyndan guraldy. Auksiony guraýjylaryň deslapky hasaplamalaryna görä, bu köne awtomobil 2-2,5 million dollara satmak meýilleşdirilýärdi, ýöne bu täsin ulagy satyn almak üçin göz öňünde tutulandakysyndan iki esse köp tölemäge isleg bildiren alyjy tapyldy. Auksion öýi bu awtomobiliň bütin taryhynyň dowamynda onuň bäşinji eýesi bolan alyjynyň adyny aýtmakdan ýüz öwürdi. Amerikanyň auksionyna çykarylan bu haryt hakykatdan hem täsindir. “De Dion” 20 sany möçberinde çykarylan üç tigirli awtoulaglaryň häzire çenli saklanyp galan, 6-awtoulagyň biridir.
kitaphanachy 9 years ago- puly nirä sowjagyny bilenok adamlar