Şaýbaly hokkeýiň dörän ýeri hökmünde Kanadanyň Monreal şäheriniň ady agzalýanam bolsa, soňky ylmy barlaglar Kingston, Ontario, Uinsor ýaly şäherleriňem hokkeýiň dörän ýeri hökmünde ykrar edilmäge mynasypdygyny görkezýär. Ýöne olaryň haýsy biri dogry bolanynda-da, şaýbaly hokkeýiň watany Kanada hasaplanýar. 1875-nji ýylyň 3-nji martynda Monreal şäherindäki «Wiktoriýa» atly buzly meýdançada ilkinji gezek hokkeý oýny geçirilipdir. «Montreal Gazette» gazetinde ýazylan habara görä, şol oýun agaçdan ýasalan şaýba bilen oýnalyp, ilkinji gezek buzuň üstünde derweze goýlupdyr. Her toparda 9 adam meýdança çykyp, olar beýsbolçylaryň eşiginde oýnapdyrlar. 1886-njy ýylda hokkeýiň düzgünleri kämilleşdirilipdir. Şoňa layyklykda, oýunçylaryň sany 7-ä çenli azaldylypdyr. Şu ýerde hokkeýiň ilkinji düzgünlerini Monreal şäherindäki Makgilla uniwersitetiniň talyplarynyň düzendigini ýatlatmak hem ýerlikli bolsa gerek. Oýunçylary çalyşmak düzgüni bolmanson, hokkeýçiler oýnuň soňuna çenli halys tapdan düşüpdirler. Eger-de oýunçylaryň biri şikes alsa, diňe garşydaşyň razylygy bilen ifl soňky üçünji döwde ony başga biri bilen çalşyp bolýan ekea 1986-njy ýylda Kanadada ilkinji halkara duşuşygy geçirilip, şol oýunda ýer eýeleriniň we Angliýanyň ýygyndylary duşuşypdyrlar. Şondan 4 ýyl soň Kanadanyň Ontario şäherinde 4 toparyň gatnaşmagynda ilkinji hokkeý çempionaty geçirilipdir. Ilkinji ýapyk buzly meýdançany-da Ontarioda gurupdyrlar. Buzuň eremezligi üçin onufi üçeginde we diwarlarynda kiçijik yş goýupdyrlar. Ilkinji emeli buzly meýdança bolsa 1899-njy ýylda Monrealda ulanylmaga berlipdir. Şaýbaly hokkeý oýnamak üçin niýetlenilen meýdançanyň ininiň 24—30 metr, uzynlygynyň hem 51-61 metr aralygynda bolýandygy barada maglumat berilýär. Şaýbaly hokkeý diňe oýun wagtyny öz içine alýan hersi 20 minutlyk üç döwden ybarat bolýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir