Şwesiýanyň "Karolinska" uniwersitetiniň baş hünärmeni Zulen Ziratyň ýolbaşçylyk edýän toparynyň geçiren barlaglary netijesinde birnäçe minutlap ýerine ýetirilen sportuň agyr atletika görnüşiniň adamyň DNK-syna oňyn täsir edýändigi anyklanyldy. DNK-nyň himiki we gurluş taýdan üýtgeşmesiniň adam bedeniniň sarp edýän güýji bilen öwrenişmegine ýardam edýän genlere täsiriniň barlygy nygtalýar. Aýratynam, sport maşklary amal edilenden soňra DNK-da himiki maddalaryň metil toparynyň azalýandygy anyklanyldy. Žulen Ziratyň aýtmagyna görä, adam nämä öwrenişse, bedenindäki myşsalaram oňa uýgunlaşýar. 01, eger myşsalaryň herekete getirilmedik ýagdaýynda, onuň gowşaýandygyny, eger sport maşklary ýerine ýetirilip, işjeň bolan ýagdaýymyzda myşsalaryň gatap, adam bedeniniň berk bolýandygyny nygtaýar. Bilermen sport bilen meşgullanmagyň keseliň öňüni almagyň tebigy bejeriş usulydygyny hem-de has sagdyn DNK üçin wagtal-wagtal ýöremegiňem peý-dalydygyny mälim edýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir